Köne jemgyýet gurluşyndan täze jemgyýet gurluşyna geçilýän döwrüň başynda dörän şindi durnukly häsiýete eýe bolup bilmedik dürli-dürli sosial toparlaryň täze jemgyýetiň durnukly toparlaryna we gatlaklaryna öwrülmegi wagty hem jemgyýetiň özgerişiniň yzygiderliligini talap edýär. Şonuň üçin geçiş döwrüniň başynda jemgyýetiň sosial düzüminde köne synplar, sosial toparlar bilen bir hatarda täze sosial toparlar we gatlaklar döräp, berkäp başlaýarlar. Biziň jemgyýetimizde olaryň öz ornuny tapyp berkemeginde döwletiň aýratyn orny bardyr. Mülkdarlaryň, telekeçileriň, kärendeçileriň topary döwletiň goldawy esasynda berkäp başlady. Hakyky haryt öndürijileri hususyýetçileri döretmeklik döwletiň üns merkezinde boldy. Häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň gatlaklara bölünşini gatlaklara bölüji taryhy mehanizmleriň täsirini göz öňünde tutmazdan doly göwrümde düşündirip bolmaz. Bu mehanizmler belli bir derejede türkmeniň medeniýetiniň hem-de durmuş tejribesiniň aýratynlyklary bilen kesgitlenýär. Gatlaklara bölünmeklige daşarky medeniýetleriň täsirini hem hasaba almalydyr.

Türkmen medeniýetinde Gündogaryň we Günbataryň medeni gymmatlyklaryny özleşdirmäge mümkinçilik berýän dürli görnüşli siwilizasion gözükmeler toplanandyr. Araplardan türkmen medeniýeti dini esaslary (musulmançylygy) miras alýar. XX asyrda jemgýetiň gurluşyna we onuň synpy düzümine sosialistik tejribäniň täsiri güýçli boldy. Türkmen jemgyýetiniň stratifikasion bölünşigi Günbatar Ýewropanyň hem-de Gündogaryň gatlaklara bolüniş tendensiýalary bilen belli bir meňzeşligi bolup, şol bir wagtda hem düýpli aýratynlyga eýe bolan özgeriş bolýar. Üçünji bölümde garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda türkmen jemgyýetiniň sosial düzüminde bolup geçen üýtgeşmeleri biz häsiýetlendiripdik. Şonda täze döreýän sosial toparlaryň we gatlaklaiyň häsiýetine geçen asyryň 70-80-nji ýyllaryndan synpy hem gatlaklaýyn bölünşiginiň täsiriniň nä derejede güýçlüdigi aýdyň görkezilipdi. Şonuň bilen bir hatarda bu ýerde Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda sosial guramaçylygyň we ýaşşaýyş hereketiniň gymmatlyklaýyn gözükmesiniň gözlegi hem açylyp görkezilipdi. Ýurtda edaralaýyn-kanunçylyk esasynda eýeçiligiň we ykdysady işiň subýektleriniň dürli görnüşleriniň, şol sanda döwletiňki däl sektory kemala gelip başlady. Olara döwletiň kärhanalarynyň işgärleriniň uly bölegi geçip başlady. Kem-kemden araçylyk işler, hyzmat, maliýe-bank operasiýalary bilen meşgul bolýan adamlaryň sany artýar. Ýurtda bazar gatnaşyklary bilen baglanyşykly täze işlerde işleýän adam toparlary kemala gelip başlaýar – paýdarlar we hususy kärhanalaryň menejerleri, gymmat bahaly kagyzlary bahalaýan hünärmenler we başgalar. Türkmen jemgyýetinde telekeçiler gatnaşygynyň kemala gelmegi bilen bagly iş özboluşlylyga eýe bolýar. Bu gatlagyň manysyny, düzümini we statusyny aňlamaklyk şol döwürde ýeňil bolmady. Ol ýa-da beýleki işgäriň bu gatlaga degişliligini kesgitleýän iki häsiýetnama – girdeji alamak maksady bilen hojalyk gurşawyndaky hereket; ykdysady erkinlilik, ýa-da hojalyk işleriň netijeliligi üçin şahsy jogapkärçilik hem-de özbaşdak karara gelmeklik bilen baglanyşykly hukuklaryň we jogapkärligiň barlygydyr. Türkmen jemgyýetinde bu gatlak kem-kemden galňaýar.

Şol döwürde bu gatlagyň wekilleri özlerini öz sosial-hünär statusy bilen düýpli baglap bilmändiklerine garamazdan olar biziň jemgyýetimizdäki beýleki gatlaklardan hem toparlardan tapawutlanýarlar. Telekeçiler iş bilen meşgul bolýanlaryň düzümleýin üýtgemeklik işinde belli bir orun eýelediler. Olaryň üsti bilen işgärler wagtyny geçiren we zerurlyklary kanagatlandyryp bilmeýän önümçilikden täze döreýän önümçilige geçip başladylar. Eýeçiligiň täze görnüşleriniň döremekligi we işgärleriň düzümleýin başga ugurlara geçmekligi bilen baglanyşykly çylşyrymly hadysalar şindi hukuk demokratik proseduralaryň ýetmezlik, sosial infrastrukturalaryň gowşaklyk edýän döwründe boldy. Bular şol döwürde döreýän täze düzümlere we gatnaşyklara öz täsirini ýetirdiler. Işgärler täze önümçilik görnüşlerine diňe bir sosial netijeliligi bolmadyk önümçilikden däl, eýsem, jemgyýete gerekli, ýöne birbada netijeliligi berip bilmedik önümçilikden hem çykdylar. Şonda ýokary derjeli hünärmenleriň täjirçilik düzümine geçmekleri kähalatlarda örän oňaýsyz netijelere, ýagny girdejileriň ýokarlanmagy üçin hünär ussatlygy ýitirmeklige getirýän ýagdaýlary hem boldy. Şeýlelikde, orta synpyň kemala gelmeginde esasy orny eýelemeli gatlaklaryň öz statusyny ýitiren ýagdaýlary az bolmady. Olaryň wekilleriniň has girdejisiz toparlara ýa-da başga statusly düzümlere geçenleri boldy. Bu bolsa, özgerişlere oňaýsyz täsir edýär. Şu ýagdaýlar göz öňünde tutulyp, önümçilikde täze işewür toparlaryň we gatlaklaryň döremegine aýratyn üns berildi. Şonda önümçiligi guramak, ony höweslendirmek, bütin ykdysadyýeti dolandyrmak, eýeçiligiň täze görnüşlerine ýol açmak, uzak ýyllar dowamynda toplanan jemgyýetçilik emlägini täzeden paýlamak döwleti dolandyrmaklygyň wajyp şertine öwrülýär. Bu wezipeleri ýerine ýetirmeklik üçin döwletiň elinde gerek bolan mümkinçilikler bar. Onuň elinde maddy, ykdysady, sosial, syýasy, hukuk, medeni, guramaçylyk ryçaglary bar. Olaryň üsti bilen döwlet täze sosial toparlaryň jemgyýetde berkemeklerine öz täsirini ýetirýär. Ol karzlar, ygtyýarnamalar bermek, salgyt, nyrhlar, inwestisiýalar, ýeňillikler syýasaty arkaly hususyýetçileriň ösmegine kömek berýär. Şeýle aladanyň netijesinde täze sosial toparlar jemgyýetde, onuň ykdysadyýetinde kem-kemden öz ornuny tapyp başlaýarlar.

 Muhammedow Sylap

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we Informatika institutynyň Maglumat Tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň hasaplaýyş toparynyň programma üpjünçiligi hünäriniň 1-nji ýyl talyby