Abu Reýhan Al-Biruni 150-den gowrak ylmy işleri miras galdyran, köp taraplaýyn zehine eýe, ensiklopedik, orta asyrlaryň tanymal alymydyr. Abu Reýhan Muhammet ibn Ahmet Biruni 973-nji ýylda Horezmiň merkezi Kät Şäherinde eneden dogulýar. Ol Owganystanyňn Gazna Şäherinde 1048-nji ýylda aradan çykypdyr. Ol döwürdeşlerinuiň arasynda bilimleriniň giňligi we çuňlugy üçin “Deňiz” lakamyny göteripdir. Abu Reýhan Al_Beruni ýaşlykdan ýetim galýar. Biruni öz döwrüniň meşhur hökümdarlarynyň köşgünde bolup, ylym bilen meşgullanypdyr. Ol 1017-nji ýyldan başlap, tä ömrüniň ahyryna çenli Gaznada bolup, öz ylmy işlerini Gaznaly hökümdarlarynyň howandarlygynda dowam edipdir. Biruna howandarlyk etmek bagtyna eýe bolan hökümdarlaryň biri hem Gaznaly Soltany Mahmyt Gaznaly bolupdyr. [2]
Mahmyt Gaznaly alymlaryň, akyldarlaryň pikirlerini diňlemegi halapdyr, hat-da käbir ýagdaýlarda olar bilen jedele-de giripdir. Gündogaryň birinji danasy hökmünde ylym dünýäsinde abraýy barha artýan Biruna Soltan Mahmyt aýratyn hormat goýupdyr. P.G. Bulgakowyň, I. Timofeýewiň, XIII asyr taryhçysy Ýakut Al-Hamawynyň maglumatlaryna görä, Soltan alym bilen maslahatlaşmaga , ony özüniň geçirýän mejlislerine çagyrmaga, daşary ýurtlardan söwdagärler, ilçiler gelende, onuň pikirini diňlemgä uly isleg bildiripdir. [2]
Horezm welaýatyntyň medeniýetiň we ylmyň merkezi bolan Ürgençde öz bilimini köp taraplaýyn ösdüren Biruny 22 ýaşynda ilkinji bolup globusy ýasamagy başarypdyr. Ol birnäçe dilleri öwrenip, şol dillerde okap we gürläp bilipdir. Horezmiň baý kitaphanalarynda grek we arap dillerinde ýazylan ylmy eserleri okaýar. Grek, pars, arap dillerini suwara bilýän Biruni 27 ýaşynda “Geçen nesilleriň ýadygärlikleri” atly işini ýazyp gutarýar. Bu kitabynda ol astronomiýa, matematika ylymlarynyň örän möhüm meselelerini beýan edýär. Biruni özüni ýiti zehini hem zähmetsöýerligi bilen Ürgenç akademiýasynyň alymlarynyň arasynda belent abraýa eýe bolupdyr. Biruni 1031-nji ýylda “Hindileriň Taryhy”, “Hindistanyň Görnüşi” atly kitaplary ýazýar. Bu kitaplar geografiki we taryhy eserler bolup, häzirki wagtda hem öz güýjüni saklaýar. Matematikanyň ösüşinde hem Biruni görnükliorun eýeleýär. Biruni ilnji bolup ýer şarynyň radiusyny hasaplap çykýar. Ol Hindistanda beýikligi 652 gara deň bolan dagyň üstüne çykyp, gözegçilik işlerini geçiripdir. Ol mundan başga-da Gaznaly köşgünde işlän wagty, ýagny 1017-1048-nji ýyllarda Abu Reýhan Biruni dünýä ylmyna goşant goşan meşhur eserleriniň köp sanlysyny ýazypdyr. Olara mysal hökmünde onuň Gaznaly hökümdarynyň howandarlygynda ýazan ylmy işleriniň atlaryny belläp geçeýin. Abu Reýhan Al-Biruni ýeriň geologiki gatlakalaryny, daglaryň döremeginiň, ýer bilen deňizleriň ýerleriniň üýtgemegini beýan edýän “Geodeziýa” atly kitabyny 1018-1025-nji ýyllar aralygynda ýazyp tamamlaýar. Bu kitap öz içine matematika, fizika, astranomiýa, geografiýa baradaky köp maglumatlary umumy jemleýan ajaýyp iş bolup onda köp sanly ylmy maglumatlary özünde jemleýär. Undan başga-da 1025-1027-nji ýyllarda ýazylan, matematika ylmyna dürli pudaklaryny öz içine alýan “Hordalar” kitaby , “Ferganynyň elementlerine düzedişler” atly astranomiki hasaplama degişli kitaby, ýeriň sferasyna, şeýle-de astranomiýa bagyşlap “Jaýlaryň merkezini kesgitlemekde azimutlaryň tegeleklerini peýdalanmak hakyndaky” atly kitaby gollanma esasynda ulanylan eserleriň käbiridir.
Nurmädowa Gülşirin,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň 3-nji ýyl talyby.