GOŞGULAR TOPLUMY

                    OGULJENNET BÄŞIMOWA

 Uly şäherlerde adam köp bolýar…

 Uly şäherlerde adam köp bolýar,

Köp bolýar yşyklar,

Hökman däl duýgy…

Wagt käte dertleriňe dep bolýar,

Gülkünç görünýär bu ýerde söýgi.

Akyp barýan sile dur diýen ýaly,

Bir adamy saklap, salgy sormaak.

Uly şäherlerde kir suwuň ýoly

Açyk ýaly…

Adaty zat: Hor bolmak…

 

Uly şäherlerde meseleler kän,

Wagt,

Ýer ýok sentimentalizime…

Adamlaň akymna barýan ýalysyň

Welin…

Käte ýöräp barýaň yzyňa…

 

Ýitirip orentir,Ýoldaşlaryňy,

Özüň ýitip gitseň käte ir bilen…

Uly şäherlerde adam köp bolýar,

Göýä olar bir- birini irizen…

 

Bu ýerde mähelläň eli jübsünde,

Belki ýarag bardyr, kim biler onda…

Bir adam görmersiň tutup jigsiniň,

Mekdebe äkidip barýan

Elinden…

 

Bizar bolmak moda ýaly hamana,

Bir- birege seretmeýär adamlar.

Göýä bärde üýtgän ýaly zamana,

Göýä bärden ýiten ýaly,adalga…

 

Bolsa bolsun,menem barýan köçeden,

Esentanyş ýaly, ýylgyryp hemmä…

Belki- de diýýändir olar içinden:

“Işsiz gezip ýören ,bir akmak, düňle”

 

“ Heý, nirä barýaňyz? Barmydyr aýbym,

Nansyz galan ejeňizi unudyp…”

Uly şäherlerde adam köp bolýar,

Gaçan ýaly bolýar…

Ähli umydyň…

 

Olar maňa ünsem berenok käte,

Käte biri, ýa ikisi geň bakýar.

“Wagty ýok adamzat” şeýlemi ýa- da…

Çalt geçip gitmekmi hyýaly hat- da…

 

Yzyna gaňrylyp kä daýym biri,

Belki- de hüňürdäp, belki düşünip.

Aýdaýasym gelýär: “ Heý men-ä däli,

Aslyňyza siz azajyk düşüniň…”

Aý bolýa- da dymdym,

Belki bularam gelende ýaňradyr,

Edil men ýaly…

 

Şu ýerde ýaşamak dert çökerýändir,

Olar hem bir mahal açyk dünýäli…

 

Ejeňi unutmak moda deý bärde…

Aýtmasam-a azar, aýtsam gep bolýar…

Pahyrlaryň özi bilýändirler-dä…

Uly şäherlerde adam köp bolýar…

 

 Watan

 Men seň adyň daşap , asyrlarmyza

Hem saçym şemalňa aşyk meň, Watan.

Söz berip tugumyz gaçyrmazlyga ,

Sözün tutan şahyr, joşup men Watan.

 

Göge galsam, baş harpyňy bellämde,

Bulutlaryň leblerinden ellämde,

Dür göterip, gaş kakmaga göwrämde,

Arşyň ýedi gatyn aşyp men, Watan!

 

Kebelekli merdiwanňy bökjekläp,

Saçlarmyň tellerni elimde epläp,

Ýetmiş müň äleme gulsem jak- jaklap,

Seň türkmen heňiňe sadyk men, Watan!

 

Gül dökülsin arabamdan gujagňa,

Bal dökülsin dabaraňdan ojagňa,

“Şahyryň watany” diýip, güjeňle,

Sensiz bir jülgede gädik men , Watan!

 

Şabaz atlaň baz oýnaşar , näz bilen,

Güller gökde gapaksyz sonarlanar,

Öýmämi ýel oýnar- ýerden ýaz galar,

Dessanlarňa büdrän aşyk men , Watan!

 

Dünýä sygman, köňle sygan hoşuňa,

Anbar saçyp töweregňe- daşyňa,

Bal gatyp ilimiň döwlet aşyna,

Seniň huzuryňa sadyk men, Watan!

 

Bulutlar gül döküp…

 

Eteginden gül döküşip bulutlar,

Geçdi gitdi aňyrsyna dünýäniň.

Gyşyň meňzi örtenipdir, solupdyr,

Paşman garyň ýer üstünde müňzäni.

 

Baharyň riştesi aýlaýar başyň,

Dal bedewiň agyzdaragy misli.

Çyrmaşyk nallara çyrmaşyp barýar

Gülhana öwrülip, bedewleň üsti.

 

Läläň ýaňaklary şowhunyn sazlap,

Bahary buşlaýan baky dünýäniň,

Eteginden gül döküşip bulutlar,

Puja öwrüp joşýar garyň müňzänin…

 

Derýa ör- boýuna galaýjak ýaly,

Dereleri begres kysmy atynyp…

Älemgoşar guçup alaýjak bolýar

Aşagynda ýatan meniň watanym…

 

Daglar derdiň ýaly nyzama durlar,

Zemin lälä monjuk dakyp derleýär.

Bu aýdymlar meniň synama gurlan,

Hem owazym: “Watan” diýip, gürleýän.

 

Gül reýhandan baglar sapyp hiňňildik,

Kebelekler sallançagyn üwreýär.

Şeýdip bahar başlar meniň ilimde:

Bahar gelse duýgular hem düwmelär.

 

 

Çala başyn egip sary ýasemin,

Sebzä dakyp, reňki täze sim-u zer

Bu ahwaly tanap bilen ýa Kerim!

Gül suwyn ýaýradar syna- da meger.

 

 

Taňrym! Taňrym!

Bu ne joşgun, bu ne ýer,

Teneçirler sazandalaň hatary.

Bulutlar gül döküp geçip gitdiler,

Arasynda galdy meniň watanym!

 

“DOGAN” DIÝERLER                                      

 Zeminiň gatyna syýa döker- de

Şygyr ýazar biz ikimiz barada,

Meň galamym.

Bagyşla sen ezizim,

Biziň söhbetimiz  dogan barada.

 

Biz baglaryň ýapragyna saralan

Şemallaň aýdymny diňläp ulaldyk.

Ulaldyk biz ýagşylygyň içinde,

Ýamanlygy geňläp- geňläp ulaldyk.

 

Göwräň ynjan köňüllere hoş bir ys,

Ejem seniň ýylgyrşyňdan dömdim men.

Bu giň howla göwün berip, boşlugyň,

Namedigni gözüm bilen gördüm men.

 

Okadyk, öwrendik geçegçiligin,

Bu gadymy, aldawçy ak dünýäniň.

Erkimiziň diňe ejemdedigin

Bildik hüwdi hakda bir heň diňläbem.

 

Biz ulaldyk- halypalaň sazynda,

Göre- göre bir- bireksiz oňmany,

Biz birek- birege ýylgyryş bolup,

Baýlaşdyrdyk “dogan” diýlen dünýäni.

 

Zeminiň gatyndan syýa döker- de,

Tebigat damardan söýgi goýberer.

Ana şol damardan bileje dämen

Syýalara  bizde “dogan”- diýiler.

 

 Ogluma

 Sen meniň syrdaşym, köňül köçäm sen:

Barýaryn içinden şarfymy süýräp…

Bu köçede: “Nirä barýaň?” diýlenok.

Dogurdan hem…

“Agşam nirä barýarkam?..”

 

Özümem oýlanýan: “Bu köçe hezil”,

Ugrumy hem bilýän, ajykmaýanam…

Megerem şu köçä aşyk bolanym

Üçindir, meşhur däl…

Adykmaýanym…

 

Bu köçede äýnek tozanlap galýar,

Görkezesi gelse, görkä:r her reňkde…

Akyllar eplenýär, güýç toba gelýär,

Bir gudrat döreýär etde hem süňkde…

 

Daga dyrmanmaga ugur bar bärde,

Suwdan geçseň- köpri,

bugdaýly meýdan…

Şarfymyň seçegni süýräp barýan men,

Özümi bu köçä “myhmandyr öýtmän…”

 

Dyrnagym bilenjik gazýan ýaplaryn,

Çöp- çalamyn aýryp, her taşlan bendäň…

Saçym ýarym döküp, ýarysyn toplap,

Şemal garşysynda hopukýan men däl…

 

Hemmesinden üstün, güýji bar ýaly,

Hiç kim düşündirmez, milt etmez asla…

Bu köçe şeýlebir serim durlaýar,

Aşagy boz toprak, depesi asman…

 

Hyýal guşum gonýar gapdalda baga,

Perdeleri ýyrtyk  sahna töwerek…

Göýä ujy alyslarda uzaýa,

Ondan başga zatlar nämäme gerek?

                                                                        

Bagtyýarmy? Şeýle!Şygyr ýaz, aýdym,

Parhy ýok, gitmersiň yssylap, üşäp…

Şu ýolumdan aýyrmasyn ýaradan:

Sen meniň mährabym, sen meniň köçäm…

 

 Meniň obam

Damarlamdan akyp barýan,

Obaň güýji, obaň güýji.

Almalary ganda dönen,

Sebäp ýaplaň suwy süýji.

 

Gijelerine çyrlaklaň

Sesi geler mellek taýdan.

Säherden guşluga çenli

Gumrusy popuri aýdar.

 

Metjidinde azany bar,

Melleginde azaby bar,

Her howluda mekge ýyglyp,

Lummur- lummur gazan gaýnar.

 

Gyzy, gelini edaly,

Çagalar ene ýapdadyr.

Garalysynda damaklar

Datlanar, sese rast goşar.

 

Tagty Süleýman güneşi,

Mirhaýdaryň ýoly geçer.

Sowuk, tereň suwlaryndan

Içip geçer gelen- geçen…

 

Murgapdyr goşa ganaty,

Daňy çygly, kükär ysy.

Meniň OBAM-PORTRETIM,

Men oň şol öňküje gyzy.

 

Pelleri bar , ter ýaprakly,

Gowaçasy dekor kibi.

Köçeleri çyzgyç ýaly,

Başga oba geçer göni…

 

Obamyň içinde galan

Ejem janyň mellegidir.

Miras bize ata- baba,

Nesilleriň gelmegi- de.

 

Kakam geçmişde galypdy,

Juwan ömrün goýdy gökde.

Agşam düşse a:t dakylan,

Oýnamaga gider HOKKEÝ.

 

Obam! Görküňe maýyl men,

Murgap ysly säherimsiň.

Obam- menem seniň gyzyň,

Goý gözlerme mähriň siňsin!

 

Sen deýin bolmaz dünýede,

Magnit merkezi ýalysyň!

Unudaýsaň, öýkelärin-

Ene undarmy balasyn?!

 

Obam! Juwansyň hemişe,

Men garrasam- ýaşlygymsyň!

Her toprak, her bir garyşyň

Meň sözlemden nagyşlansyn!

 

Gije syýa çümen ýaly,

Gündizlerine A:KJAM sen…

Sen dünýäň o çetinde- de

Tanalýan MARY- GÖKJÄMSIŇ!

 

 Salam

Salam, eý ýaşlygym, owadanjam meň,

Galpagyň syhyna garyşan şemal.

Tikin tiksem , görkli tükjäm meň,

Göwnüň kapasasy açyldy şumal…

 

Togar saçlam ýokdy dogry,bilýädim,

Gyz doganmyň saçy büjür- büjürdi.

A men bolsa, dogry ýoly dünýäniň

Göni tarlarynda dogry ýol gördüm.

 

Soňra ýalanmadym, çarkandygyndan,

Seniň saçlaň tary ýaly dogrydym.

Eý Ýaşlygym, salam owadanjam meň:

Men seni gelmäkäm, görüp doguldym…

 

Ýyllar geçdi, saçlaň tary şol durşy,

Hem olar selçeň hem çal sepen duman.

Salam eý Ýaşlygym, owadanjam meň,

Galpakly günlermi bilmen gaýtalap…

 

Ýöne şol ýoluňdan gidip barýaryn,

Özüňden öň ykbalyňy kowalap.

Salam eý Ýaşlygym, owadanjam meň,

Göni ýoluň bolar NESLIME dowam!

Oba.04.07.2024. 5:57

ARIS ÖÝ

(Öýmüze)

Seň çyzyklaň çylşyrymly däl eken,

Suratyny çekdim , geçen baharda.

Reňkem köp ulanman geçdim-de gitdim,

Gözlerim dynç aldy, gülüp bakamda.

Ari sen, aris sen, aristokrat,

Ruhuň ýaşan ynsanlaryň ruhunda,

Piter däl,

London däl,

Eýful başnýa…

Birinem deňemen, maňa soralsa-

Eý öýmüz-ejemiň, kakamyň öýi-

Bu men seniň şahyr gyzyň- dargursak…

 

Uzakdan seredýän, çyzýan mahalym,

Dört çyzyk diwarlar,

Hem bar hammamyň…

Gelsem tukat, gitsem tukat, näme üçin,

Bilmeýän men seň niräňde gam baryn?

 

Agtyk- çowluklaram ýerli- ýerinde,

Şükür rysgy kem däl, ýekesiniňem.

Ýöne men näme üçin tüýnük bagyndan,

Ýatyrkam hem öz- özümi çekýärin,

Çykarýan-da şonda seni serimden…

 

Ah ariýa, aris, aristokrat,

Sen meniň Eýfulym, ymaratymsyň!

Ýagşydan galarmyş abraý bilen , at,

Sen meň peleklere şygryň üstünden,

Iýberen yşk hakda akja hatymsyň.

Tüýnügiňden çykar gider kä daýym,

Ýa girer penjirä bakan nazarma.

Eý aris- dört çyzyk,tüýnük hem hammam,

Reňki az ulanan – aris gazalma,

Ylham sen,

Ylham sen,

Beýik bir Gapy,

Eý arisiň ýaşan, ariýan öýi.

Saldyran şol- Gündogaryň hormaty,

Ussaň ezber- açyk seniň ganatyň…

Men asla sen hakda şol günden soň hem

Ondan öň hem diňe , şeýdip ýazaryn…

 20.07.2024

 

 Diwardan asylan çagalyk suratymyň öňündäki oýlanma!

 Özüm, salam!

Ýagşymysyň, bilmedim?

Saçlaň bardy gaýmak ýaly egnimegöýäki dökülen bir gara derman.

Seni näler bagra basjak-la welin,

Sen uzakda arman, uzakda arman…

 

Özüm, salam!

Pikir bilen şekerdiň,

Gözleň nokadyndan eýmenýän häzir.

Bakyp dursuň, garagyma ýokardan,

Diwardan seretmek, seň soňky käriň!

 

Özüm, salam!

Ýylgyrşyň ýok, näme üçin,

Ötlem- ötlem ýaly düşünýän zadyň?

Bäş, alty ýaş içindesiň şo mahal,

Ýöne gorkýan senden,

Göýäki maňa bakýan ýaly

Törden ullakan adam!

 

Özüm, salam!

Indi- indi saplandym,

Seň edýän aladaň- şygryň çilesi.

Näme bolsa, ýüregimde mähir kän,

Ol Watanma hem mähriban iledi…

 

Özüm, salam!

Owadanjam, şar gara

Gaşlarmyň  burçunda heser çökenim…

Özüm, salam,

Özüm, salam,

Tokmagym,

Sen meniň dünýämde özüm ekeniň!

 

Özüm, salam!

Hile näme, al näme-

Bilmediň dünýede ,Hudaýa şükür.

Mundan soň hem adam aldap ýörmersiň,

Bilýän tokar, bilýän , pikirli tokar…

 

Özüm, salam!
Mellegmiziň bägülin

Kakam seniň üçin ýetişdirerdi,

Ejem köýnegiňe gül keşdelärdi,

Doganlaryň bolsa, uly otagdan

Gülki sesleri hem eşidilerdi.

 

Zähmede ýugurdy ene hem ata,

Rysgy akyp ýatsa-da meň maşgalam.

Eli işsizleri halamazdylar

Ulular şo döwür…

Zehinlim, salam!

 

 Häzir garry öýde bolsadym biraz…

 Häzir garry öýde bolsadym biraz,

Körpäň “ejesidir” öýdüşin geňläp:

Sallançagyň jygyldaýan enjamnyň,

Ejem barka aýdan “aýdymyn” diňläp…

 

Kyrk çille içinde “hykyrdap” ýatan,

Körpäň “nirelerden gaýdyşyn”diňläp…

Üçekleň üstüne daman damjalaň,

Ol hakda syrly heň aýdyşyn diňläp…

 

Köne “jygyldadan’ alyp lezzeti,

Çaýyň käsä bakan  gaýdyşyn diňläp…

Enem…

Ejem…

Kakam…

Doganjyklarym…

Maňa uly şahyr öýdüşin diňläp…

 

Mellekgyra “azatlyga” çykarlan,

Ördekleň suwoty tüýdüşin diňläp…

Tamdyrtow taýýarlan gelinejemiň,

Gyňajyn oklaw deý öýdüşin geňläp…

 

Joýalaň içinde sary jüýjeleň,

Goňşa öz mellegmiz öýdüşin diňläp…

Başlangyç synpdaky jigimiň öýe,

Bagjygyny süýräp, gaýdyşyn geňläp…

 

Wah, häzir bolaýsaň, garry öýmüzde,

Garpyzlaň toşaba geçişin geňläp…

Ot maşynnyň mekge palajyn küle,

Mäjuma öwürip seçişin diňläp…

 

Wah häzir bolaýsaň,garry öýmüzde:

Ejem ak kökeden tutup ýüküni,

Gyzyl alma bilen getirerdi kän,

Satyp,mellekdäki gökje ekini…

 

Wah, häzir bolaýsaň, garry öýmüzde,

Geçiräýseň, şu zatlary ýazga bir.

Ah, indi zol- zol öýmüze gitmäge,

Ýarabam duramzok, indi garr-a biz…

 

Ah häzir aý gaçsa üçek tagtyna,

Gupbaly öýmüzem ulygyz ýaly.

Dünýäde bir nokat baryn agtyga

Aýdyp bermek üçin taýýarlanýaryn…

 

“Ahh, häzir bolaýsa garry öýümiz…”

-diýip, agtygym hem ýazaýar ýaly.

Has süýji hallary düşündirýärin:

Ol hem bir gün garrap, hut biziň ýaly…

Iň süýji nokady saýsa dünýäniň,

Alyp gelse, käte goş- golamyny,

Diýäýse:

“ Bolaýsa, garry öýümiz,

Wahh,häzir enemiň ýanyna çöküp,

Diňläpjik bolaýsa goşgularyny…”

 

Uzakdan gelen hat

 Salam Oguljennet!

Hallaryň niçik,

Bu gije açdyňmy şygryň gutusyn?

Nijeme pikirleň donlaryn biçip,

Sen asyrlaň okalmajak hatysyň…

 

Salam Oguljennet!

Barmydyr bir tap?

Hem deňi- duşlarňy görýäňmi käte?

Kä mahal açylan bägüli ysgap,

Gül bardygyn unutmagyn dünýäde!

 

Salam Oguljennet,

Iller amanmy?

Sen deýin gözele bärde duşmak hal!

Meniň şo pikirim:

Çyzyp galammy,

“Seň keşbiň üýtgäpdir” diýip biljek däl!

 

Salam Oguljennet!

Gaşlaň çytykdy,

Ýalňyzlyk derdinde halyň bardy seň…

Entek- entek ýazjak zatlaň ýetikdir,

Şygryýet howaly bagyň bardyr, seň!

 

Salam Oguljennet!

Zehinli uýam!

Hem syrdaşym- müň ýyldan soň üýtgemez…

Salam Oguljennet,

Kepil men uýam!

“Garraýan” diýipsiň,

Uýam, beýtme sen!

 

 Ejem gelip…

Üçekleň aýdymyn diňläp ýatyryn,

Ejem tamdyrtowdan geläýjek ýaly…

Şalpy- şaram üsti başy, gyňajy,

Häzir hut özi hem eräýjek ýaly…

 

Mal ýataga ýagşyň geçýänin aýdyp,

Zeýrenjegem bolmazdy ol, öýde kän…

Käte bir doganma igenerdi hem:

Diýerdi: “ Bejeräýmel- ä ahyr öýdekäň…”

 

Häzirem ýagyp dur, şol köne ýagyş,

Getirip gussany öz ýoly bilen…

Wagtyň damaryna çekip ol nagyş,

Dur meniň aňymda gozganybilmän…

 

Näme üçindir adam küýseýär käte,

Geçilen ýollaryň süýji gussasyn.

Kim bejerer köňlüň ajy derdini,

Kim synyk ýamalaň ezber ussasy?

 

Sowalymy kime berjegim bilmän,

Gaýta- gaýta wagta ýüzlenip mäkäm

Men ýagyşyň üçekdäki sesinden,

Diňleýärin “aýak basyşyn” Notaň!

 

Ezilýär köňülem ýagyşly günde,

Oň sesin diňleýän goýup işimi.

Her ýagyş ýaganda baş atgyjy öl,

Ejem gelip, açjak ýaly işigi…       

 

Ýönekeý ýodajyk

Belki-de beýlebir gözel hem däldir,

Meni munça oda salary ýaly…

Ýöne ömrüň sahaplarna dolaýar,

Zordan ýaza çykan balary ýaly:

 

Ýaprak ýatyr…

Güýzem geçdi…

Gyş geldi edil aýralygyň hazany ýaly…

Belki- de Mejnunyň öňünden çykar,

Ol dyzyna çöküp, alary ýaly…

 

Derekler çyzgyç deý durlar hatara,

Käte- de ussadyň galamy ýaly…

Birden- birden soňsuzlykdan ses gelýär,

Ylham perişdäniň habary ýaly…

 

Käte bir öwüsýär çapgyn,sowuk ýel,

Atanyň ogula gazaby ýaly…

Belki- de diýýändir: Git- de duýup gel,

Enäniň perzende azaby ýaly…

 

Belki- de beýle- de däldir bu ýoda,

Ussat şahyrlaryň ýazany ýaly…

Ýönekeýje bolsa bolubersin ol,

Ejemiň gamlyja gazaly ýaly…

 

Dylym- dylym edýär gökde bulutlar,

Şu ýodany tapyp ýazanym bäri…

Belki ýene geçer bu ýerden biri:

Meň şahyr ýüregmiň nazary ýaly…

 

Düýşümde meň kakam barmyş…

 Indi ýetim dälmişim…

Dälmişim hem egni gysyk,

Aýakgaby deşigem…

Şähdi açykmyşym ylla,

Iýjegimem känmişin,

Indi alada dälmişin gyşda galyň eşigem…

 

Düýşümde meň kakam barmyş,

Ýokmuşyn oň serhedi.

Kakasyzlyk asla beýle

Serhetsiz öýtmänmişim…

Düýşümde meň kakam barmyş,

Şuja ýyllar eýse kim

Maňa kakasyzlygyň ýüküni

Göýäki bir aýtmanmyş…

 

Düýşümde meň kakam barmyş,

Saralýarmyş köküme.

“ Meň gyzyma degmäň , asla”

Diýip bilýän janserek.

Düýşümde meň kakam barmyş,

Iýdirmeýän hakymy:

“Saňa gyzym indi besdir,

Ýetimlik nämä gerek”

 

Düýşümde meň kakam barmyş,

Indi arkaýynmyşym hem,

Göwnüm berrak, şygrym deňiz,

Galamym hem ýelkenmiş.

Düýşümde meň kakam barmyş,

Gamlar serpilenmişin,

Hak ýolunda şeksiz duran,

Ýeke- täk galkanmyşyn.

 

Düýşümde meň kakam barmyş,

Öz- ä täsin düýşmişin,

Düýşümde meň kakam barmyş,

Başga zatlar hiçmişin.

 

Başgaça mümkin däl eje!

Başgaça mümkin däl eje! Söýmän ekenimmiş bar şol…

Sen meni ýene “Günäsiz balamsyň” diýip garşy al!

Sen eje ahbetin, bilýäň: Gyzyň demi gelmez sensiz.

Kakam meni geçmişdäki suratyna daňyp gitdi,

Ýogsam onsuz, ýogsam onsuz…

Oglanlygym doňup gitdi…

 

Başgaça mümkin däl eje, “Jiglermiň boýny egilmän,

Dursun” diýdim, kerkaw ýaly…

Gezdim ýördüm, gezdim ýördüm, sag dünýede

Syrkaw ýaly…

Damarlam ýogsa taýakdy,güldüm şol ýansa- da içim,

Sensiz galmak ýeňil iş däl, başgaça mümkin däl eje…

 

Kesgitlenen ädimlerim, nusga boldy ula- kiçä,

Mümkin däldi undulmagym, Başgaça mümkin däl eje!

Ýokdy göwnümiň awlagy,ýel bilen ylgap geçdim men…

Mejnunyň hyrkasyn basyp, Leýlini üwräp geçdim men…

Duýgulam dartdy- la ýüjä…

Saýhallandym soň kem- kemden…

Başgaça mümkin däl eje, sensiz dünýede kemsinmek…

 

Jiglermiň elinden tutup, ýörjen etdim, ýörjen etdim.

Özüm lokmamy iýdirip, üst- başlaryn gurjak etdim.

El uzadan zatlaryny alyp berjek boldum mydam,

Başgaça mümkin däl eje,

“Wi ýa- da şol mümkinmikän?”

 

“Eje, eje,eje, eje, daşymdan aýdasym geldi,

Kemsidildim,kem görüldim,öýüňe gaýdasym geldi…

Emma gözýaşlarym bilen görünmedim ile hijem,

Çaga deý göz- gaşlam bilen, diňledim aglan göremde,

Öýe barýan bolsam gijem…

Başgaça mümkin däl eje, başgaça mümkin däl, eje!

 

 Ejem ýaly…

Dünýede gowy adamlar

Tiz ýaşaşyp geçen ýaly…

Aglasyň gelýär käteler,

Adam görseň ejeň ýaly…

 

Dymmalyk ýar boldy maňa,

Ýaňralyk hut göçen ýaly…

Gürleseň- dä hut käte bir

Garabagyr ejeň ýaly…

 

Süýji günleň kölgesinde

Jennet suwun içen ýaly…

Meň uçma düşesim gelýär,

Ejem ýaly, ejem ýaly…

 

Däli köňlüm uçdy göge,

Sen kapasam açan ýaly…

Sen kakama meňzeş käte,

Kä mähriban ejem ýaly…

 

Derdimiň intizarysyň,

Dert, sen hem men üçem ýaly…

Sen meniň arym- namysym,

Hem höwürim ejem ýaly…

 

Düýbi deşikdir girdäbyň,

Biz öňem bir geçen ýaly…

Bile ýatlansak bor soňra,

Kakam bilen ejem ýaly…

 

Erkek dogan

 Erkek dogan suwjuk bolmaz,

Ýüregi hut çelpek dogan.

Barsam, gaýtsam ýollaryma,

Sözüň bilen gül dök dogan.

 

Bir mahallar batbörege

Çolaşardy galpak dogan…

Diýme maňa: “Sözüň çuň däl”

Aýna ýaly ýalpak dogan!

 Mündirer “sürerdiň ulag”

 Bizi

 şonda galtak dogan.

“Geldi- gelmedi” diýmäwer,

Gözde gizläp, çylpyk dogan.

 

Süýji geplemersiň bilýän,

Şonda- da ýürek dok dogan…

Seň kalbyň aňyrsy umman,

Garramawer entek dogan,

Erkek dogan, erkek dogan…