Türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynda ahalteke bedewleri diňe bir ulag serişdesi däl, eýsem, wepaly dost, maşgala agzasy we milli ruhuň nyşany bolup hyzmat edip gelýär. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy, bu ajaýyp jandarlara bolan çuňňur söýginiň we hormatyň ýokary derejesidäki beýanydyr. Bu baýramçylyk türkmeniň “atyny sylaýan” halkdygyndygyny bütin dünýä ýene bir gezek subut edýär.
Ahalteke bedewleri dünýäniň iň gadymy arassa ganly atlar nesli hasaplanýar. Alymlaryň tassyklamagyna görä, bu bedewleriň taryhy 5 müň ýyl mundan ozalky döwürlere degişlidir. Türkmen seýisleri asyrlar boýy geçiren tejribeleri arkaly, bedewiň gylygynda we gurluşynda üýtgeşik aýratynlyklary kemala getiripdirler:
Çydamlylyk: Gury we yssy howa şertlerinde, suwsuzlyga we uzak ýollaryň kynçylyklaryna dözümlilik.
Owadanlyk: Beýleki atlardan tapawutlanýan inçe boýny, uzyndan sypjyk gövdesi we ýüpek ýaly ýalpyldaýan tüýleri.
Wepalylyk: Türkmen bedewi öz eýesini ýürekden okaýan we oňa doly ynanýan ýeke-täk jandarlaryň biridir.
Bedewleriň şanyna goşulan goşgular, nakyllar we rowaýatlar türkmen edebiýatynyň iň baý gatlagyny düzýär. “Irden tur-da ataňy gör, ataňdan soň atyňy” diýen pähim, bu gymmatlygyň türkmen durmuşyndaky ornuny aýdyň görkezýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda atçylyk pudagy täze ösüşe eýe boldy. Döwrebap atçylyk toplumlary, ylmy-önümçilik merkezleri guruldy. Ahalteke bedewleriniň genofonduny gorap saklamak we kämilleşdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
“Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň” döredilmegi bolsa, dünýäniň dürli künjeklerindäki ahalteke janköýerlerini bir supranyň başyna jemledi. Türkmen bedewi diňe bir sport ýa-da gözellik nyşany däl, eýsem, dostlukly gatnaşyklaryň hem “janly ilçisidir”.
Maral ALTYÝEWA
Daşoguz şäheriniň 2-nji çagalar bakja bagynyň terbiýeçisi

RU



