Bitarap atomlarda elektronlar dürli energetiki derejede ýerleşýärler. Az energiýaly elektronlar atomyň ýadrosy tarapyndan güýçli dartylýarlar we kiçi orbita boýunça ýadronyň daşynda aýlanýarlar. Atomyň iň soňky energetik derejesinde ýerleşen ýa-da iň daşky orbita boýunça aýlanýan elektronyň energiýasy az bolýar we ýadro tarapyndan az güýç bilen dartylyp saklanylýar.
Eger daşky elektronlar ýylylygyň täsiri astynda daşdan energiýa alsalar, onda olar orbitalaryny taşlap erkin ýagdaýa geçip bilerler. Geçirijilerde hemişe erkin elektronlar bolýarlar. Olar geçirijileriň geçirijiligini, elektronlary geçirip bilijilik ukybyny häsiýetlendirýärler. Geçirijilerden tapawutlylykda dielektrikleriň atomlarynyň daşky gatlagyndaky elektronlaryň energiýasy orän kiçi bolup, kiçi orbitalar boýunça aýlanýarlar we ýadro tarapyndan berk saklanýarlar. Dielektriklerde erkin elektronlar bolmaýar we şonuň üçin olar elektrik toguny geçirmeýärler. Şeýlelikde geçirijilerde atomlaryň daşky elektronlarynyň uly energiýasy bolýar, dielektriklerde bolsa elektronlaryň energiýasy örän kiçidir.
Ýarymgeçirijilerde atomyň ýadrosy elektronlaryny dielektrikleriňkä garanda gowşak saklaýar. Ýöne geçirijiniňkä garanda güýçli saklaýarlar. Şonuň üçin absolýut nola golaý temperaturada aramgeçirijiler diaelektriklere öwrülýärler. Temperaturanyň artmagy bilen atomyň ýygylygy we amplitudasynyň yrgyldysy ýokarlanýar. Daşky elektronlar has ýokary energetiki derejelere geçýärler we erkin bolýarlar. Dielektrik geçiriji bolup hyzmat edýärler. Ýarymgeçirijileriň erkin elektronlary tarapyndan döredilýän geçirijiligine elektronly ýa-da ortisatel (negative) geçirijilik, gysgaça n-görnüşli geçirijilik diýilýär.
Şirin ÇARYÝEWA
Ýylylyk elektrik stansiýalarynda suwyň we ýangyjyň tehnologiýalary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby