Güýzlük bugdaý dünýäniň ekerançylyk bilen meşgullanýan ähli ýurtlarynda ekilýär. Demirgazykda 66° orta giňişlikden (Şwesiýa) başlap, Günorta Awstraliýanyň, Günorta Amerikanyň, Afrikanyň günortadaky iň çetgi çäklerine çenli ekilýär. Bugdaý hakykatdan-da sähra ekini hasaplanýar. Ýewropada ol sähralyk we tokaý sähralyk zolaklarynda, Amerikanyň preriýalarynda, Günorta Amerikanyň sähralyklarynda, ýarym çöllük giňişliklerinde has köp ekilýär. Bugdaýy daglaryň üstünde 4000 metre çenli beýiklikde-de ekýärler. Ýewropa ýurtlarynda esasan güýzlük ýumşak bugdaý, demirgazyk sebitlerde, Günorta kontinentlerde ýazlyk gaty bugdaý ekilýän bolsa, Aziýanyň esasy giňişliklerinde ýumşak ýazlyk bugdaý hem-de gaty bugdaý ekilýär. Demirgazyk Amerikada (ABŞ, Kanada) ýumşak ýazlyk we ýumşak güýzlük (ABŞ) bugdaýa uly üns berilýär. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletlerde esasan ýumşak güýzlük bugdaý we ýazlyk gaty bugdaý, Azerbeýjanda güýzlük gaty bugdaý ekilýär. Türkmenistanda güýzlük ýumşak bugdaý däneli ekinleriň içinde iň köp meýdany eýeleýär. Ýurdymyzda soňky ýyllarda güýzlük gaty bugdaý (Türkmenbaşy-1) sorty hem ekilip başlandy.
Öňde barýan hojalyklarda güýzlük ýumşak bugdaýdan bir gektar meýdanyň hasabyna 50-70 sentner, ýazlyk bugdaýdan 25-30 sentner hasyl alýarlar. Häzirki döwürde ýeriň ýüzünde ekilýän däneli ekinleriň meýdany 700 million gektara golaýdyr ýa-da ähli ekin meýdanlarynyň 70 göterimine golaý meýdany tutýar. Däneli ekinleriň orta hasyly 25 s/ga bolup, olardan 1,8-2,0 mlrd tonna golaý galla öndürilýär.
Jennet HUDAÝGULYÝEWA
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünariniň 2-nji ýyl talyby