Halkymyzda «Dil bilmek — baýlyk», «Dil bilen dünýäni biler» ýaly parasatly sözler bar. Şolardan çen tutanyňda hem ata-babalarymyzyň dil öwrenmeklige uly ähmiýet berendiklerini görmek bolýar.
Ýurdumyzda sanly bilim ulgamynyň ornaşdyrylmagy, ýaşlarymyza döwrebap bilim-terbiýe berilmegi babatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlarynyň dil öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär.Dil öwretmeklik çagalar baglaryndan başlap, orta mekdeplerde, bilim merkezlerinde, ýokary okuw jaýlarynda ýörite maksatnamalara laýyklykda alnyp barylýar. Iňlis, rus, nemes, fransuz, arap, pars, hytaý, ýapon, italýan, ispan dilleriniň hem öwredilmegi ýurdumyzyň ýaşlarynyň daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höweslerini has hem artdyrýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz dünýäniň 150-ä golaý döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barýar. 40-dan gowrak döwletde ýurdumyzyň diplomatik wekilhanalary hereket edýär. BMG, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar özleriniň sebit merkezlerini ýurdumyzda açyp, bilelikdäki işleri alyp barýarlar. At-abraýy halkara giňişlikde belentliklere göterilýän ata Watanymyzyň dünýä döwletleri bilen ykdysady, medeni, söwda gatnaşyklary ýola goýmagynda, parahatçylyk, dost-doganlyk hyzmatdaşlygy dowam etdirmeginde daşary ýurt dillerini kämil bilýän, bilimli, zehinli türkmen ýaşlarynyň mynasyp goşantlary bardyr. Iň guwandyrýan ýeri hem: ýurdumyzda ýaşlaryň dil öwrenmekleri üçin döredilip berilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, Watanymyzyň we daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan ýaşlarymyzyň sany barha artýar. Dünýäniň ösen ýurtlarynyň dillerinde suwara gürlemegi başarýan, halkara derejede geçirilýän duşuşyklara gatnaşyp, dürli dillerde çykyş edýän ýaşlarymyzy göreniňde göwün guşuň ganatlanýar.
GAPBAROWA Selbiniýaz
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ magistranty