«Adatça, beýik şahsyýetler öz halkynyň ykbalyny öňünden görýär. Halky bilen bagry badaşan akyldarlar il-ýurdunyň täleýini ýüzlerçe ýyl öňünden ýorup bilmäge ukyply bolýar Magtymguly Pyragynyň türkmen ilini birleşmäge, bitewi döwlet bolup, agzybir ýaşamaga çagyrýan ündewleri bu gün aýratyn ähmiýetli, örän gymmatly çagyryş bolup ýaňlanýar. »

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow.

Gündogar edebiýatynda özüniň ajaýyp döredijiligi bilen öçmejek yz galdyran beýik akyldarlaryň biri hem Türkmeniň beýik akyldary,şygyr sungatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragydyr. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary durmuşda dogry ýoly salgy berýän özboluşly ýol ýörelgedir.Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr. Magtymgulynyň şygryýet älemi – türkmen edebiýatynyň buldurap akýan, çuňňur mana we çeper söze teşne kalplary gandyrýan çeşmesi.

Magtymguly Pyragynyň jöwher paýhasyna siňdiren şygyrlarynda ynsanperwerlige uly üns beripdir. Akyldar beden sagdynlygyny, güýçlüligi mert ýigidiň zerur sypatlarynyň biri hasaplap, öz döwrüniň mert, batyr ýigitlerini wasp edipdir. Magtymguly Pyragy durmuşyň agyr pursatlarynda ejizlemän, oňa mertlik bilen döz gelmelidigini, göreşmelidigini ündeýär. Şahyryň dünýä hakyndaky oýlanmalary ähli çuňlugy we danalygy bilen döredejiligine siňipdir. Ol öz ykbalyny bagyş eden işinde belent derejelere ýetip, öz döwrüniň ussat şahyry hökmünde halkyň söýgüsini gazanypdyr. Watan söýüjilik temasy beýik şahyryň eserleriniň içinden eriş argaç bolup geçýär. Magtymgulynyň «Türkmeniň», «Gürgeniň», «Gökleň», «Türkmen binasy», «Ili göz­lär», «Bilinmez» ýaly ençeme goşgulary onuň watan söýüjiliginiň belent mertebesini görkezýär.

-Dana şahyrymyzyň:

Köňüller, ýürekler, bir bolup başlar,

Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,

Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,

Göteriler ol ykbaly türkmeniň.

-diýip, berkarar döwlet gurmak, halkymyzyň agzybir, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy hakynda eden arzuwlary döwletimiziň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen doly hasyl boldy. Beýik Pyragynyň arzuwlan Berkarar Türkmen döwleti öz häzirki Bagtyýarlyk döwründe ösüşleriň ak ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Bir döwlete, bir ojaga gulluk edýän türkmen halkynyň ruhy dünýäsine Magtymguly atamyz şamçyrag bolup şugla saçýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda beýik şahyryň ömrüni we döredijiligini öwrenmek boýunça uly işler alnyp barylýar.

ANNAMÄMMEDOWA Maýsa
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 123-nji toparynyň talyby