“Altyn asyr” Türkmen köli suw hojalygynyň möhüm desgasy bolup durýar. Eýýäm 1970-nji ýyllarda “Türkmensuwylymtaslama” tarapyndan hapalanan suwlaryň Garaşor çöketligine düşmeginiň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu taslama boýunça Daşoguz tarapyndan hapalanan suwlar Uzboý boýunça Sarygamyş kölüniň gapdalyndan Garaşor çöketligine, Türkmenabat tarapyndan hapalanan suwlar bolsa Amyderýanyň hanasy boýunça Garagumyň merkeziniň üsti bilen Baş akaba düşmeli. Murgap we Tejen oazisleriniň çägä siňip ýitýän zeýakaba-zeýkeş suwlaryny uzaldyp, Baş akaba çenli eltmek göz öňünde tutulýar. Ýene bir akaba Köpetdagyň etegindäki düzlük.tarapyndan Garaşor çöketligine tarap uzalyp gidýär. Köli doldurmak üçin arassa Amyderýa suwunyň bir damjasynyň hem alynmaýandygyny bellemek zerurdyr. Uzynlygy 103 kilometr, ini 18,6 kilometr, ortaça çuňlugy – 69 metr bolan iň uly suw howdanynyň sygymy 132 km3, suwly meýdany – 2 müň km2 golaý. Zeýkeş suwlary ýygnanjak esasy we birikdiriji akabalaryň umumy uzynlygy bolsa 2654 km. Şeýlelikde, geljekde tebigy arassalanmagy we häzirki zaman tehnologiýalaryň peýdalanylmagy netijesinde oba hojalyk toplumynyň hajatlary üçin – täze ýerleri özleşdirmek, öri meýdanlaryny suwlulandyrmak, şeýle hem gök agaçlary suwarmak, tehniki hajatlar üçin peýdalanylyp boljak suwuň ätiýaçlyk gaznasy dörediler.

Türkmenistanyň we bölekleýin Özbegistanyň ZZS-ny ýygnamak üçin Türkmen köli ýurduň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän tebigy Garaşor çöketliginiň binýadynda döredilýär. Köl birikdiriji ýollaryň iki ulgamy – Demirgazyk we Günorta ulgamy boýunça ZZS-ny kabul eder.

  Pena MAHMUDOW

  Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby