Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň medeniýetini, onuň ruhy dünýäsini, medeni mirasyny dünýä tanatmak ugrundaky taýsyz tagallalary esasynda beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi giňden öwrenilip, akyldaryň ady dünýä doldy. Şygryýet äleminiň şasy Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň buýsanjy bolmak bilen , ol diňe türkmen edebiýatynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň taryhynda-da uly yz galdyran akyldarlaryň biridir.

Hakykatdan-da, şahyr ýüregi örän duýgur bolýar. Muny Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eseri bolan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusynda hem doly duýup bilýäris. Öz döwrüniň beýik şahsyýeti bolan Magtymguly Pyragy hem ýaşap geçen durmuşynyň ähli pursatlarynda ilimiziň agzybirligini, asudalygyny, jebisligini, abadançylygy, halallygy, watansöýüjiligi ündemek bilen, türkmeni bir suprada jemlemek ugrunda beýik işleri bitiripdir.

Magtymguly Pyragynyň eserleri türkmen diliniň kämilleşmeginde uly ähmiýete eýe boldy. Ata-babalarymyz Magtymguly Pyragynyň eserlerini köpçülikde, toýda-tomaşada gazal hökmünde ýa-da dutara salyp, aýdym hökmünde obadan-oba, illerden-illere, nesillerden-nesillere ýetirip gelipdirler. Hormatly Predizidentimiz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ýokary baha berip: “Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygyr äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr. Magtymgulynyň şygryýet älemi – türkmen edebiýatynyň buldurap akýan, çuňňur mana we çeper söze teşne kalplary gandyrýan çeşmesi” diýip belleýär.

Söz gudraty güýç, ynsana berlen nygmat. Ony gerek ýerinde dogry ulanmak köp zady özgerdip bilýär. Sözüň gudraty arkaly ýatlar tanşa, tanyşlar ýakyna, dostlar dogana öwrülip bilýär.

                                  Mährijemal Hydyrowa

              Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby