Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hakda aýratyn oýlanmak, ol hakda hakykatdan hem tutuş bir nesil bolup, hat-da birnäçe arakama arka gelýän alymlar nesli bolup öwrenmek hem azlyk etse gerek. Çünki öz şahyrana dünýäsi bilen döredijiligi hem – de onuň özboluşlylygy bilen halk hakydasynda baky ýaşaýan şahyr bu gün dogrudan hem giňişleýin öwrenilmäge, döredijiligi hakda has täze sözleriň, pikirleriň aýdylmagyna mynasypdyr. Magtymguly Pyragynyň dil aýratynlygynyň gözelligi we onuň düregeýligi barada dünýä alymlarynyň aýdanlaryny we olaryň içki syzgysynda sözleri şelaýyn galyba salmak, onuň akyl- düşünjesindäki sungat eseriniň şekile gelmegindäki ussatlygyny diňe türkmen diliniň baýlygy bilen amala aşyryp bolar. Beýik Pyragy hakynda düýpli gürrüňleri biziň alymlarymyz hemişe-de aýdypdy, ol eýýäm birnäçe asyrlar bäri öwrenilip gelinýän temalar. Şahyr ýüregi halkyna daýanyp, onuň beýik ruhunda emele gelen beýik bir sütünden ruhlanyp, elbetde zamananyň tanymal şahsyýeti bolandygy hemmämiz üçin aýandyr. Türkmen milletiniň beýik ogly Magtymguly Pyragy hem dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna türkmeniň medeniýetiniň we edebiýatynyň goşulmagy üçin beýik sütün goýup giden şahsyýetdir. Magtymguly Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda türkmen halkynyň beýik akyldar ogly, söz ussady Magtymguly Pyragynyň mertebesi, şan-şöhraty, abraýy diňe bir halkymyzyň arasynda sarpalanman, eýsem dünýä halklarynyň arasynda hem onuň mertebesi, at-abraýy has-da belentde tutulýar. Akyldaryň umumyadamzat gymmatlygyna öwrülen pikir- garaýyşlary, durmuş zerurlyklaryny beýan edýän köpugurly pelsepewi taglymatlary şu günki kämil jemgyýetimiziň akyl hem – de ruhy goldawy bolup hyzmat edýär. Beýik şahsyýetiň çeper söz arkaly aňladýan pikirleri, garaýyşlary we gymmatly öwütdir – ündewleri edebiýaty öwrenijileriň ünsüni öňden bäri özüne çekip gelýär. Emma onuň milli ruhy entek – entek öwrenilmelidir. Pyragynyñ özi hem “Magtymguly sözüm gysga şerhi köp”- diýmek Magtymgulynyň baý dilini öwrenmek hem – de onuň pikirlerini belli bir galyba salmakdaky ussatlygy hakda gürrüň açmak” – diýip düşünýäris. Häzirki döwürde ýurdumyzda geçirilýän halkara konferensiýalardyr, baýramçylyga taýýarlyklar ýakynda paýtagtymyzda geçiriljek ajaýyp dabaralara utgaşyp gidýär. Magtymguly Pyragynyň toý- dabarasynda hem beýik şahyryň gözel heýkeli Köpetdagyň eteginden gözel şaherimize syn edýär. Bu bolsa, gelejege rowan,ösüşler mekany Türkmen paýtagyna bolan söýgüsi kibi görünýär. Akyl eýesi Nusgawy edebiýatymyzyň beýik wekilleriniň biri bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi häzirki günümize çenli hem öwrenilip gelindi we ýene-de asyrlar dowamy öwreniljek ägirt ussat. Magtymguly Pyragynyň çeper pikirlenmesine düýpli aýratynlyklar bilen bir hatarda onuň bütin dünýä ähmiýetli halklaryň gatnaşyklary, parahat asuda durmuşda, agzybir, bir supranyň başyna jem bolup ýaşamaklary ugrunda eden arzuw- niýetleri, onuň döredijiliginde baş pikir bolup janlanýar. Ruhy gymmatlyklary umumylaşdyrmak, baýlaşdyrmak, halky birleşdiriji güýje öwürmek akyldaryň döreden şygyrlarynyň esasy pikiri bolmagynda galýarAgzybirlik, birleşmek, bitewi döwlet gurmak pikirini Magtymguly Pyragy umumy görnüşde dürli deňeşdirmeleriň ýa-da meňzetmeleriň üsti bilen diňleýjiniň aňyna, kalbyna ussatlyk bilen ýetiripdir. Geçmiş nusgawy edebiýatymyza, onuň örän uly hazynasyna ser salmazdan öňürti, Magtymguly Pyragysy bilen dünýäniň ýüzünde tanalýan türkmeniň ykbaly göterilip, bu gün hormatly Prezidentimiz tarapyndan belent ösüşleri bilen dünýäde meşhurlyk gazanýar we onuň şygyrlary birnäçe dillere terjime etdirildi. Magtymgulynyň döredijiliginde medeniýetiň, diliň hem- de nusgawy hazynasynyň hakydalara basýan möhri Magtymgulynyň şygyrlarynda has edaly, ol hakda has syrly, setirleriň , jümleleriň içinde has bir gelşikli hakyda bolup galýar.Nusgawy edebiýatyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň köptaraplylygy onuň dürli ylymlardan habardan bolandygy üçindir belki? Bu barada çaklama aýtmazdan öňürti hat-da beýik Pyragynyň hem şygryýetiň gizlin syrlaryny gözländigini hat-da käte tapsa, käte tapmadygyny aňladýan pikirler onuň döredijiligi bilen içgin gyzyklananyňda ýüze çykýar.Magtymguly Pyragynyň metr ölçeg biriligi bilen hasaplamasy esasynda onuň agaç diýip alýan ölçeg birlikleriniň birnäçe metri ýerine ýetirýän ölçeg bilrikdigi öwrenilendigi eýýämden mälimdir. Şahyr dünýäniň ýüzünde gören- eşidenlerini, bilenlerini, özüniň öwrenen astronomik hem- de geografiýa ylymlaryndan hem- de geometriýa ylymlaryndan gözbaş alýandygyny subut edýär.Magtymgulynyň döredijiligi diňe bir şygryýet ýa- da edebiýat däl-de eýsem, ýaradylyşyň başlangyjyndan tä ahyryna çenli ähli barlygy, onuň hereketleri, aýlanyp, dolanyp, dönüp durşy hem- de ol hereketleriň içinde adamyň bir kiçijik nokatlygy. Adam bu älem barlygynyň içinde diňe bir kiçijik nokat. Ol barlygy iňňäniň gözünden geçirip, onuň göwresiniň ululygyny göz öňüne tutmak däl- de ol göwredäki jany göz öňüne tutmak has wajyp. Köňül yşygynyň ýanynda beýleki barlyklaryň hiç bir güýjüniň ýoklugy, köňül bolmasa, başga zatlardan asla dirilik gözlemeli däldigini subut edýän mysallar köp, oňa ýüzlenip otursaň.Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hakykatdan hem adamzat gymmatlyklaryny düzýän, ruhuň iň kämil törlerine barmaga mümkinçilik tapýan, akyllar ermeýän, köňüller görmeýän dünýä gudratlarynyň açaryny gözlemekde gözlegde öňünden geçmejek gudratly hazynadyr.Her bir şahsyýetiň älem syrlaryny bir ara getirip, şol syrlar içinde täze bir ýol arçamasy , ýörelmedik ýola tarap, yşyk göndermesi ýaly bir zat bolup görünýär, şähyryň döredijiligi. Magtymgulynyň duýgusyna barmak, şol duýgyda ýaşamak ony öwrenmek üçin bir jümläniň yzyna düşüp, nijeme ýol ýöremek, wagt sarp etmek we şol sarp eden wagtyňy adamzat gymmatlyklarynyň belli bir hazynasyny gözlemekde sarp edilen wagta öwürmek- ine, Magtymgulyyň ýoly. Ol özünden öňdäkileri hem diýseň içgin öwrenipdir. Gündogar ýyldyzlarynyň şygryýetdäki ýeten burçlaryndan ýene- de bir täze ýüp ujuny tutup, ony aňryk, asyrlara çekip äkitmek we şol asyrylaryň içi bilen täzeden ýugrup, moderniszasiýalaşdyrmak, ýagny her bir zamanda okalanda gapdallaryndan alynjak many töwereginiň gyzlyn hem düşnükli, şu güne jap, dünýe bap edip ýetirilmegindäki manyny gazanmak usullary hakda aýtmak bu günki gün ýerlikli bolar. Bu çäreler häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiziň karary bilen tassyklanan öňümizdäki ýylda gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan güniniň 300 ýyllygyny bellemek hakyndaky taryhy wakanyň has-da dabaralanmagyna uly itergi berýär. Magtymgulynyň pelsepeli pikirleri türkmen edebiýatynyň şöhratyny hem-de watançylyk ruhuny belende galdyryp diňe bir milli bolman, eýsem onuň döredijiligi dünýä medeniýetiniň genji hazynasyna öwrüldi. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-päýhasa ýugrulan goşgulary bilen dünýä halklarynyň kalbynda müdimi orun eýeledi. Türkmen dutarynyň şirin heňlerinde şygyrlary ereýän beýik Pyragynyň türkmen halkynyň Garaşsyzlygyny hemişe arzuw edip ýaşandygyny bilýäris. Magtymguly Pyragynyň çeper pikirlenmesine düýpli aýratynlyklar bilen bir hatarda onuň bütin dünýä ähmiýetli halklaryň gatnaşyklary, parahat asuda durmuşda, Berkarar döwletde agzybir, bir supranyň başyna jem bolup ýaşamaklary ugrunda eden arzuw- niýetleri, onuň döredijiliginde baş pikir bolup janlanýar. Ruhy gymmatlyklary umumylaşdyrmak, baýlaşdyrmak, halky birleşdiriji güýje öwürmek akyldaryň döreden şygyrlarynyň esasy pikiri bolmagynda galýar.Agzybirlik, birleşmek, bitewi döwlet gurmak pikirini Magtymguly Pyragy umumy görnüşde dürli deňeşdirmeleriň ýa-da meňzetmeleriň üsti bilen diňleýjiniň aňyna, kalbyna ussatlyk bilen ýetiripdir. Hormatly Prezidentimiz dünýä nusgawy şygryýetiniň beýik ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiligine şeýle baha berýär: “Akyldar şahyryň adamzada ýadygär galdyran şygyrlar diwany ýiti zehine, pähim paýhasa eýlenen baý filosofik mirasy, umman ýaly giň hem-de çuň pikirleri ýyllar we asyrlar geçse-de bu gün özboluşly ruhy gymmatlyk hökmünde halklarydyr, döwletleri baglanyşdyryp, millionlarça ynsanyň aňyna we ruhy ahlak ýörelgelerine, ýüregine hem-de duýgularyna güýçli täsirini ýetirýär” Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu aýdanlary hakykatdan hem jaýdar bellenen pikirlerdir. Dünýä halklary Magtymguly Pyragyny türkmen halkynyň görnükli beýik şahsyýeti hem-de parahatçylygyň we ynsanperwerligiň waspçysy hökmünde tanady. Şeýle hem dünýä bilermenleriniň Magtymguly Pyragynyň eserlerinde raýdaşlyk, jebislik, özara düşünişmek, dostana gatnaşyk, birek-birege hormat goýmak, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, ahlaklylyk we deňlik ýaly garaýyşlaryň agdyklyk edýändigini belläp, olaryň ÝUNESKO-nyň öňe sürýän ýörelgeleri bilen kybapdaşdygyna aýratyn ünsi çekýär. Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna döredilen aýdymdyr-sazlar bu gün Berkarar döwletde bagtyýar ýaşaýan halkymyzyň toý-baýramlarynyň bezegi. Uly göwrümli saz eseri hökmünde “Magtymguly” operasyny, dutar bagşy sazandalarynyň has takygy Sahy Jepbarowyň, Mäne Garaýewiň, Türkmenistanyň at gazanan artisti Ýagmyr Nurgeldiýewiň “Pyragy” sazyny hem-de halkymyzyň arasynda aýdymlary uly hormat-sarpa bilen diňlenilýär. Elbetde türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan gadymy gymmatlyklarymyz bizi hemişe buýsandyrýar. Bu günki gün täze taryhy döwürde ussadyň edebi mirasyny içgin öwrenmek, wagyz etmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda alnyp barylýan işler has-da rowaçlanýar. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligini, şygyrýetiniň onuň halkyna goýup giden edebi çeper mirasyny dünýä halklarynyň alymlary tarapyndan berk öwrenilmegi hem – de akyldaryň döredijiligine bagyşlap geçirilýän birnäçe döredijilik duşuşyklary, söhbetdeşlikleri, halkara ylmy maslahatlary türkmen halkynyň edebiýatynyň hem – de bu beýik şahsyýetiň döredijiliginiň aň-düşünjesiniň onuň ruhy hem – de medeni gymmatlyklarynyň nä derejede beýikdigini dünýä halklarynyň aňyna berk we kämil derejede ýetirýär. Halkmyzyň medeniýetini we sungatyny biziň beýik şahsyýetlerimiziň edebi milli mirasyny dünýä tanadan hem- de beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanynyň binýadynyň berk bolmagynyň gije – gündiz aladasyny edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Esenali Agaliýew

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň
Maglumat tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň Maglumat
tehnologiýalary programma üpjünçiligi kafedrasynyň mugallymy