Fransiýa gadymdan bäri dünýäniň syýahatçylarynyň baryp görmegi arzuw edýän ýurtlarynyň biri hasaplanýar. Onuň paýtagty Pariž bolsa arzuwdyr. Pariž –– bu sungat, ajaýyp başdan geçirmeler bilen iýmitlenen üýtgeşik gurşawdyr. “Pariž –– bu hemişe seniň bilen bolýan baýramçylyk” diýip, Ernest Hemingueý aýdyp geçýär. Pariž sungatyň, sowat öwrenmegiň merkezidir we ol öz ähmiýetliligini dowam etdirýär.

Bu günki gün Pariž şäherini görnükli Eýfel binasyz göz öňüne getirmek mümkin däldir. Özüniň binagäri Gustaw Eýfeliň hormatyna ady dakylan bu ýadygärlik, häzirki wagtda Parižiň iň görnükli binagärçilik ýadygärlikleriniň biridir. Adamlaryň iň köp gelip görýän ýeri bolan Eýfel binasyny 2006-njy ýylda 6719200 adam, 1889-njy ýylda dabaraly ýagdaýda açylandan bäri bolsa, 200 milliondan hem gowrak adam görmäge barypdyr.

Wagtyň geçmegi bilen Parižiň nyşanyna öwrülen Eýfel diňi 1889-njy ýylda gurulýar. Başda wagtlaýyn bina hasap edilen bu bina 1889-njy ýyldaky Pariž Bütindünýä sergisiniň girelge arkasy bolup hyzmat edipdir. Bina bada-bat haýran galdyryjy üstünlik gazanýar. Serginiň dowam eden 6 aý döwründe ajaýyp binany görmek üçin, iki milliondan gowrak adam Pariže gelýär.

Eýfel diňiniň gurluşygynyň jemi büjeti 7,8 mln frank bolýar. Binanyň gurluşyk işlerini iki ýyl, iki aý, bäş günüň (1887-nji ýylyň 28-nji ýanwaryndan 1889-njy ýylyň 31-nji martyna çenli) dowamynda 300 sany işçiler ýerine ýetiripdir. Binanyň beýikligi 324 metre ýetýär. Eýfel diňi şol wagt dünýädäki iň beýik bina bolup, ol bu ady tä 1929-njy ýyla çenli, Nýu-Ýorkdaky Empar Steýt Bylding binasynyň gurluşygy tamamlanýança göterýär

Gustaw Eýfel bilen ilkinji şertnama bina edileninden 25 ýyl soňra binany söküp aýyrmak barada baglaşylýar. 20 ýyldan soňra Eýfel diňiniň depesine oturdylan radioantennalar ony sökülip aýrylamgyndan goraýar. Binanyň gurulan döwründen bäri ençeme gezek onuň reňki üýtgedilýär, sary reňkden gyzyl, goňur reňklere boýalýar. Soňky ýyllaryň dowamynda Eýfel binasy resmi taýdan patentlenen goňur reňke boýalýar. Binanyň demirgazyk tarapdaky aýagynda ýönekeý ýazgy –– “Eýfel 1832-1923” ýazylan Gustaw Eýfeliň gyzyl çaýylan heýkeli ýerleşýär. Pariž şäheriniň nyşanyna öwrülen Eýfel binasy häzirki döwürde hem dünýäniň dürli döwletlerinden gelýän syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär.

Enejan Ýoldaşowa

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Kerki etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.