Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüninde ýurdumyzda gadymýetde yz galdyryna belli şahsyýetlerimize uly sarpa goýulýar. Şeýle şahsyýetlerimiziň hataryna türkem halkynyň agzybirligini, jebisligini, garaşsyzlygyny bir ömür arzuw türkmen şahyry Magtymguly Pyragyny aýtmak bolar. Magtymguly atamyz ýaşap geçen döwründe örän köp sanly şygyrlary bilen adamlara dogruçyllyga, edeplilige, ynsaba, terbiýä çagyrypdyr. Onuň goşgulary özüniň çuňňur manylylygy bilen halkyň aňynda orun alypdyr. Onuň goşgularynyň manylary häzirki döwürde Magtymgulyşynaslar tarapyndan içgin öwrenilýär. Onuň şygyrlarynda ulanylýan gadymy sözler türkmen diline özboluşly öwüşgin çaýýar.

Magtymguly Pyragynyň eserleri türkmen diliniň kämilleşmeginde uly ähmiýete eýe boldy. Ata-babalarymyz Magtymguly Pyragynyň eserlerini köpçülikde, toýda-tomaşada gazal hökmünde ýa-da dutara salyp, aýdym hökmünde obadan-oba, illerden-illere, nesillerden-nesillere ýetirip gelipdirler. Hormatly Predizidentimiz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ýokary baha berip: “Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygyr äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr. Magtymgulynyň şygryýet älemi – türkmen edebiýatynyň buldurap akýan, çuňňur mana we çeper söze teşne kalplary gandyrýan çeşmesi” diýip belleýär.

Hakykatdan-da, şahyr ýüregi örän duýgur bolýar. Muny Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eseri bolan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusynda hem doly duýup bilýäris. Öz döwrüniň beýik şahsyýeti bolan Magtymguly Pyragy hem ýaşap geçen durmuşynyň ähli pursatlarynda ilimiziň agzybirligini, asudalygyny, jebisligini, abadançylygy, halallygy, watansöýüjiligi ündemek bilen, türkmeni bir suprada jemlemek ugrunda beýik işleri bitiripdir.

                                                                                   Tagandurdy Töräýew

Döwletmämmet Azady adyndaki Türkmen Milli dünýä dilleri institutynyň Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby