Miweli baglar bilen tozanlandyryjy mör-möjekler müňlerçe ýylyň dowamynda arabaglanyşykda ýaşaşyp gelýär. Şolaryň içinde bal berýän arylar möhüm orunda durýar. Güller reňkleriniň owadanlygy, açyklygy hem-de näzikligi bilen tapawutlanýar. Oba hojalygynyň ösdürilmegi, tozanlandyrylýan medeni ösümlikleriň meýdanynyň artdyrylmagy bal berýän arylaryň roluny ýokarlandyrdy. Adamlar olary aýry-aýry sebitlerde köpeldip başlady. Bal arylary miweli baglary tozanlandyrýan esasy jandara öwrüldi. Beýleki mör-möjekler zäherli himikatlaryň ulanylmagy bilen meýdanlardan ýok bolup gitdi. Eger balarylary ýer ýüzünden ýok bolaýsa ýüzlerçe müň gektarda meýdandan hiç hili hasyl alyp bolmazdy.
Nektar ýygnamak üçin ary her günde 10 gezek uçuş edýär, her uçuşda-da ýüzlerçe gülüň üstüne gonup, şire ýygnaýar. 100 gram bal ýygnamak üçin 1000 ary ir ertirden giç agşama çenli zämet çekýär. Indi bir ary maşgalasynyň birnäçe ýeri tozanlandyrýandygyny hasaplasak, onda dünýä arylarynyň bütin ýer ýüzüni gülzarlyga öwürýändigini göz öňüne getirse bolar.
Bal arylar oba hojalygynytň önümçiliginde, miweli baglary tozanlandyrmakda, tokaý hojalygynda we howany kadalaşdyrmakda möhüm rol oýnaýarlar. Şeýle-de bolsa häzirki wagtda ekinleriň hasyllygyna we iýmitlenişine gönüden-göni täsir edýän tozanlanmagyň peselmegi boýunça dünýäde tendesiýa bar. Bal arylary bäş möhüm fakt:
- Iýmitiň mukdaryny köpeldýärler. Bal arylary bilen tozanlandyrmagyň üsti bilen häzirki wagtda dünýäde 2 milliard daýhanlaryň azyk önümçiligi gowulanýar. Egerde şänikli miweli baglarda we beýleki gülli ösümliklerde bal arylary bilen tozanlandyrma işi dogry ýola goýulsa hasyl ortaça 24 göterim ýokarlanyp biler
- Iýmitiň hili ýokarlanýar. Miwe, gök önümler we tohumlar ýaly minerallara baý iýmitler tozanlanmanma netijesinde ösümlikde has köp toplanýar. Şänikli miweler balarylary bilen dogry tozanlandyrylanda has uly we birmeňzeş standart miweler emele geler. Bal arylary bilen ýörite tozanlandyrlan şänikli miweli baglarda miwäniň miwäniň hili we tagamy gowulanýar.
- Arylar we miweli baglara gülläp ösmegi üçin goldaw gurşawa mätäç. Şol esasdan hem balarylar bilen miweli baglar simbioz gatnaşygy alyp barýar diýsek hem bolar. Sebäbi balary miweli bagy tozanlandyrýar we ondaky nektary özüne iýmit hökmünde kabul edýär hem-de miweli bagyň hasyllygynyň ýokarlanmagyna, miwesiniň iri bolmagyna, hasylyň hilini ýokarlanmagyna öz täsirini ýetirýär.
- Iň aýylganç howplar. Balarylary üçin amatly ýaşaýyş ýerleriniň ýoklugy tozanlaryň yzygiderli azalmagyna sebäp bolýar. Monokulturalar, pestisidler we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýokary temperatura, ary ilaty we netijede miweli bagyň hili üçin kynçylyk döredýär. Eger-de bu tendensiýa dowam edip bu işleriň öňüňi alynsa miwli baglaryň we beýleki ösümlikleriň hasyllygynyň we hiliniň durnukly şekili saklanyp galar.
- Tozanlanmagy üpjün etmek üçin daýhanlar balarylary üçin amatly ýaşaýyş şertlerini döretmeli. Olara pestisidleriň mukdarynyň azalmagy ýa-da has zyýansyz görnüşlerniň ulanylmagy, balary maşgalasynyň öýjagazlarynyň gorap saklanylmagy we ekin meýdanlarynda balarylary özüne çekiji gülli ösümlikleriň ekilmegi öz içine alýar. Bu işleriň daýhanlar tarapyndan dogry ýola goýulmagy, olar kanagatlanarly netijeleri berýär.
Entomofil ösümlikleriň balary bilen tozanlandyrylmagynyň peýdalary dünýäde toplanan ähli balyň bahasyndan birnäçe esse köpdür. Sebäbi balarylary dünýäde müňlerçe ösümlikleri tozanlandyrýar. Şeýle hem tozanlandyrmak arkaly pagta hasylynyň 20-25 %, garpyzyň 30-60% miweli baglaryň 20-25 % ýokarlandyrýandygy alymlar kesgitlediler.
Balarylary bilen tozanlandyrmak şol bir görnüşdäki miweli baglaryň we beýleki ösümlikleriň ösýän emma topragyň iýmitlendirilişiniň, mikroklimatyň we topografiýanyň dürli şertlerinde uly massiwde geçirilende iň ýokary netijeleri berýär. Şol bir wagtyň özünde ary gülden-güle gaýta-gaýta uçýan mahaly, pistiliň stigmasyna düşýän köp sanly ösümlikden dürli hili polenleri geçirýär we bu ösümligiň talaplaryna laýyk gelýän polen gögerýär. Saýlawly tohumlandyrma şeýle bolýar. Netijede, bu ösümlikleriň miweleri we tohumlary has uly we ýokary hilli bolýar.
Ösümikleriň, miweli baglaryň arylar bilen kesişmeginiň bellenen artykmaçlyklary Ç.Darwin tarapyndan XIX asyryň ortalarynda beýan edilipdi. Arylaryň kesişmeginiň bu artykmaçlygy has ýokary hasyl berýän gibrid ösümlik görnüşlerini öndürmek üçin ulanylýar. Onuň işinde 150 töweregi oba hojalyk ekinleri arylar bilen tozanlandyrylmagyna mätäç bolup durýar diýip bellenilýär.
Bularyň içinde ykdysady gymmaty ýokary bolan garpyz, pagta, günebakar, gorçisa, zygyr, korandiar ekinler we senagat ekinleri girýär. Tozanlanmanyň täsiri bal ösümliginiň görnüşine,ondaky nektaryň mukdaryna, ekinleriň meýdanyna, ösümlikleriň gürlügine we ary kolonýalarynyň güýjüne baglydyr.
Şeýle hem balarylarynyň güllere gatnaşmagynyň howa şertlerine we gülleriň nektar bilen dolulylygyna täsir edýändigini ýatdan çykarmaly däldir. Güller tarapyndan bölünip çykýan nektaryň mukdary diňe bir howa we bal ösümliginiň görnüşine bagly bolman eýsem, ösümlikler we miweli baglary oba hojalygynda ösdürip ýetişdirmegiň hiline, ideg işlerine we topraga ulanylýan dökünleriň mukdaryna hem bagly bolup durýar.
Hudaýberdiýewa Aýgül
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 108-nji toparynyň talyby

RU












