Magtymguly türkmen halkynyň milli şahyry, milli guwanjy, milli buýsanjy hasaplanýar.XVIII asyrdan bäri Magtymguly her bir türkmeniň öýünde, kalbynda, aňynda ýaşap gelýar. Türkmen diýlende, Magtymguly, Magtymguly diýlende, türkmen diýen söz biygtyýar ýadyňa düşýär.
Şahyryň döredijiliginde onuň ýaşan döwrüne degişli ähli ugurlarda bolup geçýän ýagdaýlara çeper sözüň üsti bilen parasatly baha berilýär. Esasan hem şahyryň döredijiliginde durmuşyň köp ugurlarynyň jemlenmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Muňa mysal edip şahyryň watançylyk, ahlaklylyk, öwüt-nesihat, mertlik-namartlyk, söýgi temasynda we başga-da durmuşy meselelere bagyşlanýan goşgy eserlerini aýtmak bolar. Magtymgulynyň goşgy eserleri her bir türkmeniň öý-ojaklarynda mukaddes kitap bolup saklanylýar. Adam gaýgyly, gam-gussaly bolan wagtynda şahyryň eserlerinden goşgy bentlerini okanda misli Pyragynyň hut özüniň onuň ýanynda öwüt-nesihat berip duran ýaly duýmak bolýar.

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň özboluşly aýratynlygynyň biri-de, çuňňur mana ýugrulan çeper goşgularynyň adamzada mahsus bolan gylyk-häsiýetleri özünde jemleýänligindedir. Hut şol sebäpli hem şahyryň şygyrlary dünýäniň halklarynda aýdyma öwrülip, meşhurlyga eýe boldy. Munuň özi şahyryň halkara derejesinde abraý-mertebesiniň artmagyna uly itergi berýän aňrybaş artykmaçlykdyr.
Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligini düýpli öwrenmek nesilleriň öňünde duran wajyp meseledir. Şahyryň edebi mirasynyň ylmy nukdaýnazardan öwrenilmegi üçin hormatly Prezidentimiz giň mümkinçilikler döredýär. Şonuň netijesinde, bu günki gün beýik söz ussadynyň edebi mirasy umumadamzat ahlak gymmatlyklarynyň — Watanymyzy we halkymyzy çäksiz söýmegiň, dostlugyň we wepalylygyň, ar-namysyň we belent mertebäniň senasy bolup ýaňlanýar.

Saparmyradowa Göwher

Magtymguly adyndaky Turkmen döwlet uniwersitetiniñ Daşary ýurt dilleri kafedrasynyñ mugallym-öwrenijisi