Magtymguly Pyragy ýaňy bolan “ Pahim- paýhas ummany-Magtygmuly Pyragy” ýylynda diňe bir ýurdumyzda däl-de eýsem, dünýäniň çar künjünde Magtymgulynyň döredijiligi bilen gyzyklanýan edebiýatçylaryň ünsüni özüne çekýär. Bu ýyl, “Pähim- paýhas ummany, Magtymguly Pyragy” ýylynda hakykatdan hem Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda Magtygmuly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileý- dabarasy uludan bellenilip geçiljek. Şeýle pursatlarda öz kalbyňdan buýsanýan türkmen şahyry hakda söz aýtmazlyk, onuň döredijiliginden ylham almazlyk mümkin däl.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilim ulgamynda, edebiýatda we beýik mirasymyz bolan milli mirasymyzda iň sarpaly ýerde bolmagy türkmen halkynyň başyny göge ýetirýär.

Hak tagalla halat beren
Magtymguly dana dälmi?
Geçmişi, geljegi gören,
Magtymguly dana dälmi?

Oglan wagty ýitip giden
Dag- deräni söküp giden,
Gök ýüzünde akyp giden,
Magtymguly dana dälmi?

Beýiklik ýüregne guýlan,
Hak sylamyş baky diýlen,
Syrly dünýäden aýlanan,
Magtymguly dana dälmi?

Gözün açyp huşa dolan,
Görjegini şonda gören,
Köpük saçyp, porhan bolan,
Magtymguly dana dälmi?

Dünýäge akyl ýetirgen,
Göklerde tagtda oturgan,
Türkmeni Arşa götergen,
Magtymguly dana dälmi?
Çünki biziň beýik Magtymguly Pyragymyzyň döredijiligi Gahryman Arkadagymyzyň hem ýiti paýhasynda gönezlik bolup gaýnaýar. Magtymguly Pyragynyň ilkinji halypasy Döwletmämmet Azady bolsa- da ol oba medresesini tamamlanyndan soň Buharadaky Gögeldaş medresesine okuwa gidýär. Bu ýerde ylym öwrenmek hem-de dünýäniň çar künjünden gelýän beýik tasauufçylar bilen tanyşmak onuň ruhy açarlarynda ýer alýar.
Biziň milli şahyrymyz hem, dünýä türkmenleriniň özboluşly milli aýdymyna öwrülen “Türkmeniň” atly goşgysynyň iň soňky hem aýgytlaýjy setirini: “Sözlär Magtymguly dili Türkmeniň” diỳip gutarýar. Bu şygyry nijeme bagşylar aýdym edip aýdýar, nijeme sazandalar bu şygra saz ýazdy, munuň özi bolsa ýurdumyzda sungat ugrundan Magtymgula goýulýan sarpany nyşanlandyrýar.
Magtymguly Pyragynyň bilime goýýan sarpasy belentdir. Onuň Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly , ýaşlarymyza görelde bolarlyk Milli edebiýatymyzy beýgetmesi hem hut şu jahtdendir diýip bileris. Biz ýaşlar, Gahryman Arkadgymyzyň ýörelgesi bilen Magtymguly Pyragy ýaly beýik şahsyýetleriň ýol görkezijiligini baýdak edinip, gije- gündiz okap, ýurdumyzda abraýly şahsyýetler bolamk üçin ylymly dünýäniň ýaşlary bolmak üçin bu günki gün borçlydyrys. Jeýhun bilen Bahry- Hazar arasynyň gül-gunçasyny gara gözünüň garasy ýaly görýän, gyz-gelinlerini perilere meňzedýän, gyýa bakyp lagla dönýän däli silli daglaryny we şol daglaryň gaýalary bilen bäsleşýän galkan döşli ýigitlerini jany- teni we ýüregi bilen söýýän, hydyr gören gözel Türkmen Watanynyň diňe Türkmen Dili ýaşasa ýaşap biljekdiginiň iň aýdyň beýany hem-de bize galdyryp giden iň mukaddes sargydydyr.Magtygmuly Pyragynyň döredijiligi öwrenileninde ýüze çykýan pikirleriň şahyryň gündogar edebiýatyny öňe baýdak edinip tutunmasy bieln dabaralanýandygyny göz öňüne getirmelidiris we bu biziň- nesilleriň beýik şahsyýetiň öňündäki borjydyr.
Elbetde türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan gadymy gymmatlyklarymyz bizi hemişe buýsandyrýar. Türkmen dutarynyň şirin heňlerinde şygyrlary ereýän beýik Pyragynyň türkmen halkynyň Garaşsyzlygyny hemişe arzuw edip ýaşandygyny bilýäris.
Şahyr ýüregi halkyna daýanyp, onuň beýik ruhunda emele gelen beýik bir sütünden ruhlanyp, elbetde zamananyň tanymal şahsyýeti bolandygy hemmämiz üçin aýandyr.
Magtymgulynyň diliniň döremegi üçin ilki türkmeniň dili özbaşdaklygyny alyp, soňra heňňamyň sesine sesini goşan şahyryň diliniň döremeginiň gerekdigi beýik pelsepä gulluk edýän hakykat bolmagy öz döwründe hem aýandy.
Elbetde adamzat öz diliniň gözelligini hem- de onuň medeniýetiniň derejesi bilen halkynyň mertebesini saklaýar. Biz mydama şeýle bir hakykatyň bardygyna göz ýetirmelidiris. Dil her bir halkyň öz egin- eşigidir. Türkmen milletiniň beýik ogly Magtymguly Pyragy hem dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna türkmeniň medeniýetiniň we edebiýatynyň goşulmagy üçin beýik sütün goýup giden şahsyýetdir.
Beýik türkmen şahsyýetiniň döredijiligi biziň üçin hemişde- de ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär.

Halyk Ýazyýew

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli Konserwotoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet Ýörüte Sazçylyk Mekdebiniň Türkmen M milli saz gurallar bölüminiň 2-nji ýyl talyby