Gündogar edebiýatynda özüniň ajaýyp döredijiligi bilen öçmejek yz galdyran beýik akyldarlaryň biri hem Magtymguly Pyragydyr. Beýik şahyryň şygryýet dünýäsinde türkmen halkynyň durmuşy öz aýdyň beýanyny tapypdyr. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary durmuşda dogry ýoly salgy berýän özboluşly ýol-ýörelgedir.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek bilen baglanyşykly Karara gol çekmegi hem türkmen halkynyň beýik akyldar şahyrynyň dünýä ýüzünde giňden wagyz edilmegine uly goşant bolar.
Şeýle hem, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde oňa gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli, 2024-nji ýyly “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýip yglan etmek hakynda türkmen tarapynyň öňe süren başlangyçlaryny biragyzdan goldamaklary beýik türkmen şahyry, meşhur söz ussadynyň belent ynsanperwer taglymlara ýugrulan döredijilik mirasynyň diňe bir türki dilli halklaryň däl, eýsem, bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak hazynasydygyny tassyklaýar.
Ata babalarymyzdan miras galan terbiýe, milli ýörelgeler bu günki gün nusgalyk mekdebe öwrüldi. Aýratyn hem özüniň akyl-paýhasa ýugrulan eserleri bilen dünýä edebiýatyna mynasyp goşant goşan beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň umumadamzat nesliniň öňünde bitiren hyzmaty örän uludyr. Magtymgulynyň keşbi mertligi, batyrlygy, mukaddes Watany, ene topragy wasp eden hyjuwly şahyr, ynsanperwerligi wagyz-nesihat ediji ynsan hökmünde halkyň hakydasyna siňipdir.
Magtymguly ilini-gününi jany teni bilen söýen şahyrdyr. Ol şygyrlarynda ähli güýji kuwwatyň, abraýyň iliňe-ýurduňa edýän hyzmatyňa, goýýan gadyr-gymmatyňa baglydygyny yzygiderli nygtaýar. Islendik meseläniň çözgüdine halkyň nukdaýnazaryndan garap, il-günüň bähbidini öňe sürýär. Hakyky adamkärçiligiň hut il-ýurt meselesi, oňa bolan yhlasyň, söýgüň bilen baglydygyny okyjynyň aňyna pugta ornaşdyrmaga çalyşan şahyryň şyrgyrlaryda hut şu mesele bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Magtymgulynyň watançylygy nusga alarlykly bolup, onuň galdyran edebi mirasy dury akabaly, tämiz gözbaşly çeşmedir. Ol Watany wasp eden hyjywly şahyr, başarjaň terbiýeçi hökmünde ýaş nesliň hem kalbynda uly orun aldy. Munuň özi beýik nusgawy şahyrymyzyň türkmen halkynyň öňünde bitiren hyzmatlarynyň örän uludygyny görkezýär.