Ýer serişdesi oba hojalygyna ýaramly we ýaramsyz ýerlere bölünýär. Oba hojalygyna ýaramly ýerlere sürülýän ýerler, öri meýdanlary we ot ýatyrylýan ýerler degişli. Sürülýän ýerler ekin meýdanlaryny we köp ýyllyk baglary öz içine alýar. Türkmenistanda sürülýän ýerleriň hemmesi diýen ýaly suwarymlydyr. Ondan başga-da, düme ekilýän ýerler hem bolup bilýär.
Türkmenistanyň ähli meýdany 49 mln. gektardan gowrak bolup, onuň 40 mln. gektary oba hojalygyna ýaramly ýerlerdir. Şonuň 2 mln. gektaryna golaýyny ekin meýdanlary we baglar, galan bölegini bolsa öri meýdanlary tutýar. Suwarymly ekerançylykda ýaramly ýerleriň potensial meýdany 17 mln. ga. Şonuňam 4 mln. ga meýdany iňňän gurply ýerlerdir.
Oba hojalygyna ýaramly ýerleriň uly möçberi kärhanalaryň we ilatyň peýdalanyşynda, bir bölegi bolsa döwletiň ätiýaçlygynda durýar.
Oba hojalygynyň suw serişdeleri (baýlyklary).
Gurak howa şertlerinde suwsyz ekerançylykda ýokary we durnukly hasyl alyp bolmaýar. Şonuň üçin Türkmenistanda oba hojalygynyň ösüşi suw üpjünçiligine we suwdan rejeli peýdalanylyşyna bagly.
Suwuň köp mukdary Amyderýadan alynýar. Onuň ortaça ýyllyk akdyrýan suwy 66-68 kub km, şondan Türkmenistana düşýäni 22 kub km. Içki derýalar hem jemi 2,5-3 kub km suw berýär. Ýerasty çeşmeleriň çaklanýan jemi mümkinçiligi ýylda 3,34 kub km barabar, şondan 1,2 kub km möçberi ulanylýar.
Häzirki wagtda suwaryş tehnologiýalarynyň kämil bolmazlygy zerarly ekerançylykda sarp edilýän suw orta hasapdan ösümlikleriň fiziologik isleglerinden 2 esse ýokarydyr. Diýmek, kämil suwaryş tehnologiýalaryny kämilleşdirmegiň hem-de suwuň ýitgisini düýpli azaltmagyň hasabyna ekin meýdanlaryny 2 esse artdyrmaga ýeterlik mümkinçilik bar.
Kakajanow Batyr
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby