Mongol basypalyşlaryndan soň türkmen ýerleri Çingiz hanyň nesilleriniň arasynda paýlaşylýar. Demirgazyk Türkmenistan Altyn Ordanyň düzümine girýär. Günorta Turkmenistan bolsa Hulaguiler döwletiniň gol astyna düşýär. Ýöne ýerli ilat çingizçiler häkimiýetine tabyn bolmak islemändir. XIII asyryň ortalarynda Horasanda, Günbatar Eýranda mongol agalygyna garşy ýerli ilatyň gozgalaňy başlanýar. Mongollaryň täze hökümdary Mengu kagan (1248-1259) bu ýerlerde öz agalygyny pugtalandyrmak üçin birnäçe gezek harby ýöriş geçirýär. Ol 1252-nji ýylda öz dogany Hulaguini biçak köp goşun bilen Horosana, Eýrana we Alynky Aziýa iberýär. 1257-58-nji ýyllarda Hulaguiler Günbatar Eýrany, Bagdady, Zakawkaziýanyň we Siriýanyň bir bölegini basyp alypdyr. Umuman, Amyderýadan Müsüre çenli aralyk, şol sanda Horasan Hulaguiler döwletiniň düzümine giripdir. Bu döwletiň düzümine Owganystan, Azerbeýjan, Ermenistan, Mesopotamiýanyň birnäçe ýerleri, Kiçi Aziýanyň gündogar bölegi giripdir.

1263-nji ýylda Hulagu ―Ilhan (Halklaryň hökümdary) titulyny alypdyr. Bu tituly onuň oruntutarlary-da saklap galypdyr. Şonuň üçin olaryň döwleti ―Ilhanylar döwleti diýlip atlandyrlypdyr.

Türkmen ýerleri ugrunda çingizçileriň iki döwleti-Hulaguiler we Çagataýlar özara göreşipdir. XIII asyryň 90-njy ýyllarynda Hulaguiler döwletini öz içine alan durmuş-ykdysady krizis, halk gozgalaňlarynyň barha köpelmegi mongol han-begleriniň bir bölegini döwleti pugtalandyrmak barada käbir çäreleri görmäge mejbur edýär. Bu syýasy özgertmäni geçirmek Hulaguiler döwletiniň hany Gazan han (1295-1304) döwründe başlanýar. Ýurtda emele gelen kynçylyklardan çykmak maksady bilen hulaguilerden bolan Gazan han döwrüne käbir özgertmeler girizilipdir. Olar esasan aşakdakylardan ybarat!

Goşuny saklamak üçin ilatdan alynýan salgyt ýatyrylypdyr. Ýurtdaky agyr ýagdaýa çydaman gaçyp giden adamlar gaýtarylyp getirilmeli edilipdir.

Ilatdan alynýan salgytlary hasaba almak we bu barada ozalky ýaly baş-başdaklyk gadagan edilipdir. Ýurduň hemme ýerinde ýeketäk pul, agram we uzynlyk ölçeg ulgamy (düzgüni) girizilipdir. Özgertmäniň esasy tarapdary Gazan hanyň iň ýakyn kömekçisi, wezir Reşit ed-Din bolupdyr. Reşit ed-Din örän bilimli adamlaryň biri bolup 1295-nji ýylda wezir wezipesine bellenilipdir. Şeýlelikde ol Ilhanylar (Hulagular) döwletinde ikinji adama öwrülýär. Ol döwletde örän köp özgerişler geçirip, döwleti merkezleşdirmekde hem uly rol oýnapdyr. Ol edil iki asyr öň Beýik Seljuk türkmenleriniň merkezleşen döwleti ýaly etmek isläpdir. 1317-nji ýylda ol wezipesinden boşadýar. Soňra bolsa, 1318-nji ýylyň iýun aýynyň 18-ine ogly Ibraýym bilen gynalyp öldürilýär. Reşit ed-Din öz syýasaty bilen özüni gorap bilmese-de, onuň ýazan eseri müdimi taryhy esere girýär. Ol türkmenleriň taryhy barada birnäçe iş ýazan belli awtordyr. Özgertmeleriň düýp mazmuny esasan salgytlary hem-de dürli görnüşdäki bolçulyklary kadalaşdyrmaga, pul özgertmesini geçirmäge we mongol goşunyna paý ýer bermäge syrygypdyr. Gazan hanyň özi hem yslam dinini kabul edipdir. Öň islan ýerinde göçüp-gonup ýören, basylyp alnan halklary talap, döwletiň hasabyna oturymly ilatdan salgyt ýygnap ýören mongol goşunbaşylary we esgerleri indi ýerleri ikta düzgüni esasynda, ýagny goşunda gulluk edeni üçin almaga borçly edilýär. Bu bolsa olaryň kem-kemden oturymlylyga we ekerançylyk hojalygyna ýykgyn etmegine getiripdir. Özem olar ikta ýerlerini nesilden-nesle miras galýan eýeçilik görnüşinde alypdyrlar. Özgertme boýunça daýhanlar iktadaryň ýerine resmi taýdan berkidilipdir. Şeýlelikde, Gazan hanyň bu özgertmesi önümçilik gatnaşyklarynyň pugtalanmagyna mümkinçilik döredipdir.

Geçirilen özgertmeler netijesinde XIV asyryň başlarynda Horasanyň şäherleri belli bir derejede ösüşe eýe bolýar. Ýurdumyzyň üstünden geçýän Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda söwda gatnaşyklary täzeden janlanýar. Senetçilik we ekerançylyk babatda öňe gidişlik duýulýar.

Üznüksiz özara uruşlar Hulaguiler döwletiniň harby kuwwatyny gowşadýar. Bu ýagdaýgan peýdalanyp, Çagataý ulusynyň we Altyn

Ordanyň hanlary birnäçe gezek Horasanyň üstüne çozýarlar. Şeýlelikde, türkmen ýerleri mongollaryň iki döwletiniň arasyndaky bäsdeşlik zolagyna öwrülýär. Hulaguileriň ozalky döwleti çagşap, birnäçe özara duşmançylykly döwletjiklere bölünýär. Şeýle ýagdaý XIV asyryň ortalarynda Merkezi Aziýanyň köp ýerinde mongol basybalyjylaryna garşy halk hereketleriniň ýaýbaňlanmagyna getirýär, ýöne olar ýerli ilatyň milli döwletiniň döremegine getirip bilmeýär.

Çingiz hanyň imperiýasy bölünen mahalynda, Horezm tutuşlygyna diýen ýaly Juçynyň nesilleriniň ulusyna tabyn bolupdyr. XIII asyryň 40-njy ýyllarynda Juçynyň ogly Baty hanyň basybalyjylykly ýörişleri netijesinde Altyn Orda döwleti döräpdir. Onuň paýtagty Aşaky Powolžedäki Saraý şäheri eken. Gündogar dillerindäki çeşmelerde Altyn Orda ―Juçynyň ulusy diýlip atlandyrylypdyr. Demirgazyk Türkmenistan Maňňyşlak, Balkan etraplary hem şol ulusyň düzümine giripdir.

Altyn Oradanyň ilaty esasan boýun egdirilen gypjaklardan, alanlardan, bulgarlardan ybarat bolupdyr. Mongollaryň özi hanlykda ilatyň ujypsyz bölegini düzüpdir. Şonuň üçin olaryň ýagdaýy-da Hulaguiler döwletindäki ilatyň ýagdaýyndan gowy bolmandyr. Altyn Ordanyň syýasy taryhy daşarky we içerki uruşlardan doly bolupdyr. Baty hanyň döwründe (1236-1256) Altyn Orda mongol uluslarynyň iň ulusy we güýçlüsi bolup, Mawerannahryň we Semireçýäniň bir bölegini hem özüne tabyn edipdir.

XIII asyryň 80-nji ýyllarynyň ortalarynda Altyn Ordada han häkimýetiniň hukugyny çäklendirmek üçin iri baý toparlarynyň özara uruşlary başlanýar.

XIII asyryň ortalarynda türkmen taýpalary mümkingadar mongollaryň Juçy ulusynyň iň uzakdaky we çetdäki welaýatlarynda ýaşapdyrlar. Şeýle ülkeleriň biri-de Demirgazyk-Günbatar Türkmenistan bolupdyr. Bu ýere mongol talaňçylaryndan halas bolmak üçin goňşy welaýatlardan hem gaçgaklar köpçülikleýin gaçyp gelipdirler. Agyr salgytlar we ýygymlar bilen halys ezilen Horasan daýhanlarynyň bir bölegi eline ýarag alyp, mongol sütemine garşy gozgalaň turzan bolsa, beýleki bölegi Demirgazyk Günbatar Türkmenistana gaçyp gitmäge mejbur bolupdyr. Şeýlelikde, Demirgazyk Türkmenistanda, Üstýurtda, Maňňyşlakda türkmen taýpalarynyň köpüsi jemlenipdir.

Mongol agalygy döwründe demirgazyk türkmenleriň hojalygy esasan ýarym çarwa görnüşli bolupdyr. Iki asyryň sepgidinde Derýalygyň we Sarygamyşyň suwlulandyrylmagy ol ýerdäki türkmenleriň ekerançylyk bilen meşgullanmagyna mümkinçilik döredipdir. Aýratyn-da Wezir, Şemahgala we Adak şäherleriniň töwereklerinde oturumly hojalyklar peýda bolupdyrlar.

Mongol basybalyjylary tarapyndan harabaçylyga öwrülen Gürgenç XIII asyryň II ýarymynda täzeden dikeldilip başlanylýar. Sebäbi Gürgenjiň üstünden esasy kerwen ýollary geçýärdi. XIII asyryň ahyrlarynda we XIV asyryň başlarynda Merkezi Aziýanyň hem-de Hytaýyň harytlarynyň esasy bölegi Ýewropa ýurtlaryna hut şu ýol bilen äkidilipdir. Şonuň üçin Gürgenjiň üstünden geçýän uly söwda ýoly diňe bir Aziýa däl, Ýewropada hem oňat mälim bolupdyr. 1333-nji ýylda Horezme gelen syýhatçysy Ibn Batuta Gürgenjiň tarypyny ýetiripdir. Italiýa syýahatçysy Pegallottiniň tassyklamagyna görä, Ýewropa täjiri Gürgençden aňryk gitmese-de bolýan eken, çünki ol özüni gyzyklandyrýan Aziýa harytlarynyň hemmesini Gürgenç bazarlaryndan tapypdyr.

Özbek hanyň (1312-1342) döwründe Altyn Oradnyň kuwwaty has güýçlenýär. Onuň ogly Jany beg (1342-1157) mahalynda Horasan basylyp alynýar. Balkan daglaryndaky, Demirgazyk Garagumdaky, Üstýurtdaky türkmenler Jany bege tabyn bolmaga mejbur bolýarlar. Olar mongollara salgyt tölemäge-de, goşun bermäge-de borçly edilýär.

Jany begiň ogly Berdi begiň (1357-1361) uazaga çekmedik hökümdarlygyndan soň Altyn Ordada ýene gan döküşikli özara uruşlar başlanýar. Şu çylşyrymly ýagdaýda ýerli ilatýň mongol zulumyna garşy göreşi täzeden möwç alýar. Muňa türkmen taýpalaryda işeňňir gatnaşýarlar. Balkanda, Uzboýuň töwereklerinde ýaşaýan türkmenler mongol agalygyny ykrar etmän ugraýar.Munuň özi hakykat ýüzünde Horezmiň täzeden döreýändigini, ýagny ýarym garaşly döwlete öwrülýändigini aňladypdyr. Eýýäm XIV asyryň 60-njy ýyllarynda Horezm doly özbaşdaklygyny gazanýar we Altyn Ordany ykrar etmeýär. Uruşlar netijesinde ysgyndan gaçan Altyn Orda teýmirileriň ýörişleriniň yzyna serpikdirip bilmeýär. Mongol zulumynyň soňyna çykylýar.

Mongol basybalyşlary türkmen taýpalarynyň birleşmegine päsgel beripdir. Mongol agalygyna doly boýun egmek islemedik türkmen toparlarynyň birnäçesi Türkmenistandan demirgazyk, günbatar, günorta ugurlara göçüpdir. Esasan Uly Balkanda, Kiçi Balkanda, Derýaaralykda, Uzboýdyr Maňgyşlakda mekan tutupdyrlar. Olar mongollara degişli bolan Altyn Orda bilen Hulagu uluslarynyň aralygyndaky giň territoriýada hiç kime-de doly boýun bolman ýaşapdyrlar.

XIII asyryň ikinji ýarymyndan başlap Günbatar Türkmenistanda we Maňgyşlakda ýaşaýan türkmen tireleriniň arasynda salyrlaryň täsiri güýçlenip başlaýar. Rowaýatlarda Salyr Ogurjygyň demirgazyk türkmenleriň ata-babalarydygy, beýleki tarapdan, onuň Maňgyşlak we Balkan türkmenlerini serkerdelik edenligi aýdylýar. Köpçülikleýin göçhä-göçlük türkmenleriň Salyr-Ogurjyk babanyň ýolbaşçylygynda biri-birinde ýakyn Horezm-Uzboý-Balkan-Maňgyşlak sebitlerinde ýaşamagydyr.

XIII-XIV asyrlarda türkmenleriň uly taýpa birleşmesine öwrülenleriniň biri-de ärsarylardyr. Halk içindäki rowaýatlara görä, bu tiräniň döreýşi Ogurjyk alp we Ärsary baba bilen baglanşyklydyr. Ogurjuk alpyň çowlugy Ärsary babanyň baştutanlygynda XIV asyrda türkmen taýpalarynyň içinde serkerde, taýpa baştutany hökmünde tanalýar. Ol ärsary türkmenleriniň baştutany hasap edilýär. Ärsary baba XIII-XIV asyrlar sepgidinde ýaşapdyr. Ol XIII asyrda Balkan ýerlerinde ýaşan ärsary taýpalaryna ýolbaşçylyk edipdir. Ol diňe bir harby serkerde bolman, türkmen taryhynda öçmejek yz galdyran magaryfçy hökmünde hem tanalýar. XIII-XIV asyrlarda ýaşan bu taryhy şahsyýete Şyh Şerif hoja dini ündewlere, nesihatlara degişli işleriň ençemesini arap dilinden türkmençä terjime etdirip köpçülige ýaýradypdyr. Ol işler ―Muin el-Murid (Muritler-şägirtler üçin gollanma) ady bilen bellidir.

Ärsary babanyň ady türkmen taýpalarynyň içinde bellidir. Ol Horasanyň dikmesi bilen söweşýär. Tüwer (Düker) guýusynyň ýanynda bolan söweşde wepat bolýar. Häzirki wagtda Gyzylgaýadan 35 km uzaklykda, Tüwer obasynyň golaýynda onuň mazary bar. Ärsary baba mazaryna ýurdumyzyň ähli ýerlerinde zyýarata barýarlar.

 Akmyradowa Bahar

 Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň Türkmen dili we edebiýaty hünäriniň 4-nji ýyl talyby