Olara ýer üstüniň geň pursatlary, seýrek tebigy hadysalaryň tutýan ýerleri, dürli keşpdäki täsin tebigy kompleksleri girýärler.

Tebigy ýadygärlikleriň gelip çykyşy boýunça emeli ýol bilen, ýagny adam tarapyndan döredilenleri hem bar. Olara mineral we termal suwlaruň akýan skwažnalary, gadymy adamlaryň köwek gowaklary, taryhy seneleriň ýa-da tanymal maksatlaryň hormatyna oturdylan agaçlar we beýleki aýratyn goralmaga mynasyp obýektler girýär.

1940-njy ýyllardan başlap “Ýedi dogan, Köwata” 1960-njy ýyllardan “Pöwrize jülgesi” tebigy park, 1987-nji ýylda Garaýazçy (Bäherden) hoz we çarlykdaky pisse agaçlary tebigy ýadygärlikler hökmünde aýratyn gorag astyna alyndy. 1990-njy ýylda ýene-de 8 sany tebigy ýadygärlik gorag astyna alyndy. Esasan hem dinozawrlaryň aýak yzlary, ýabany düýeleriň, guşlaryň aýak yzlary bolup durýar.

Ülkämizdäki  landşaft tebigy ýadygärlikleri:

1) Gowurdak 6 sany köwek (1966)

2) Gara ýalçy 20 köwek (1987)

3) Çarlyk

4) Dinozawrlaryň aýak yzlary (1990)

5) Düýeleriň daban yzlary, Günbatar Köpetdag (1940)

6) Titiki geologiki keseller, Kelete (1990)

7) Köwata gowagy

8) Pöwrize jülgesi we Akdere

9) Gyzyl Çeşme jülgesi, Günbatar Köpetdag

10) Ezetdag we Monjukly, Günbatar Köpetdag

Seýitgulyýewa Maýa
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 104-nji toparynyň talyby