Atmosfera howasynyň hapalanmagy – bu, islendik maddanyň onuň hiline we düzümine, adamlaryň saglygyna, ekologiki ulgamyň janly we jansyz tebigatyna, daşky gurşawyň ähli tebigy resurslaryna täsir edip biljek mukdarynyň gönüdengöni ýa-da gytaklaýyn atmosfera düşmegidir.
Atmosferanyň hapalanmagy esasan ХХ asyryň ikinji ýarymynda, ylmy-tehniki rewolýusiýanyň başlan döwründe ýiti meselä öwrüldi. Bu döwür senagat önümçiliginiň ösüşiniň, elektrik energiýasynyň öndürilişiniň we sarp edilişiniň, transport serişdeleriniň köp mukdarda peýdalanmagynyň döwri hökmünde häsiýetlendirilýär. Netijede bolsa atmosferanyň gaz düzüminiň üýtgemegine getirdi, onuň käbir komponentleriniň konsentrasiýalary ýokarlandy (kömürturşy gazy-0,4%, metan- 1%, azot zakisi-0,2% we beýlekiler) we atmosferany hapalaýjy täze birleşmeler emele geldi.
Atmosfera hemişe özünde tebigy we antropogen çeşmelerden gelip düşýän garyndylaryň belli bir mukdaryny saklaýar. Tebigy çeşmelerden bölünip çykýan maddalara wulkanlaryň atylmagyndan, topragyň eroziýasyndan we kosmosdan gelip düşýän tozanlar, deňiz duzlarynyň bölejikleri, duman, tokaýlarda ýangynyň döremegi netijesinde emele gelýän ýanma önümleri, wulkanlaryň atylmagynda emele gelýän gazlar, ösümlikleriň, haýwanlaryň we mikroorganizmleriň emele getirýän dürli önümleri we başgalar degişlidir.
Atmosferany hapalaýan esasy antropogen çeşmelere ýylylyk enegetikasy, nebiti we gazy gazyp almak we gaýtadan işlemek, himiýa senagaty, gurluşyk we gurguşyk materiallary senagaty, metallurgiýa, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän senagat, ulag serişdeleri, durmuş hojalygy we ş.m. degişlidir.
Baýlyýewa Ogulaý
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniñ 2-nji ýyl talyby