Abu Ali Hüseýin ibn Abdylla ibn Aly ibn Hasan ibn Sina, Günbatarda Awisenna – filosoflaryň şasy, Gündogarda Abu Aly Ibn Sina –bolsa, ol Aş – Şeýh – Reýis ady bilen arap dünýäsinde uly meşhurlyga eýedir. Bu beýik adam, orta asyrlaryňbeýik alymy, akyldary baradaköp sanly rowaýatlar bar.

Abu Aly al-Hüseýin ibn Abdulla ibn al Hasan ibn Aly ibn Sina Merkezi Aziýaly beýik alym-ensiklopediýaçydyr. Ol 980-nji ýylyň 16-njy awgustynda Buharanyň ýakynynda ýerleşýän uly bolmadyk Afşana obasynda (Özbegistan respublikasynyň häzirki Buhara welaýaty) eneden dogulýar.

Muhammet Musa al-Horezmi, Abu Reýhan Biruny ýaly alymlardan tapawutlylykda Abu Ali ibn Sina gysga bolsa-da, özüniň terjimehalyny galdyryp gidipdir. Ol “Ömür ýazgysy” diýen at bilen taryha girpdir. Akyldaryň ylmy mirasyny öwrenýän , onuň aýry-aýry eseri hakynda pikir ýöredýän her bir adam “Ömür ýazgysyna” seretmeli bolýar. Alymlaryň köp sanlysy traktatyň mazmunyny berse, käbirleri öz kitaplarynda berse, käbirleri öz kitaplarynda terjimesine doly berýärler.

Ol Günbatarda Awisenna ady bilen meşhur boldy. Ibn Sina diňe atly tebip bolman, eýsem görnükli filosofdyr. Ony türkmen  halky “Lukman hekim” ady bilen  tanaýar. Ibn Sina astranomiýa, geologiýa, matematika mehanika, fizika ýaly barça ylymlarda uly yz galdyrypdyrypdyr.

Ibn Sinanyň Köneürgençde hem Nusaýda ýaşap, birgiden ylmy eserleri döredendigi, nähoşlary bejerendigi hakda maglumatlar bar.

Salyh  KURBANGELDIÝEW.

Türkmen Döwlet maliýe institutynyñ 4-nji ýyl talyby.