Täze maglumat tehnologiýalarynda äpet uly göwrümli maglumatlar planetanyň çäklerinde hemişe we ähli ýerde elýeterli bolup bilýär.
Şeýlelikde, maglumat tehnologiýalary – bu maglumat resurslaryny ulanmakda zähmet sarp edijilik prosesini peseltmek üçin we olaryň ähtibarlylygyny hem-de dessinligini ýokarlandyrmak üçin maglumatlary ýygnamaklygy, saklamaklygy, işläp taýýarlamaklygy, çykarmaklygy we ýaýratmaklygy üpjün edýän usullaryň, önümçilik prosesleriniň we programma-tehniki serişdeleriň jemidir.
Häzirki zaman ykdysadyýetinde kärhana diýip maglumat, adam we tehnologik resurslaryň jemine we strategiki maksatlara ýetmek üçin olaryň gurnalan özara hereketiniň usullaryna düşünilýär.
Awtomatlaşdyrylan maglumat tehnologiýasynda (AMT) kärhananyň hemme ykdysady faktorlary we resurslary bir maglumat formasynda maglumatlaryň (данные) bahasy görnüşinde çykyş edýär.
АМТ-niň kömegi bilen maglumatlaryň bahalaryny operatiw seljermek üçin dürli ylmy usullaryň peýdalanylmagynyň hasabyna mümkinçilik berýän dinamiki gural bolup durýar.
Awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamynda (AMU) kärhanalaryň resminama dolanyşygyny adaty usuldan has takyk ýerine ýetirýär, islendik çözüwiň alternatiw wariantyny saýlap almak, dolandyryşda dogry netije çykarmaga mümkinçilik berýär. Kärhananyň awtomatlaşdyrylan maglumat tehnologiýalarynda ähli ykdysady faktorlar we resurslar bir bütewi maglumat formasynda – maglumatlar görnüşinde çykyş edýärler. Bu bolsa, mysal üçin, çözgütleri kabul etmek prosesine seretmäge we ş.m. kömek edýär.
Häzirki zaman şertlerine laýyklykda kärhanany dolandyrmak üçin şu aşakdakylar:
– önümçilik we olary üpjün edýän prosesleriň monitoringini geçirmek;
– resminama arhiwlerine, taslama we tehniki resminamalara, önümçilik prosesiniň tehnologik kartalaryna çalt elýeterligi edinmek;
– iş ýerleriniň ýüklenilişi we iş wagtynyň sarp edilişi barada maglumatlary almak;
– inwentarizasiýany geçirmek, ätiýaçlyk materiallarynyň üýtgemegini, taýýar önümi, tamamlanmadyk önümçiligi hasaba almak we jikme-jik çykdajylary klassifisirlemek.
Şeýle çylşyrymly toplumlaýyn meseleleri çözmek üçin awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamlary maglumatlary işläp taýýarlamaklygyň effektiw usulyny dürli görnüşli goşundy programmalar görnüşinde ulanmaga hödürlemelidir.
Maglumat önümleri we hyzmatlary 3 sany esasy: aragatnaşyk, maglumat, gyzyklanma böleklere bölünip bilner.
Baş maglumat tendensiýasy – bu maglumat önümleriniň ähli görnüşleriniň çylşyrymlylygy we integrasiýasydyr. Maglumaty geçirmegiň, işläp taýýarlamagyň we saklamagyň sanly (sifrli) usulyna geçilmegi, mysal üçin, maglumatyň we gyzyklanma serişdeleriniň birleşmegini üpjün edýär. Täze «infragyzyklanma» («infortainment», iňlis sözünden «information» – maglumat we «entertainment» – gyzyklanma) düşünje peýda boldy.
Maglumat tehnologiýalarynyň 5 sany häzirki zaman özara baglanyşykly we bir-birini güýçlendirýän, dominirleýän maglumat tendensiýalary bardyr:
– maglumat önümleriniň (hyzmatlarynyň) çylşyrymlaşdyrylmagy (kynlaşdyrylmagy);
–bileleşikligiň (sazlaşyklygyň) üpjün edilmegi;
– aralyk bölekleriň ýok edilmegi (likwidasiýasy);
– globallaşdyrylmagy;
– konwergensiýa.
Maglumat önümleriniň (hyzmatlarynyň) çylşyrymlaşdyrylmagy (kynlaşdyrylmagy).
Maglumat tehnologiýasynda 2 bölegi tapawutlandyrmak bolar:
– maglumat önümi ýüz tutma boýunça generirlemek ukyby;
– bu maglumat önümi amatly wagtda we ulanyjy üçin amatly görnüşde eltip bermek serişdesi. Haçanda käbir maglumat mazmunlary ulanyjylara ulanmaga hödürlenende, maglumat önüminiň özi spesifiki hyzmat görnüşinde çykyş edýär.
Bileleşikligiň (sazlaşyklygyň) üpjün edilmegi.
Maglumaty üpjün edijiler we sarp edijiler üçin esasy tehnologiki kynçylykly meseleleriň biri – bileleşikligiň üpjün edilmegidir – dürli maglumatlary erkin çalyşmak mümkinçiligidir. Programma, apparat we maglumat komponentleriniň standartlaşdyrylyşy boýunça çemeleşmeler daşky görnüşleriň unifikasiýasyny üpjün edýärler, emma olaryň mazmunyna hiç hili täsiri ýok. Şoňa görä-de programma – tehniki serişdeleriň konfigurasiýasyny üýtgedip, alyş-çalşygy üpjün edip bolýar we dürli maglumatlary saklap bolýar. Standartlaşdyryş boýunça Halkara guramanyň derejesinde (ISO – The International Standards Organization) standartlar ulgamy (OSI – Open Systems Interconnection) işlenip taýýarlanylan. Bu ulgam özara hereketiň protokollaryny we apparat serişdeleriniň standart interfeýslerini işläp taýýarlamagy koordinirlemäge kömek edýär.
Bu meseläni çözmek üçin doly laýyklygy, maglumatlaryň giriş- -çykyş serişdeleri, maglumatlary geçirişi işläp taýýarlamagy talap edýär.
Jahan Döwletmyradowa
Türkmenistanyň Telekomunikasiýa we informatika institutynyň talyby