«Orta asyrlar döwrüniň medreseleri, şübhesiz, Ýewropanyň ýokary okuw mekdeplerine täsir edipdirler. Häzirki zaman Ýewropa ýurtlarynyň uniwersitetlerinden medreselere has golaýy Angliýanyň kollejleridir. Ýöne, musulman okuw mekdebiniň we onuň ýewropa ylmyna eden täsiri baradaky mesele henize çenli öwrenilmändir» diýip, W. W. Bartold mundan ylaýyk bir asyr öň belläpdir. Şol geçen döwürden bäri bu meseläni öwrenmek boýunça heniz hem ujyply iş edilmändir.
Medrese sözi «okuw okadylýan ýer» diýmek bolup, ol darasa –– «öwrenmek» işliginden gelip çykypdyr. Medrese atly okuw mekdebiniň ilkinji ýüze çykan ýeri Orta Aziýanyň günorta-gündogarydygyny bellemek örän möhümdir. Ol bu ýerde buddizm dininiň wihara atly ybadathanasynyň täsiri astynda peýda bolupdyr. Nerşahiniň (X asyr) «Buharanyň taryhy» atly eserinde ilkinji medrese ýatlanyp geçilýär. Ol 937-nji ýylda Buharada bolan uly ýangynda zyýan çeken Faradjek atly adamyň medresesi bolupdyr. Bu sebitde medreseleriň sany X asyryň ahyrynda we XI asyryň başynda köpelipdir.
Ynamdar awtorlar Abu Nasr Muhammet al Utbiniň (961–1022 ý.) we Abul Fazl Beýhakiniň (996–1077 ý.) berýän anyk maglumatlaryna laýyklykda XI asyryň 20-nji ýyllarynda Gaznewi döwletiniň diňe Hutalýan welaýatynda (häzirki Täçigistanyň çäklerinde) 20 sany medrese işläpdir. Soňky onýyllyklaryň dowamynda olaryň sany artypdyr. Soltan Mahmyt Gaznalynyň permanyna laýyklykda döwlet tarapyndan gurlan ilkinji medrese 1018-nji ýyla degişlidir. Ol ony Gazna şäherinde bina etdiripdir. Al Utbiniň berýän maglumatyna görä, bu medresäniň binasy ýerden petige çenli öň ýaşap geçen ymamlaryň (meşhur alymlaryň) eserleri bilen doldurylypdyr. Bu eserleri ol Yragyň welaýatlarynyň kitaphanalarynyň hazynahanalaryndan olja hökmünde alyp, öz paýtagtyna getiripdir. Soltan Mahmydyň dogany Horasanyň dikmesi yslam dininiň hanafy mezhebiniň janköýeri, Nasr ibn Sebuktegin Nişapurda öz medresesini gurdurypdyr. Ol döwrüniň ajaýyp okuw mekdepleriniň biri bolupdyr.
Medreseleri we olaryň ýanlarynda kitaphanalary gurmak däbi Beýik Seljuklar zamanynda has hem rowaç alypdyr. Seljuk soltanlarynyň hut özleri bu işde görelde görkezipdirler. Medreseleriň we kitaphanalaryň giň ulgamy Seljuk imperiýasynyň uly şäherleriniň ählisinde işläpdir. Seljuklar döwründe medrese atly okuw mekdebi Ýakyn Gündogar ýurtlaryna we Demirgazyk Afrika çenli ýaýradylypdyr. Beýik Seljuk döwletiniň dowamaty hökmünde XI asyryň ahyrynda Demirgazyk Türkmenistanda ýüze çykan we mongol çozuşlaryna çenli bir ýarym asyra golaý wagt dowam eden dünýä derejesindäki ikinji türkmen imperiýasy Beýik Anuşteginleriň döwletinde hem bu medeni ojaklar giň gerim alypdyr. Ýokary derejede bilim berýän orta asyrlar döwrüniň medreselerinden dünýä belli beýik alymlar orta çykypdyrlar. Olar medreseleriň gapdalyndaky kitaphanalarda saklanýan baý hazynalardan peýdalanyp, özleriniň ölmez-ýitmez eserlerini döredip, soňky nesillere miras goýup gidipdirler.

Laçyn SABYROWA,

Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniñ 1-nji ýyl talyby.