Garaşsyz baky bitarap Türkmenistan döwletimiz özüniň täsin tebigy künjekleri, taryhy ýadygärlikleri, özboluşly haýwanat dünýäsi bilen irki döwürlerden bäri jahankeşdeleri, alymlary özüne çekip gelýär. Ýurdumyzyň tebigy-syýahatçylyk we taryhy- medeni mümkinçilikleri, halkymyzyň baý milli däp-dessurlary we olaryň özboluşlylygy syýahatçylyk pudagynyň ösüşiniň möhüm ugurlary bolup durýar. Munuň özi, ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyndaky halkara derejesiniň ýokarlanmagyna, dünýäniň syýahatçylyk merkezleriniň arasynda möhüm orny eýelemegini şertlendirýär.
Tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gelýänleriň sany günsaýyn artýar. Çünki, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Hazar deňiziniň ekologiýa taýdan arassa, sapaly kenaryndaky meşhur syýahatçylyk zolagy bu gün dünýä jahankeşdeliginiň merjenine öwrüldi.
Bu jenneti künjekde, jana şypaly melhemler mekanynda ýerleşýän «Awaza» şypahanasy degişli düzümiň üstüni ýetirmek bilen, döwletli Diýarymyzda deňiz şypahanasynyň okgunly, depginli ösüşini hil taýdan täze derejelere çykardy. Ösen häzirki zaman dünýäsiniň ýokary hil ülňülerine laýyk gurnalan bu ajaýyp desga işe girizilen ilkinji gününden, ýagny 2018-nji ýylyň 21-nji iýunyndan bäri raýatlarymyza göreldeli hyzmat berýär. Muňa häzirki tomus möwsüminde «Awaza» şypahanasynda raýatlarymyzyň saglygy barada alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşanyňda, hasam aýdyň göz ýetirýärsiň.
«Awaza» şypahanasy bu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň binagärlik keşbini, onuň geografik taýdan gurluş düzümini baýlaşdyryp, owadan, sapaly künjegiň gözelligine has-da görk goşýar.
Gülnabat MOTAÝEWA
Daşoguz şäheriniň 2-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi