Kalsiý bedende iň köp mineral bolup dişleriň we süňkleriň sagdynlygy üçin gönüden-göni jogapkärdir. Mundan başga-da ol birnäçe amallaryň işini sazlaýar. Iýmitleniş lukmany Rima Kanda: ,, Kalsiý nerw işiniň ýerine ýetirilmegine, myşsalaryň gysylmagyna, gan basyşynyň kadalaşmagyna we ganyň ýaýramagy üçin zerurdyr ” diýip nygtapdyr.
Bugdaý çöregi. Bir bölek çörekde 30 mg kalsiý bar. Çöregiň iki böleginden sendwiç ýasasaňyz peýdaly mineralyň 60 mg ( gündelik bahasynyň 4 göterimi ) alyp bilersiňiz.
Ysmanak. 500 gram ysmanakda takmynan 136 mg kalsiý bar. Ýöne mümkin boldugyndan 500 gramda takmynan 464 mg kalsiý bolan ýabany ysmanak iýmek maslahat berilýär.
Tofu. Bu soýanyň ornuny tutýan peýnirde 434 mg kalsiý ( gündelik bahanyň 34 göterimi ) bar. Peýnir kalsiýniň ajaýyp çeşmesidir. Permesan we Çeddar ýaly gaty peýnirlerde 30 gramynda takmynan 240 mg ( gündelik bahanyň 18 göterimi ) bar.
Süýt we süýt önümleri hem kalsiniň baý çeşmesi hasaplanýar. Bir stakan süýtde 300 mg kalsiý ( gündelik bahanyň 23 göterimi ) bar.
Gudrat Nowruzow,
Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Agroinženerçilik hünäriniň 1-nji ýyl talyby.