Ýer ýüzünde dürli ýurtlaryň howa şertleri biri-birinden tapawutlanýar. Käbir ýurtlarda ýylylyk örän pes bolsa, käbirlerinde bolsa ýylboýy yssy howa dowam edýär. Bu ugurda dünýäde iň yssy ýurtlaryň hatarynda öňe saýlanýan ýurt – Kuweýtdir. Bu ýurt diňe bir yssy howasy bilen däl, eýsem resmi taýdan ölçelip tassyk edilen iň ýokary temperatura bilen hem tanalýar. 2016-njy ýylyň iýul aýynda Kuweýtiň Mitribah şäherinde howanyň temperaturasy 54,0°C çenli baryp ýetdi. Bu dünýä boýunça iň ýokary howa ýylylygy hökmünde halkara derejesinde ykrar edildi.

Kuweýtiň şeýle yssy bolmagynyň birnäçe sebäbi bar. Ilki bilen, onuň geografik ýerleşişi sähralyk zonada bolup, çyglylygyň örän pesligi we Gün şöhlesiniň göni düşmegi bu ýagdaýy döredýär. Şeýle-de, ýeliň az bolmagy we topragyň ýyladyjy täsiri sebäpli gyzgynlyk ýerinde durnukly saklanýar. Bu ýerde ýaz we tomus aýlarynda howanyň ýylylygy köplenç 50°C-den hem ýokary bolýar.

Kuweýt bilen birlikde beýleki arap ýurtlary hem iň yssy ýurtlaryň hatarynda durýar. Yrakda 53,9°C, Eýranda 54°C golaýy temperaturalar hasaba alyndy. Saud Arabystany, Katar, Bahreýn we Birleşen Arap Emirlikleri ýaly ýurtlar hem örän gyzgyn howa şertlerine eýe. Şeýle ýurtlarda ýaşaýyş aýratyn şertlere baglydyr. Ilat adatça irden ýa-da agşamlyk öýden çykýar, köçelerde ýörite suw çüwdürimleri we salkyn ýerler döredilýär, öýlerde we ofislerde bolsa kondisionerleriň ulanylmagy hökmanydyr.

Eýran çägindäki Lut çöli bolsa ýer ýüzüniň iň gyzgyn nokady hasaplanýar. NASA-nyň sputnik arkaly ölçän maglumatlaryna görä, bu ýerde ýer ýüzüniň temperatura derejesi 70°C çenli baryp ýetýär. Bu ölçeg howanyň däl-de, topragyň ýüzündäki gyzgynlygyny görkezýär.

Bu günki günde dünýäde howanyň üýtgemegi bilen baglylykda ýokary temperaturaly ýurtlaryň sany artýar. Kuweýt ýaly ýurtlar öň hem gyzgyn bolsa, häzirki wagtda has-da yssy howa bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Bu ýagdaý ýaşaýşa, ykdysadyýete we daşky gurşawa uly täsir edýär. Suwuň ýetmezçiligi, energiýa sarp edilişiniň artmagy, oba hojalygyna zeper ýetmegi ýaly kynçylyklar ýüze çykýar. Şeýlelikde, dünýäniň iň yssy ýurtlarynyň ýagdaýy diňe bir geografik aýratynlyk däl, eýsem bütin adamzat üçin möhüm duýduryş bolup durýar.

Netijede, Kuweýt dünýäniň iň yssy ýurdy hökmünde tanalýar. Bu ýagdaý geljekde hem dowam edip biler we howanyň global derejesindäki üýtgemeleri sebäpli dünýäniň başga ýerlerinde hem şeýle şertleriň döreme ähtimallygy ýokarlanýar. Şonuň üçin daşky gurşawa edilen täsirler bilen baglylykda jogapkärçilikli çemeleşme zerurdyr.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara 

Nebit we Gaz uniwersitetiniñ kiberhowpsuzlyk fakultetiniñ Programma inženerçilik toparynyñ 2 nji ýyl talyby 

 Meredow Hezretaly

Mugallym Mämmetýazowa Ene