Mugallymyň özleşdiren gymmatlyklar ulgamy onuň sahsy-hünärmen ornuny kesgitleýär we etiki, psihologik gönükdirilmelerde ýüze çykýar. Olaryň arasynda iň möhümleri asakdakylardyr: okadylýanlara gatnaşygy: düşünmeklige ugrukma. duýgydaşlyk, okaýanlaryň çendan erkinligi we özbaşdaklygy, her bir okuwçynyň döredijiiik goruny ýüze çykarmaklyga ymtylyş; toparlaýyn (kollektiwleyin) işi guramaklyga gatnasvgy: adalat-demokratiki öz-özüňi dolandyrylyşyň ösdürilmegine ugrukma, toparlaýyn döredijilige, umumy işi diňe bir okuw jaýynda däl, onuň çäginden daşda, şol sanda öýde guramaga, kollektiwleýin durmnşyň däp-kadalaryny berjaý etmekiige gönükdirilme; mugallymyň öz-özüne gatnasvgy: okuw-terbiýeçilik işiniň üstünlikli guralmagyna alada etmeklige, hünär we şahsy ösüşe, öz-özüňi seljerişe ugrukma. Mugallymyň şahsyýetiniň beýieki sypatiary, gylygynyň we temperamentiniň aýratynlyklary, höwesleri we medeni derejesi-de onuň öz zähmetine bolan gatnaşygyna täsir edýär. Şol bir wagtda olar mugallymyň işiniň we aragatnaşygynyň indiwidual keşbini döredýär. Bu bolsa islendik döredijilik işinde, ýazyjy, aktýor, suratkeş, žurnalist ýa-da mugallymçylyk hünärinde örän möhümdir. Bu hünärleriň umumylygy olaryň indiwidual ýüze çykyşyndadyr (indiwiduallyk-gaýtalanmazlyk pedagogika sungatynyň hut tebigatyna ýugrulandyr). Pedagogik ussatlyk işiň üstünligini üpjün edýän möhüm düzüjisi mugallymyň pedagogik-psihologik medeniýeti, onuň okuw-terbiýeçilik ýumuşlaryny amalyýetde amala aşyrmaklyga taýýarlyk derejesi we onuň işinde guramaçynyň we terbiýeçiniň häsiýetleriniň aýrylmaz utgaşmagydyr. “Taýýarlyk” düşünjesi pedagogyň pedagogik-psihologik medeniýetiniň esasy sypatlaryny aňladyp, olary aşakdaky görnüşlerde jemlemek mümkin.

Psihologik-pedagogik sowatlylygy häsiýetlendirýän sypatlar we aýratynlyklar. Bu pedagoglaryň öz dersini we ony okatmagyň usulyny çuňňur bilmekligine möhüm hünär talabydyr. Dersi diňe erkin özleşdirmeklik okaýanlarda bilimlere, mugallyma we onuň talaplaryna höwes döredýär. Kähalatlarda “Mugallym ähli zady bilip bilmez. Bilmezlik aýyp däldir!” diýýärler. “Ähli zady” düşünjesi anyklanmasa bu pikiriň makullygy uly şübhe döredýär. Fizikden türkmen klassyk edebiýatyny doly göwrümde bilip, sapagyny keminden üç dilde okadyp bilmegini talap edip bolmaz. Edil şonuň ýaly-da edebiýat mugallymyna Eýnşteýniň çendanlyk taglymatyny bilmek hökman däldir. Ýöne mugallym haçan-da öz dersini bilip, onuň üstesine-de käbir başga bilimlerden hem baş çykarýan bolsa, onuň medeniýetine baha-da onuň hut şol hökmany talapdan ýokary düşünjeleri özleşdirişiniň çuňlugyna laýyklykda berilýär. Aslynda şol “talapdan ýokarylyk” okuwçylara öz mugallymynyň sowatlylygyna, bilimleriniň köptaraplaýynlygyna baha kesmäge esas döredýär. Mugallvmçylvk ussatlygynyň derejesini häsiýetlendiryän sypatlar we aýratvnlyklar. Okuwçylar mugallymyň diňe bir bilimlerini däl-de, onuň bilim-düşünjeleri gyzykly we düşnükli özlerine ýetirişini hormatlaýar. Mugallymyň bilimleri talyplara bermeklige höwesi we başarnygy, dersine gatnaşygy, oňa söýgüsi töweregindäkileriň hemişe üns merkezinde bolýar.

                                                                                  Bibijan Arazowa

Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby