Bilim ösüşleriň we özgertmeleriň gözbaşydyr. Ýurdumyzda milli bilim we ylym ulgamyny ösdürmek, ýaşlara berilýän bilimiň kämil bolmagyny üpjün etmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almaklary hem-de hünär öwrenmekleri, ýaş hünärmenleriň döredijilikli iş alyp barmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» milli bilim ulgamynyň döwrebap ösmegini şertlendirýär. Çünki sanly bilim ulgamy elektron maglumatlar gorundan peýdalanmagy elýeterli edýär hem-de ulanyjynyň okuw okamakdaky gözleglerine sarp edýän wagtyny ep-esli tygşytlaýar. Şeýle-de internet maglumatlar ulgamy boýunça daşary ýurt tejribesi bilen tanyşmaga, uzak aralykdan olimpiadalardyr ders bäsleşiklerine gatnaşmaga, okuw gollanmalarynyň, kitaplaryň elektron görnüşinden peýdalanmaga şert döredýär.

Ata Watanymyzyň ösüşleri bilimli, ukyply hem-de erjel ýaşlara bagly. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim-terbiýe almagy, ylmy-döredijilik işleri bilen meşgullanmagy, göwün beren kärinde tejribe toplamagy, giň gözýetimli we ökde hünärmenler bolup ýetişmegi babatynda ähli zerur şertler döredilýär. Ýurdumyzyň künjeklerinde mekdepdir bilim merkezleri gurlup, olar döwrebap okuw gollanmalary, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Okatmagyň häzirkizaman usullary ornaşdyrylan okuw meýilnamalary boýunça bilim alýan ýaşlar bu gün dürli bäsleşiklere, halkara ylmy olimpiadalaryna gatnaşyp, üstünlikli çykyş edýärler. Ata Watanymyzyň milli bilim we ylym ulgamyndaky üstünlikleri öz zehin-yhlaslary, ukyp-başarnyklary bilen dünýä ýaýýarlar.

Gahryman Arkadagymyz «Älem içre at gezer» atly romanynda: «Nesil! Nesil — munuň özi barlyk, ol seniňem, seniň halkyňam ykbalyny çözer, ol seni görlüp-eşidilmedik belentliklere göterer» diýip belleýär. Ýaş nesle bilim bermekde we hünär öwretmekde, ata Watanymyza wepaly ýaşlar edip ýetişdirmekde biz — mugallymlar yhlasly zähmet çekeris. Ýaşlarymyzyň tebigy ukybyny açyp, olaryň bilime, hünäre bolan söýgüsini, höwesini ösdürip, geljekde Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ösüşlerine goşant goşjak başarnykly, zähmetsöýer oglan-gyzlary kemala getirmekde mukaddes borjumyzy ýerine ýetireris. Ýurdumyzy bilimler mekanyna öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Bägül Mämiýewa,

 Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyby.