X-XII asyrlarda çeperçilik medeniýeti güýçli ösüpdir. Türkmen topragy ýüzüne her-hili güller basylan ajaýyp ýüpek, kendir, nah, ýüň matalar we nepis dokalan halylary bilen şöhratlanypdyr. X asyra degişli Merw matasynyň biziň döwrimize çenli gelip ýeten nusgalary bar. Olaryň käbiriniň ýüzüne kufi usulynda ýazylan hatlar dokalypdyr. Şu hatlar köplenç halyfyň kimdigini bilipdir, matanyň senesini, ussanyň adyny anyklapdyr. Horasan halysynyň örän seýrek gabat gelýän nusgalaryndaky gyrawa jähek nagyşlaryna türkmen halyçylarynyň şu gündäki işlerinde-de görmek bolýar. Horasanlylaryň halysy ýakyn Gündogarda ―Seljuk halysy diýip kabul edilipdir.
Seljuklar döwrüniň şäherleriniň köpüsiniň daşy galalar bilen gurşalypdyr. Galanyň içinde hökümet edaralary, bazarlar, kerwensaraýlar, hünarmentleriň mähelleleri ýerleşipdir. Seljuk zamanynda Jeýhunyň günbataryndaky Amul şäheriniň ilaty 1 milliona golaý bolupdyr. Seljuk döwründe hassahanalar, hammamlar we beýleki haýyr-sahawat edaralary köp mukdarda gurlupdyr.
Beýik Seljuk türkmen döwleti ylym dünýäsinde uly yz galdyran döwletdir. Seljuk soltanlarynyň ählisi döwletiň gülläp ösmeginiň ylma we bilime baglydygyna oňat düşünipdirler. Ylym-bilim belli bir ulgama tabyn edilip, döwlet syýasatynyň esasy ugruna öwrülipdir. Meşhur wezir Nyzamylmülküň ady bilen baglanyşykly Nyzamyýe medreseleri yslam äleminde abraýly okuw mekdeplerine öwrülipdir. Nişapurda, Balhda, Hyratda, Basrada, Tusda, Amulda Nyzamiýe medreseleri hereket edipdip. Ilkinji Nyzamiýe Alp Arslanyň zamanynda 1066-njy ýylda Bagdatda gurlupdyr.
Seljuk soltanlary ylym adamlaryna hemmetaraplaýyn hemaýatkärlik edipdirler. Mälik şanyň hemaýaty bilen 1074-1075-nji ýyllarda ilki Yspyhanda, soňra Bagdatda obserwatoriýa gurlupdyr. Onda Omar Haýýam, Ebul Muzaffar Isfizari, Mamun ibn Nejip elWasiti ýaly alymlar işläpdir. Seljuk zamanasynda taryh ylmy hem ýokary derejä ýetipdir. Döwrüň taryhçylary-da seljuk soltanlaryň howandarlygyndan peýdalanypdyrlar. Beýik Seljuk-türkmen soltany Sanjar özüniň ýarym asyrdan gowrak dowam eden hökümdarlygynda ylma, medeniýete howandarlyk etmekde nusga bolan soltanlaryň biridir. Ol döwrüniň beýik alymlaryny öz töweregine jemläp, olara goldaw beripdir. Onuň döwründe Merwli meşhur taryhçy we geograf Abu Sad as-Samany (1113-1167) öz meşhur eserlerini döredipdir. Horezmli alym az-Zamahşary Soltan Sanjaryň dostlaryndan biri bolupdyr. Ol özüniň ―Mukaddimet-ül-edebi‘ eserini Soltan Sanjara sowgat beripdir.
Soltan Sanjaryň köşgünde onuň goldawyndan peýdalanan alymlaryň ýene biri Omar bin Sehlah el-Sawidir.
Kitaphanalar Beýik Seljuk türkmen döwletiniň medeni derejesiniň ýokarydygynyň hakyky subutnamalaryň biridir. Döwletiň düýbi tutulan ýeri bolan Merw özüniň meşhur kitaplary bilen yslam dünýäsinde mälim bolupdyr.
Göwher HUDAÝNAZAROWA
S.A Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Gidromeliorasiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby