Albert Eýnşteýn “30 ýaşyna çenli ylma sowutly goşant etmedik adam ondan soňra-da “gala almasa gerek” diýýär. Şeýle-de bolsa  adam 40 ýaşyndan soňra kes-kelläm uly açyş etmez diýmek dogry däldir. Bu diňe ylmy açyşlaryň agramly böleginiň alymlaryň ýaşlyk ýyllarynda açandyklaryny aňladýar.

Belki Eýnşteýn bu sözleri aýdanynda özüni göz öňüne getiren bolmagy-da gaty mümkin. Alymyň özi heniz 26 ýaşynda wagty  ýörite görälik teoriýasyny döredýär we fotoeffekt hadysasyny düşündirýär. Munuň üçin ol “Nobel” baýragyna eýe bolýar. Alym öz adyny adamzat taryhynda ölmez-ýitmez derejä ýetiren umumy görälik teoriýasyny bolsa  36 ýaşynda esaslandyrýar.

“Nobel” baýragynyň eýesi, italýan radiotehnigi we telekeçisi Gulelmo Markoni 21 ýaşyndaka “simsiz telegrafy” oýlap tapýar. Eýýäm 22 ýaşynda bu açyşyna tassyknama alyp, “Markoni K” atly läheň paýdarlar jemgyýetini esaslandyrýar.

Meşhur iňlis fizigi we matematigii Isak Nýuton  bütindünýä dartylma kanuny heniz 25 ýaşyny hem doldurmanka açýar.

“Nobel” baýragynyň eýesi beýik nemes fizigi Werner Geýzenberg ylymda kwant mehanikasynyň düýbüni goýan mahaly 23 ýaşynda eken.

Kwant mehanikasyny esaslandyranlaryň ýene-de biri Pol Dirak 25 ýaşynda eden ylmy işi üçin 31 ýaşynda “Nobel” baýragyny alypdyr.

Iňlis matematigi we kriptografy Alan Týuring 25 ýaşynda kompýuteri döretmegiň esaslaryny düşündirip bilipdir.

Dünýä belli oýlap tapyjy we telekeçi Tomas Edison ilkinji açyşy bolan telograf jogapberijisini oýlap tapan wagty 12 ýaşynda eken. Galyberse-de Edison oýlap tapyşlar boýunça iň köp tassyknamanyň eýesidir.

Belorus fizigi Žores Alfeerow “Nobel” baýragyny almagyna sebäp bolan beýik açyşyny eden wagty 31 ýaşynda eken.

Bekeýew Kerim
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 122-nji toparynyň talyby