Käbir derýalar wagtyň geçmegi bilen joşmagy ýa-da adamlaryň emeli usulda amala aşyrylýan hereketleri netijesinde öz akýan ugurlaryny, hanalaryny üýtgedipdirler. Ýöne Murgap derýasy indi ençeme müň ýyl bäri Owganystanyň gadymy Garçystan (häzirki Gur) welaýatyndaky beýik daglardan gözbaş alyp, şol bir ugur boýunça akýar. Onuň uzynlygy 978 kilometr bolup, suw howdanynyň umumy meýdany 46,9 müň km2 deňdir. Bu derýa, esasan, gar erginlerinden emele gelýän suwlardan ybaratdyr. Derýanyň gözbaşyndan 486 kilometr daşlykda ýerleşen Tagtabazar şäherçesinde suwuň ortaça sarp edilmegi 52 m3/sek barabardyr.
Murgap derýasy Türkmenistanyň Mary welaýatynyň boz topragynyň teşneligini gandyrýar, halkyň agyz suwy bolup hyzmat edýär. Nurmuhammet Andalybyň “Oguznam” eserinde beýan edilişine görä, Murgap derýasynyň emele gelýän mekany bolan Garçystan oguzlaryň halaç taýpasynyň bir böleginiň gadym zamanlardan köpçülikleýin ýaşaýan ýeri bolupdyr.
Şundan görnüşi ýaly, Murgap derýasy 4-5 müňýyllyk taryhy bolan gadymy Merw şäheri emele gelmänkä hem ol sebite akýan ekeni. Uly şäherler hemişe suwuň bol ýerinde esaslandyrylýar. Murgap derýasy hem Merw şäheriniň ilaty üçin ýeke-täk agyz suwy hem-de ekerançylyk ulgamy bolupdyr.
Taryhçylaryň beýan etmeklerine görä, gadymy Merw şäheriniň içinde we töwereginde Murgap derýasyndan gözbaş alýan emeli suw akymlary-kanallar ýeterlik bolupdyr. Elbetde, Murgap derýasynyň hanasynda birnäçe kanal çekilse, onda ol suwuň hemme kanallarda deň akmajagy görnüp duran zat. Hut şonuň üçin hem, arheologlaryň gelen netijesine görä, mundan 3 müň ýyl töweregi ozal ata-babalarymyz Murgap derýasynyň ugrunda äpet bentleri gurup, ol howdanlarda derýanyň suwuny jemläpdirler.