Ozon gatlagy stratosferada gün şöhleleriniň kislorodyň molekulasyna edýän täsirinde fotoliz hadysasynda (gün şöhlesiniň siňdirilmeginiň täsiri astynda maddanyň molekulalarynyň üýtgemegi öwrülmegi) emele gelipdir. Bu hadysa üznüksiz dowam edip, kislorodyň O2 molekulalary aýratyn atomlara bölünýärler, ol atomlar hem öz gezeginde kislorodyň dargamadyk molekulalary (molekulýar kislorod) bilen birleşýärler we şonuň netijesinde ozon emele gelýär. Ozon gatlagy janly-jandarlary günüň ýiti (gazaply) UM şöhlelenmelerinden goraýan özboluşly, galkan (örtük) bolup hyzmat edýär.
Atmosferadaky ozon (tolkun uzynlygy 320 nm bolan) UM şöhlelenmelerini siňdirmek bilen, adamlary, ösümlikleri we haýwanlary ýok bolup gitmekden halas edýär we saýýarda ýaşaýyşy saklamakda örän möhüm orny eýeleýär. Ýeriň ýüzünde ýaşaýşyň ony günüň ultramelewşe (UM) şöhlelenmesiniň heläkleýji täsirinden gorap saklap biler ýaly ýeterlik derejede kuwwatly bolan ozon “galkany” döränden soň ösendigini şu gün anyklandy diýip hasap edilýär.
Ozon gatlagynyň (ozonosferanyň) iň uly toplanmasy ýer togalagyndan 20-25 km beýiklikde ýerleşýär. Atmosferdaky ozonyň 90%-i stratosferanyň çäklerinde ýerleşýär. Stratosfera ozony, esasan, UM şöhlelenmeleriň hasabyna emele gelýär. Onuň emele geliş tizligi gün şöhlelenmeleriniň kuwwatyna baglydyr.
Şol bir wagtyň özünde atmosfera tebigy ýol bilen düşýän we özünde kislorod, azot, wodorod we hlor ýa-da brom saklaýan birleşmeleriň täsiri bilen ozonyň dargamagy bolup geçýär. Emma soňky on ýyllyklaryň dowamynda adamyň işi netijesinde ozonyň molekulalarynyň döremeginiň we dargamagynyň arasyndaky ygtybarsyz deňagramlyk bozuldy. Özünde hlor-ftor, uglewodorodlary saklaýan himiki maddalary atmosfera goşmaça zyňmak bilen, biz ozonyň dargamagyna we onuň stratosferadaky mukdarynyň azalmagyna “ýardam” edýäris. Sowadyjy (holodilnikler, kondisionerler) we aerozolly enjamlar işlän mahalynda hlor-ftor metanlary bölip çykarýandygyny, mineral dökünleriň dargaýandygyny, azodyň zakisini bölünip çykýandygyny, awtoulag serişdeleriniň zyňyndylarynda ulewodorodlaryň bardygyny göz öňünde tutmalydyrys.
Ozon gatlagynyň ýukalmagy ilkinji gezek 1985-nji ýylda, haçan-da Antarktidada “Ozon deşigi” diýilip at berlen, ozonyň toplanmasynyň (50 % çenli) peselen giňişliginiň bardygyny anyklanylanda, giň jemgyýetçiligiň ünsüni özüne çekdi. Şondan bäri saýýaryň üstüniň ähli ýerinde diýen ýaly ozon gatlagynyň ýukalýandygyna ölçegler güwä geçýärler. Ozonyň mukdarynyň azalmagy atmosferanyň ýerde janly jandarlaryň ýiti UM şöhlelerden goramak ukybyny gowşadýar.
Janly-jandarlar UM şöhlelenmelerine gaty ejiz, durumsyz bolýarlar. Şol sebäpli ozonyň mukdarynyň peselen ýerinde köp sanly güne ýanmalaryň duş gelmegi, deri, düwnük keselli adamlaryň köpelmegi we beýlekiler ýöne ýerden (tötänden) däldir. Olardan başga-da, göz keselleriniň (katarakta we beýlekiler) ýaýbaňlanýandygy, zäherlenmezlik ukybynyň (immuna) ulgamynyň basylmagy (ýok edilmegi) we ş.m. keselleriň köpelmegi mümkin.
Şonuň ýaly-da güýçli UM şöhlelenmeleriniň täsiri bilen ösümlikleriň fotosinteze bolan ukyplaryny ýitirýändikleri, onuň planktona (suwda ygyp ýörenler-suwuň dürli gatlaklarynda mejalsyz (passiw) ýüzüp ýaşaýan hem-de uzak aralyklara özbaşdak hereketlenip bilmäge ukyby bolmadyk jandarlar suwotylar, ýönekeýjeler, käbir leňňeçşekilliler, mollýuskalar we başg.) zyýanly täsiriniň bolsa suw ekoulgamlarynyň we ş.m. ýaşaýyş şertleriniň üýtgemegine getirýändigini anyklady. Olardan başga-da deňiz fitoplanktony CO2-niň esasy siňdirjisidir we oňa UM şöhlelenmeleriň islendik täsiri CO2-niň gelejekde özini alyp barşynyň meýillerine we degişlilikde klimata täsir etmegi mümkin.
UM şöhlelenmeleriň hemişe güýçlenmekligi halkara bileleşiklerini düzgünleşdirji çäreleri kabul etmäge köp derejede itergi berdi.
ÝUNEP (UNEP)-iň (BMG-niň daşky gurşaw boýunça maksatnamasy) başlangyjy boýunça 1982-nji ýylda ýanwar aýynda ozon gatlagyny goramak baradaky çäkli dünýä ylalaşygyny işläp taýýarlamak üçin ýörite toparynyň (ekspertleriniň) ilkinji maslahaty ozon krizisiniň ýüze çykmagyna dünýä jemgyýetçilginiň jogaby boldy. 1985-nji ýylyň noýabr aýynda ozon gatlagyny goramak barada Wena ylalaşygy (Konwensiýasy) kabul edildi.1987-nji ýylyň sentýabr aýynda ozon gatlagyny dargadyjy maddalar boýunçanMonreal beýanyna gol çekildi. Türkmenistan 1994-nji ýylda bu örän möhüm resminamalara gol çekdi we olary tassyklady.
Türkmenistanda 1993-nji ýyldan başlap ozonyň umumy mukdarynyň (OUM) ortaça ýyllyk klimatik kadalardan oňaýsyz gyşarmalaryň bolýandygy barada netije çykarmaga mümkinçilik bar. Bu ýagdaýda aýratyn hem tomus döwri has gowy bildirýär. 1995-nji ýylda OUM gyşda 13-16 %, tomusda bolsa, 15-18 % azalýandygy alymlar optiki usullar arkaly takykladylar. Bu ýagdaý howadaky ozon gatlagynyň ýagdaýyna mundan beýläk yzygiderli gözegçilik edilmeginiň zerurdygyny görkezýär. Türkmenistan ozon dargadyjy maddalary (ODM), şeýle hem Monreal beýanynyň täsirine düşýän maddalary ýa-da ulanylýan enjamlary öndürmeýär we daşary ýurtlara çykarmaýar. Türkmenistanda nebit we gazly guýular öz-özünden ýanan ýada olarda ýangyn dörän mahaly, ody söndürmekligiň ODM peýdalanmaýan usullary ulanylýar. Häzirki döwürde Türkmenistanyň azyk senagaty kärhanalarynyň köpüsi sowadýan (işçi) madda hökmünde ammiak peýdalanylýan sowadyjy enjamlary ulanmaklyga geçdiler.
Adamyň hojalyk işiniň depginiň tizleşmegi netijesinde daşky gurşawuň özgerişlere sezewar bolýandygyny soňky onýyllyklarda aňlap başladylar. Emma jemgyýetiň ykdysady taýdan ösüşi daşky gurşawyň deňagramlylygyny bozman, adamzadyň tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmagyň täze, tebigat hem-de adamzat üçin bähbitli ýollara geçmegi zerurdyr.
Bu möhüm ýoluň düýbi baryp 1972-nji ýylda BMG-nyň Stokgolm konferensiýasynda (113 ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda) tutuldy. Konferensiýada daşky gurşawy goramak barada ýörite Jarnama (Deklarasiýa) kabul edilip, iýun aýynyň 5-i daşky gurşawy (tebigaty) goramagyň Halkara güni diýip yglan edildi. 1983-nji ýylda bolsa, BMG daşky gurşawy goramak boýunça bütindünýä işçi toparyny döretdi (toparyň başlygynyň adyna görä atlandyrlan Bruntlandyň iş topary). 1992-nji ýylda BMG-nyň daşky gurşaw we ösüş boýunça Rio-de-Zaneýrada (179 ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda) geçirilen konferensiýada beýleki möhüm resminamalaryň hatarynda BMG-nyň Klimatyň üýtgemegi baradaky Çäklendiriji Konwensiýasy (BMG/KÜÇK) kabul edildi. Bu möhüm resminamanyň esasy maksady atmosferadaky pamik gazlarynyň toplanmagynyň bir derejede dumuklanmagyny gazanmak, ýagny klimat ulgamyna adamyň täsiriniň howply bolmagyna ýol bermezligini gazanmakdan ybaratdyr.
Klimatyň üýtgemeginiň meselelerini çözmäge gönükdirilen ýene-de bir ylalaşyk 1997-nji ýylyň dekabr aýynyň 11-inde kabul edilen, BMG-nyň Çäklendiriji Konwensiýasyna goşmaça kabul edilen Kioto beýanydyr. Ol dünýäniň döwletleri tarapyndan ykdysady we ekologiýa meselelerini bilelikde çözmäge çemeleşmeleriň, ýagny dünýä möçberinde ýaýbaňlandyrylmagynyň netijesi boldy.
Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan 1995-nji ýylda BMGnyň Klimatyň üýtgemegi barada Çäklendiriji Konwensiýasyny, 1998-nji ýylda bolsa Kioto beýanyny tassyklady. Türkmenistan bu ylalaşyk boýunça borçlaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde 1994-nji ýyl üçin parnik gazlaryny tükellemeklik işi geçirildi. Şonuň ýaly-da klimatyň üýtgemegi barada ilkinji milli habar, degişli meseleler bilen meşgul bolýan alymlar tarapyndan taýýarlanyldy we çap edildi. Şeýlelikde Türkmenistanda klimatyň üýtgemek meselelerini çözmek we onuň netijelerini ýumşatmak boýunça uly işler amala aşyrylýar:
Aşgabatda 2007-nji ýylyň fewral aýynyň 26-synda, mart aýynyň 2-sine çenli Günbatar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebit boýunça ulgamynyň 6-njy mejlisi geçirildi. Bu maslahaty ýeriň atmosferasynyň ozon gatlagyny weýran edýän maddalar boýunça Monreal teswirnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde sebitiň daşky gurşawyny goramak syýasatyna degişli wajyp ähmiýetli meselelere seredildi. Bu maslahat BMG-nyň daşky gurşaw boýunça maksatnamasy (UNEP), ýurdumyzyň Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň we Türkmenistanyň Milli ozon merkezi bilen bilelikde guraldy.
Maslahatyň dowamynda ýeriň atmosferasynyň ozon gatlagynyň saklanmagyna gönükdirilen çäreleriň we teklipleriň toplumy işlenip düzüldi. Türkmenistanyň toplan tejribesi bu ulgama gatnaşyjy ýurtlarda amala aşyrylýan taslamalar bilen sazlaşykly utgaşdyrlyp, sebitiň ekologik howpsuzlygyny pugtalandyrmakda üstünlikli ulanyp biliner.
Sähedowa Gülalek
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň Türkmen dili we edebiýaty hünäriniň 4-nji ýyl talyby