Tohumlaryñ hiline baha berilmek.
Beýleki ösümlikler ýaly tohum hem janly bedene degişlidir. Tohumda yzygider ýaşaýşyñ hadysalary geçip durýär. Tohum dem alýar we onuñ öýjüklerinde madda çalşygy bolup geçýär. Madda çalşygy daşky gurşawyñ täsirini añsatlyk bilen duýýar. Ýaramaz şertler tohumyñ zaýalanmagyna ýa-da onuñ ýaşaýjylyk ukybynyñ peselmegine alyp barýar.
Tohum üçin amatly şert döredilen ýagdaýda, onuñ düwünçeginden ata-enesiniñ häsiýetlerine we alamatlaryna meñzeş bolan ösümlik – ösüp ýetişýär, ýagny tohum ähli ýaşaýyş, hojalyk we sortuñ häsiýetini göterijidir. Şol sebäpden hem ýokary hasyl almak tohuma bagly bolup durýar. Geçmişdäki akyldarlarymyz “Näme ekseñ şony hem orarsyñ” diýip ýöne ýerden aýtmandyrlar.
Ekinlerden ýokary hasyl almak üçin gowy, öz wagtynda doly bişip ýetişen, iri, ambarlarda gowy şertlerde saklanan we ekişe doly taýýarlanan tohum gerekdir. Tohum mehaniki we biologiki garyndylardan arassa bolmaly, gögerijiligi hiline görä ýokary ekilende ekijileriň tohum geçirijilerinden oňat päsgelçiliksiz geçirilmelidir. Bular ýaly taýýarlanylan tohumlara ýokary hilli tohum diýip baha berilýär.
Tohumlara bolan talaplar. Ekişe ýaramly tohumlar
Gowaçanyñ ekilýän tohumlaryna Döwlet standartynyñ ýörite talaplary bar. Eger-de Döwlet standartynyñ talaplaryny kanagatlandyrýan tohuma ekişe ýaramly tohum diýilýär. Döwlet standartynyñ talapyny ödemeýän tohumlary ekmek bolmaýar.
GOST 5895-75-iñ gowaçanyñ tohumynyñ hiline bolan talaplary: gögerijiligine, çyglylygyna, sortlylygyna (ýagny başga sortlar bilen garylan bolmaly däl), mehaniki zaýalanyşyna, tüýjilikligine, çigidiñ arasyndaky haşal otlaryñ tohumyna we mör-möjeklere bolan talaplary öz içine alýar.
Tohumyñ gögerijiligi. Gowaçanyñ ekilýän tohumlaryny gögerijiligine baglylykda üç klasa bölýärler:
1.Tohumlaryñ gögerijiligi 95-100% bolmaly;
2.Gögerijiligi 90-95% bolmaly;
3.Gögerijiligi 85-90% bolmaly. Tohumlaryñ gögerijiligi 85%-den az bolsa, ony ekmek maslahat berilmeýär.
Tohumlaryñ gögerijiligi onuñ doly bişenligine, çyglylygyna we doklygyna bagly bolup durýar. Eger-de gowaçany sowuk urmazdan ozal tohumy ýygnalsa, onda onuñ gögerijiligi 85%-den ýokary bolýar. Sowuk urandan soñky açylan gozalardan alynan tohum bişip ýetişmeýär, olaryñ gögerijiligi 85%-den aşak bolýar. Şol sebäpli tohumlyk pagtany oktýabr aýýnyň 15-ne çenli isripsiz doly ýygyp gutarmaly. Tohum üçin ýygylan pagtalar gowaçanyň ortaky şahalaryndan el bilen ýýgylmalydyr.
Eger-de tohum doly bişen hem bolsa, ýöne onuñ gowrümi kiçi bolsa, agramy hem ýeñil bolsa, onda bular ýaly tohumyñ gögerijiligi pes bolýar, ýazyñ howasynyñ üýtgäp duranlygy zerarly kesel we mörmöjege çydamsyz bolýar. Eger-de tohum bişip ýöne goza gowy açylmadyk bolsa, ir ýygylan bolsa, olaryñ hem gögerijiligi pes bolýar. Olar saklananda zaýalanýar we çüýreýär.
Tohumyñ çyglylygy. Elde ýygylan pagtanyñ tohumlarynyñ çyglylygy 9%-den, maşyn bilen ýygylan pagtanyñ tohumlarynyñ çyglylygy 10%-den köp bolmaly däl. Çyglylyk ýokary bolsa tohumlarda dem alyş hadysasy artyp onuñ gögerijiliginiñ peselmegine alyp barýar.
Sortuñ hiline bolan talaplar. Ekmek üçin sortuñ hili ýokary bolmaly. Sortuñ hili kesgitlenende, şol sorta mahsus bolan nesle geçirijilik häsiýetleri we alamatlary bilen kesgitlenilýär we göterim hasabynda añladylýar. Sortlulyk näçe ýokary bolsa şonça-da meñzeşlilik, birsydyrgynlyk ýokary bolýär.
Sortuñ arassylygy: elita saýlantgy tohumynyñky 100%, birinji arkanyñ A1 – 99%, ikinji arkanyñ – A2 – 98%, üçünji arkanyñ – A3 – 96% bolmaly.
Saýlama tohumlarynyñ arasynda beýleki sortlaryñ tohumlary bolmaly däl. Birinji arka degişli tohumlaryñ arasynda beýleki sortuñ tohumlarynyñ 1%-ekstrosistoliýalarda golaýy, ikinji arkada – 2% we üçünji arkada – 4% ekstrosistoliýalarda çenli rugsat berilýär.
Sortlulygy bolsa oba hojalyk Ministrliginiñ işgärleri meýdan aprobasiýasy geçirenlerinde kesgitleýar.
Tohumyñ mehaniki zaýalanşyna bolan talaplar. Endigan gögeriş almaklyk, dok we zaýalanmadyk tohumlaryñ sanyna bagly. Köp mukdarda zaýalanan tohumlar ekilende seýrek gögeriş alynýar. Haçan-da takyk ekijiler bilen ekilende gämige bir sany mehaniki zaýalanan tohum düşse, ol toprakda derrew çüýreýär we golaýyndaky sagdyn tohumlary hem çüýredýär, şeýlelikde gämikler düýbünden boş galýar, gögeriş seýrek bolýar. Şol sebäpli elde ýygylan tohumlaryñ.mehaniki zaýalanşy 5%-den, maşyn ýygymyñky 7% köp bolmaly däl.
Çigidiñ daşyndaky süýüme bolan talaplar.
Tohum arasalananda tohumyñ daşyndaky tüýjagazlardan başgada süýümler hem galýar. Eger-de tohumyñ daşynda süýüm galan bolsa onda olar.bir-biri bilen çolaşyp tokkalanýarda ekişde ekijiniñ tohum geçirilýän turbalary dakylýar. Netijede seýrek gögeriş alynýar, kä ýerlerde düýbünden tohum düşmeýär. Döwlet standarty boýünça tüýjümek çigitlerde, çigidiñ daşynda galan süýüm, çigidiñ agramyndan 0.8%- den, ýalañaç çigitlerde 0.4%-den köp bolmaly däl. Çigitde haşal otlaryñ tohumy we mör-möjekleriñ bolmagy rugsat edilmeýär.
Tohumyñ ekişe taýýarlanyşy
Tohumyñ ekişe taýýarlanyşy iki tapgyrda geçirilýär. Birinjisi, pagta kärhanasynda, ikinjisi, hojalyklarda. Esasy işler bolsa pagta zwodlarda geçirilýär.
Pagta kärhanalarynda ilki bilen pagtanyñ çigidini süýüminden arassalaýarlar ( džinirowaniýe). Soñra çigidiñ daşynda galan süýümi we käbir tüýjagazlary aýyrýarlar (linterowaniýem sütük). Şular ýaly ýagdaýda iki hili tohumalýarlar: tüýjümek–orta süýümli gowaçanyñ hemme sortlarynda diýen ýaly; ýalañaç-inçe süýümli gowaçanyñ sortlarynda. Tüýjümek çigitleri ESHB-4 guralynyñ kömegi bilen sortlaýarlar hem-de mör-möjeklere we kesele garşy dermanlar bilen işläp bejerýärler. Ekilende çigitler tohum geçirijide dykylman gowy ýere düşen ýaly çigidiñ daşynyñ tüýjagazlaryny mehaniki we himiki ýol bilen birneme aýyrýarlar. SOM-4 kysymly maşynyñ kömegi bilen mehaniki arassalaýarlar. Himiki usul bilen bolsa kükürt kislotasynyñ gowşak ergininde arassalaýarlar.
Çigidiñ daşyndaky tüýjagazlar arassalandan soñra saýlama işlerini edýärler. Ýagny iri, ownuk we orta tohumlary saýlaýarlar.
Takyk ekýän ekijilerde ýalañaç tohumlaryn ekýärler, olaryñ gyra deñligi 94%-den az bolmaly däl. Takyk ekijilerde ekilýän tohumlary saýlamak üçin silitrasiýa duz erginine ýerleşdirýärler, erginde diñe çümen tohumlary saýlap alýarlar we olary gyzgyn howa bilen guradýarlar. Pagta zawodlarda gury we ýarym öl usullary bilen tohumlary dermanlaýarlar. Tüýjümek tohumlary gury usul bilen dermenlaýarlar. Wertisillioz we fuzarioz keselleriñ garşysyna fantiuram dermany bilen dermanlaýarlar.
Pagta kärhanalarynda tohuma sertifikat berýärler, ýagny tohuma häsiýetnama berýärler. Tohumyñ hili, klasy, sortlulygy we ş.m. Töhumlar mata we kagyz haltalarda saklanmalydyr. Tohumlar gury we howasy çalşyp durulýän ambarlarda saklanmalydyr. Takyk ekiji bilen ekilýän ýalañaç tohumlary dermanlamak we çyglandyrmak bolmaýar, sebäbi suw fungizid plýonkasyny eredip dezisinfirleýji häsiýetini ýitirýär. Ondan başga-da tohum suwy siñdirip çişýär we onuñ göwrümi ulalýar, takyk ekmek üçin ýaramsyz bolýar. Takyk ekiji enjam bolsa belli bir ululykda sanalgy tohum taşlaýar. Tüýjümek tohumlaryñ çişmegini we şinelemegini çaltlaşdyrmak üçin ekişiñ öñ ýanynda suwda ejýärler. Çigit suwy sorandan soñra çişip düwünçek oýanýar we ösmäge başlaýar.
Çigidi ezmek üçin asfaltlanan meýdançada 20-30 sm galyñlykda, 1-1.5 m inlilikde dökmeli, ýöne iki sany işçi biri-biriniñ garşysynda durup agaçdan ýasalan pil bilen garyşdyryp durar ýaly bolmaly. Çigidi ezip garyşdyryp bolandan soñ bir ýere üýşürmeli 50-70 sm galyñlykda, her tonna çigit 400-800 metr suwy siñdirýänça 3-4 sagatdan gaýtalap durmaly.
Ekişiñ öñ ýanynda kök çüýreme keseline we gemirji zyýankeşleriñ ýagny, gyşky sowkanyñ garşysyna ezilen çigitleri dermanlaýarlar.
Reýimowa Aýna
Türkmenstanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň kiçi ylmy işgäri