1972-nji ýylda fransuz fizigi Frensis Perrin Fransiýadaky gaýtadan işleýän zawodda uran magdanyny öwrendi. Alnan nusgadaky uranyň mukdarynyň garaşylýandan has pesdigi ýüze çykdy – bary-ýogy 0.717%. Bu uranyň bölünmegi tebigy ýagdaýda nädip bolup biler?

Soňky gözlegler, metalyň ýadro reaktoryndaky proseslere meňzeş ýarylandygyny tassyklady. Mundan başga-da, proses 2 milliard ýyl ozal başlandy. Näme-de bolsa tebigat öz reaktoryny döretdi!

1956-njy ýylda himik Pol K. Kuroda käbir şertlerde tebigy reaktorlaryň mümkinçiligini çaklady. Bölünmegi goldamak üçin azyndan 0,66 metr galyňlykdaky uran ýatagynyň bolmalydygyny çaklady.

2 milliard ýyl ozal, häzirki reaktorlarda ulanylýan baýlaşdyrylan uran bilen deňeşdirilende, uranyň-235 konsentrasiýasy takmynan 3% boldy. Gabonyň ýatagyndaky ýerasty suwlar durnukly zynjyr reaksiýasyna goşant goşan neýtron moderator hökmünde çykyş etdi.

Şeýlelik bilen tebigatyň mümkinçilikleri baradaky pikirlerimiz ýene bir gezek şübhe astyna alyndy.

  Söhbet SETDAROW

  Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby

TKA-nyň talyp hakynyň eýesi