Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň bütin dünýäde abadançylygy berkarar etmäge gönükdirilen tagallalaryna işjeň gatnaşmak bilen, Ýer ýüzünde parahatçylygyň, howpsuzlygyň binýadyny pugtalandyrmakda, syýasy-diplomatik, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamakda halkara giňişlikdäki işjeň ornuny barha berkidýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öz üstüne alan halkara borçnamalaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýän Bitarap ýurdumyz tutuş sebitiň we dünýäniň parahatçylyk döredijilik merkezi hökmünde ykrar edildi.
Türkmenistan 2025-nji ýylda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek baradaky çözgüde ählumumy derejedäki waka, halkara gatnaşyklarynyň hil taýdan täze tapgyryna geçmek üçin hakyky mümkinçilik hökmünde garaýar. Hakykatda, Türkmenistanyň başlangyjy ähli döwletleri dünýä ulgamynyň esasy ýörelgesi hökmünde parahatçylyk we ynanyşmak baradaky baş pikiri durmuşa geçirmegiň syýasy, ideologiki we amaly taraplaryny öz içine alýan bilelikdäki işe başlamaga çagyryşdyr.
Bu wezipäniň ulgamlaýyn esasda çözülmelidigi, hukuk we institusional gurallaryna esaslanmalydygy äşgärdir. Şu logika esaslanyp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň münberinden Ählumumy Howpsuzlyk Strategiýasyny işläp düzmek baradaky başlangyjy öňe sürdi. Biz muny 21-nji asyrda döwletara we halkara gatnaşyklaryň gurluşynyň garaýyşlar we ýörelgeler ulgamy hökmünde görýäris.
Strategiýa howpsuzlygyň ähli ugurlarynyň, ýagny harby-syýasy, ykdysady, energiýa, daşky gurşaw, biologik, tehnogen, maglumat howpsuzlygynyň özara baglanyşygyna esaslanýan dünýä meselelerini çözmekde toplumlaýyn çemeleşmegi göz öňünde tutýar.
Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda sebit howpsuzlygy meselelerine aýratyn üns bermegi teklip edýär. Şu nukdaýnazardan, biziň ýurdumyz Merkezi Aziýanyň we oňa ýanaşyk sebitleriň meselelerine, ýagny bar bolan syýasy, durmuş, ynsanperwer, daşky gurşaw, energetika, suw serişdelerini ulanmak hem-de beýleki meseleleriň toplumyna örän ünsli garamagyň zerurdygyndan ugur alýar.
Biz bilim ulgamynyň işgärleri hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde okuwçylarymyz bilen dürli çäreleri geçiryäris.
Güljan Saburowa Ýuldaşewna,
Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň kitaphanaçysy.