Ol gün… Ol gün başga bir gündi… Toý gidip durdy. Daş – töweregiň şowhuny gulagyňy deşip barýardy. Toý, ýene – de toý… Şükür, toýlar toýa ulaşybersin! Toýlarda gazanlar gaýnasyn, çelpekler ýapylsyn, küşt depilip, altyn gabak atylsyn! (Toýuň dabarasy) Ýeke – ýalňyz, bir başyna perzendini gözli – başly etmek üçin bütün ömrüni ýeke geçiren, hany – manyny, bütün dünýesini, barlygyny ýeke perzendine bagyş eden ene ,perzendiniň bagty üçin göreşen ene bu gün ilini – gününi üýşürip, toý tutýardy, onda- da nähili toý?! Ene uludan demini aldy: – Heýýý, şonda … Ýüregimiň häzir ýeke perzendimi gözli – başly edýärkäm, baran derejesini diýsene! Bagtdan ýaňa uçýardym, şol pursat. “Maňa perzendimiň bagtyna guwanmagy nesip eden Allama müň şükür”- diýip, ganatlarymy ýere düşürjek bolýardym! Men şol pursat ARŞDADYM! Birdenem boýdaşym elimden çekdi- de meni bir çete çekip çykardy. Menem: “Meň bilen tans etjek bolýandyr”- diýip, ellerimi galgadyp tans etmäge başladym. Ýok, beýle däl eken. Ol ýylgyrdy – da meni bir çete alyp çykardy. Elindäki torbajykda getiren sowgadyny maňa tutdyrdy – da: – Toýa getiren sowgadyny elime tutdyrdy- da bir çete çekip ony uzadyp bir zatlar diýdi. Toý şowhunynyň içinde hiç zat eşidilmeýärdi: – Şuny aç! -Gaşymy çytyp: – Näme diýýäň? Eşidilenok?! Edil toý güni meni boýdaşym toýuň bir ýan çetine çekip, maňa “sowgat açdyrar” öýdemokdym… Beýle – de bolýar eken… Elime berilen torbajygyň içinde bir gizlinje zat bar ýalydy, ol ýylgyryp seredýärdi: – Açsana, gyz, aç… Boýdaşymyň maňa ýylgyryp durşy meni birmahallar dünýäniň iň ýyly nokadyndan alyp gaçan bir ýigidiň ahynda täzeden oýanjak duýgularymy açjakdygyny men ne bileýin? (Toýuň dabarasy) Men ony alyp tansa çykjak boldum – da , elinden çekdim: – Dursana, entek açarys, nämä howlukýaň? Ýör, bu gün bärdesiň – ä , toý ýerinde sowgat açyp dursaň, nähili bor, ýörsene gyz , tans edeli -le! Ol elimden çekdi – de ýene – de meni sowgat – salamdan doly stolyň gapdalyna çekdi, elimdäki öz getiren torbajygyny hallanlatdy-da ýene-de gülümsiräp: “aç” diýdi. Men gaşlarymy çytyp, boýdaşymyň ýüzüne seretdim – de birhili nazar bilen ýüzlendim: – Näme bar gyz , muň içinde? Oýun edýändir, öýtdüm, belki- de ýaşlygymyzy , talyp ýyllarymyzy ýatlap, oýun edýäňdir öýtdüm… (Toý dabarasy, toý eýesini çagyrýan sesler, iki jahan owarrasy bolup duran toý eýesiniň nirä gitse gowy boljakdygyny bilmeýän aljyraňňy sesi birhili garjaşyk duýgulary ýada salýardy: – Waýeeeýýý, nädýäň gyz, soň açardyk – da. Men boýdaşymyň sag- aman elinden sypsam bolýar, “göwnüne degäýmeýin”- diýip hem çekinýän. Toýda bar kişi asyl şeýlebir ynjyk bolýar eken welin, öňki ynjyklyklarynyň hem üstüne iki esse bolaýýar ekeni. Hamana toý eýesi toýuny taşlap, olaryň ýüzüne seredip oturmaly ýaly, toý eýesiniň başga işi ýok ýaly. Toý eýesiniň derdi ýetik ahyry, toýuň aladalary, gelýän –gidýän myhmanlar, toý şagalaňyny döretmek üçin gelýän bagşy-sazandalara halat – serpaý, ýedi ýaşlydan ýetmiş ýaşla çenli ähli kişileriň toý eýesini görjek bolup, çozuşyp gelmeleri, garaz toý eýesiniň ýakynlaryndan başga – da aladasy kän ahbetin, şol gün. Menem şol sebäpli baý boýdaşymyň elinden sypjak boldum- a . Olam- a sypdyrarly däldi. Men: – Ýör küşt depeli- le tans edeli- le diýdim. Näme diýsem hem geçmejegni bildim. (Garaz sowgady açaýmasam ol meni sypdyrjak däldi.) – Açsana… ! Men boýdaşymyň aňsat – aňsat adama ýalbarmaýanyny bilsem hem , toý şowhunynyň içi bilen ýene – de boýdaşymyň eginleriniň üstünden toýuň dabarasyna seretdim. Ellerini galgadyp “meni çagyrýan” myhmanlaryma çalaja ýylgyran boldum – da ýene – de boýdaşymyň ýüzüne seretdim. Ömrümde nijeme müňlerçe gezek sowgat berilen hem bolsam, hiç wagt sowgat getiren adamyň öňünde getiren sowgadyny açyp görmändim. Bu meniň ejabyma gabat gelmeýärdi. Ol meniň medeniýetimde ýokdy, enem – atamdandyr, belki… Sowgat görmedik zadym däl, ýöne ol häzir sowgat açyp dursam, meniň ýaşyma – da gelişmeýär ahbetin… Onsoňam, sowgat bir bahana , göwündir adamyňky, göwün… Men çalaja ýylgyrdym – da şowhun – dabaranyň eýesi hökmünde ellerimi tans oýnaýan myhmanlara galgatdym: – Barýa- a- a – n… Göýäki olar hem bu golaýda barmajakdygymy bilýän ýaly, indi özleri güýmenip, bir – biri bilen tans edip ýördüler, ýadadylar megerem ellerini galgadyp: Maňa “gel” diýmekden, kim bilýä? Menem ynha durun , sömelip, toýuň bir çetinde , sowgatlar goýulýan uly tegelek stolyň başynda, özüme uslyp bilemmok şony, myhmanlary taşlap, sowgatlary açyp durmany, hem utanýan… Elimde – de torbajyk… Häzir açaýamda – da men barybir ünsümi bermejekdigime şübhäm ýokdy. Boýdaşymyň barybir meni goýmajagyny bildim: Dünýäm bilen seslendim: – Aýtsana gyz näme bar… munuň içinde? – Açaňda bilersiň… Elim torbaly yza çekildim – de onuň ýüzüne seretdim: – Toý gutaryp barýar, jan dogan, adamlar gaýdyşýar. Sähel salymyň içinde geçip gidýän dabara gatnaşman, toýuň bir ýan çetinde dursak, nähili bolar gyz? Näme bolýar gyz saňa? Toba?Boýdaşym gözlerini meniň gözüme dikip, ýylgyrýar:- Bol aç! – Bäh beýle – de bir kejir zenan bolar eken. Soň açsak bolmaýamy muny, toý gutarsyn, öýe gideli, arkaýynlykda çaý başynda… – Ýok aç, häzir aç! Men öýe baryp oturmaýyn, uzak ýola ugramaly, eýýäm gijäniň ýary, ertir işe barmaly. – Bolýa, soň yzyňdan jaň edip aýdaryn näme bardygyny… Ýylgyryp, oýun edip durşuma, ahyry, gat – gat kagyzlara dolanan sowgady açmaga başladym. Wagtym şeýlebir çäklidi. Toý gutaryp barýardy, her kim gutlajak, tans etjek , uzakdan gelenler gaýtjak, ýakyndan gelenler bile ýadygärlik surata düşjek. Garaz türkmeniň bütün ömrüne garaşyp, sähel salymda hany – manyny seçip edýän toýy sähel wagtda geçip gidäýýär ekeni. Menem öz ýeke perzendimiň toýunda toý dabarasynyň hiç bir ýerini sypdyrmajak bolup, baý jan edenem bolsam, onda – da ine, biri meni gyssap, müň gat kagyza dolanan sowgadyny açydyryp dur- a maňa, muňa näme diýjek? Görsene, bolýan zatlary?! – Aýtsana gyz?Men kagyzlary gaharyma ýyrtyp- ýyrtyp zyňýardym, setanda – seýranda ýylda bir gezek ýa görüşýän , ýa görüşmeýän uzaklarda ýaşaýan talyplyk boýdaşymyň meni beýdip “ezip” durmasy göwnüme meniň üçin ezýet ýalydy. Onda- da syr bildirmedim. Kagyzlary ýüzüne zyňasym gelýärdi. Gyssanýardym. Arman çagalyk boýdaşym. Oňa hiç wagt gaty- gaýrym söz aýdyp görmändim, ol hem maňa şeýle. Dostlugy mukaddes saklap bilýän adamlar az- az bolýar. Ol hem şolaryň biridi. Dostluk gymmat zat. Ol maňa häzir öňkülerinden has syrly görünýärdi. Syrly ýylgyrmasyna nazar salanyňda, men häzir täsin bir taryhy tapyndynyň üstünden baraýjak ýalydym… …Açmaga başlasam hem nijeme gezek gat – gat kagyza dolanan kiçijik zada ýeter ýaly däldi. Bir mahallar toý – dabarada ýigit bilen gyza kö-ö-öp kagyza dolap, sowgat açdyrardylar. Sowgatdan hem ýa bir oýunjak çykar, ýa- da bir ýaglyjak. Menem ýüzlerçe myhmanlarymy taşlap, häzir bagtyýarlyk aýdymyny aýdyp duran ýüregimiň güýji bilen, ýeke -dikrarymyň toýunda ýüzlerçe gata dolanan kagyzly sowgady açýaryn. Ýöne meniň tomaşaçym gadym toýlarda açylýan toýuň ähli myhmanlary ýaly köp tomaşaçyly däl- de ýekedi. Belki toýdaky beýleki boýdaşlarym, tanyş- bilişlerim “Näme işleýä- gyz ol , o ýerde güýmenip… “ diýse-diýýändirlerem. Emma men barybir durun. Meni sypdyrmaýarlar. Elimdäki sowgat bilen märeke deňziniň içine garşy urup giresi gelýär, ýüregimiň. Onuň telwasyndan ellerim titreýär. Men şeýlebir tolgunýan. Göýäki men häzir uçmalymyşym bir ýerelere, emma ganatlarymy bir ýüpjagaz goýbermeýärmiş. Hem gülkim gelýär, hem gaharym… Arasynda gaharym hem gelýär. Ýöne uzak bir ýerden ,şonça ýol geçip gelen boýdaşymy ynjytmajagym belli… Toý mähellesiniň arasyndan gelýän seslerem setanda- seýranda eşidilýär: – A gyz gelsene… – Şahyr , gel ahbetin! Uzakdan salganýan ellerden utanyp, aýak aldygyna sowgadyň kagyzlaryny ýyrtyşdyrýardym. Ýadymda… Şol gije- de aljyrapdym, edil bu gije- de aljyradym… Ýöne bu aljyraňňylygyň ýalňyzlyk däldigini bilýärdim. … Men sen öýlenen gijäň çyndan hem aljyrapdym. Utanypdym. Ýeri seniň toýuňa alyp gidýän kim diýsene, meni şonda? Bolsaň bolupsyň- da joramyň… Adam pahyr bu giň dünýede özünden bidin hem başga bir älemleriň bardygyny unudýan bolmaly, nä bileli seniň beýle zatlara ulaşyp gideniňi… Sen öýlenen gijäňem… Soňra bir är ömründen soň, on ýedi ýyldan soň seni toýda gören gijäm hem şeýle boldy… Aljyrapdym. Hat – da özüm parahat bolsam hem , wakalar parahat däldi, hi-i-iç, ýok h-i-i-iç parahat däldi… Men ony seniň okamadyk hatlaryňda ýerleşdiripdim, bilýändir okyjylarym. Seniň okamadyk hatlaryň gör näçe ýüzünjisidir bu… Emma men entegem saňa hat ýazyp bilýänime, entegem göwnümde seniň oturandygyňa, seniň meni unutmaýandygyňa ynanşym ýaly ynanýaryn… Beýleki boýdaşlarymyň biri toýuň dabarasynyň içinden adymy tutup gygyrdy: – Agyz geleňokmy? – Barýan, barýan… Men gözlerimdäki müýnli garaýşy garşymda durana bakdyrdym – da içimdäki alasarmyk pikirimi jemläp, hüňürdedim, oňa eşitdirmän: – Şu toýda şular ýaly dolamak nämä gerek, sowgady? Içimden has gaharym gelmäge başlady… Ahyry elim bir ýumşak , ýüpek bagjyga ildi… Ol ýylgyrdy… …Ellerime alan bukjamy bagryma basyp pyrlanasym geldi, şol bagtly günüm… Ellerimde bukja , pyrlanmakdan ýaňa başym aýlanýardy, belki…Mähelläniň içinde pyrlanyp ýörşüme özümiň “Iň bolman, hayrly bir gün bir zatlarda ýeňjekdigime ynamym hemişe bolan” duýgyma minnetdarlyk bildirýärdim, özüme! Göýäki çaga bir ýetip bilmeýän zady beriler- de ol berlenine ynanman, gözlerini petredip durar -a , ana şoldy häzir meniň ýagdaýym… Emma bagtyýar ýaşlary görüp, olaryň bagtyna guwanyp, olaryň bir – birine gowuşmagy üçin elimden gelenini edip, kynçylygy, ähli zady ýeňip geçen günlerime minnetdarlyk bildirýärdim, şo pursat. Käte- de ynanman içimden özüme gygyrýardym: – Ýooookk, ýooookkkk… Şu bukja meniňkimi? – Howa, howa seniňki… Boýdaşym gözleri bilen şu sözi gaýtalaýardy. Ol göýäki maňa: “Men ony wagtynda getirip berip bilmedim, ine, bu gün onuň özüňkidigiňe göz ýetirmegiň üçin , bagtyň iň ýokary derejesinde durkaň, seň bagtyňy goşalandyrmak isledim” diýýän ýaly, tans edişime seredip bagtyýar ýylgyrýardy. Birdenem gapdalyma geldi- de meniň soraglarymyň ählisini çözdi. Meniň nazarym oňa bakyp sowal berýärdi: – Bu bukja…? ŞOOLmy – Howa, howa, bu şo- o- ol saňa wagtynda berilmedik bukja, mähriban… Wagtynda berilen bolsady… – Aýtma, aýtma yzyny… Ýaňaklarymdan togarlanyp gaýdýan gözýaş damjajyklary toý gözýaşlary bilen , bagt gözýaşlary bilen garylýardy. Çagalarymyň bagtyna guwanyp durşuma, öz bagtymyň nirelerde ýatandygyny, ony haýsy bukjadan tapyp getirip, bu gün elime tutdyrandyklaryny pikir etmegäge- de wagtym bolmady. Myhmanlar gaýdyşmana başladylar… Her kimiň göwnüni bir görjek bolup , aljyrap ýörşüme elimdäki bir zady näme üçin gysymlaýanyma- da, “gaçyraýmaýyn”- diýip, pikirimiň içinde duran bir gyzgynjak duýga- da men şaýatdym , şonda! Ýöne men anyk pikirler bilen ýüzbe – ýüz däldim. Men näme üçin bu bukja mundan kyrk ýyl ozal däl – de gel – gel bu gün şaýat boldum…Bu bukja eýe boldum…? Toý aljyraňňylygynyň üsti bilen men bagryma basyp ýören zadymyň nämedigini hem undupdym. Diňe bir zady bagryma basýardym, bir- ä ýary bilen bagtly bolmagy üçin elimden näme gelen bolsa, dik durup, öňüni arçap, ak ýollara, ak maňlaýyndan öpen balamy, birem gujagymda mäkäm saklap, ellerimiň içinde eräp barýan kiçijik el bukjany. Arasynda hem boýdaşymyň ýanyna gelýärdim: – Çyndanammy? – Ynan, şoool seň elbukjaň… Arman… – AÝTMA , ýalbarýan, men seniň dodaklaryňa barmaklarymy goýmak isledim, ejap etdim… Toý şowhunyň, dabaranyň içinden ikimiziň gürrüňimiz ýaňlanýardy: – Ol ony… bu saňa…diýip, iýberdi… – Sen … – Howa men getirdim, al, nesip etsin… Bu seniňkimiş… Şonça ýyl berilmän saklananmyş. Ilki onuň eýesi sen dälsiň öýdülenmiş. Soň başga biri hem däldigine göz ýetirilenmiş. Soň saňa bermäge , iýbermäge ýollar kesilenmiş, soň ýollar açylansoň ejap edilenmiş, soň birhili görülenmiş… Bu günem… ŞU bukjany bermegiň şundan amatly pursady ýokmuka diýýän, “Bukjany bagt perdeleriniň çür başyna baranyňda getirip bereýinne” diýdim. Ýogsa köp gezekler ony saňa bermäge synanyşdyk… – O nähili meniňki, oýun etmesene?! – Çynymy aýdýan… Garry mamamyňkymyş! – O nähili? Garry mamaň? A sen? Myhmanlar megerem: “Bu ikisiniň söhbeti gutarmady- la” diýýändir, diýip, içimden oýlanmaga- da wagt tapýardym, şonda. – Howa! Ony ejem hijimize dözmedi, hat – da… Aşak seredip, müýnli ýaly bolup durşuna meniň gözlerimiň içinden gaýnap, ýüregimiň jümmüşindäki töze gyzgynlyk düşüren güýjüň nämedigine düşünjek bolşum, onuň jogabyny senden gözleýişim… – AÇSANA, aç… Ol seniň nesibäň? – MEN… meniň… men… (Entegem ýaňlanýan gysgajyk söhbet juda süýjidi)(Toý dabarasynyň içi bilen şol gaýtalanyp durdy, gaýtalanyp durdy…) – Howa, aç ahbetin! Men ellemiz bilen hem açýardym, hem aglamaga synanyşýardym: – Görsene, bu nähili beýle bolýar? Öz gelnimiň toýunda özümi… Içimdäki gaýnaýan güýçmi, çeşmemi, bir gyzgynlyk meni alyslara äkidip, ellerimden tutup, bir garly gaýada pylçap – pylçap dag daşlaryna urýar, men ýene direlýän, ýene – de ol meni garly , sowuk daşyň ýüzüne urýar, men ýene direlýän. “Diýmek sowuk bilen yssynyň tebigaty bir ýerden bolmaly” Bu bukja mynasyp bolmak üçin elenen günlerimi diýsene. Sen ol günleri nähili geçirendigimi bilýänem dälsiň… Howa, bilýän hem dälsiň: Birdenem bütün toýy saklap: – Duruň! – diýip, gygyrasym geldi. Emma gygyryp bolaýýarmy? Duruň! Duruň! Ine , serediň, bu meniň elbukjam, buny maňa, buny maňa!… ýyllar öň gowşurmalydylar. Ellerimde tutup duran elbukjamy aldym- da bagjyjagy hem sallanyp dur, jigiňe uzatdym: Dodaklarym garly gyşda tebsiräp, ýaryk- ýaryk sowukdan dilik açan ýaly, zordan gürleýärdi: – Bu seňki ahbetin! – Aýyrsana gyz, meňki bolarmy, ony saňa iýberdi, ejem… – Men kim? Men gaşlarymy gerdim – de soraga jogap tapmajagymy bilip, dünýäniň çar künjüne gözümi gezdirip, aç wagty bir döwüm çörek berilen gyzjagazyň ellerindäki çöregi niresinden başlap iýip başlajagyny bilmeýşi ýaly bolup durşuna, bukjanyň niresini ellejegimi – de bilmedim. Gödek barmaklarymyň arasyndan bir mahalky näzijek hem – de ysgynsyzja barmaklarym görnüp giden ýaly boldy. Bu elbukjany näzijek barmaklar tutmalydy, mundan nijeme ýyllar öň… Howa, ol näzijek barmaklar… Olar meniň barmaklarym, olar meniň saňa, seniň okamadyk hatlaryňy ýazan, seniň ýazan hatlaryňa jogap ýazmaga hem ejap edip, “dyman” barmaklarym, barmajyklarym… Ol barmaklar nijeme gezek saňa hat ýazmana synanyşdy. Ol elbukjada saňa ýazylan hatlar durmalydy. Indi ol hatlar hem saraldy, yşk bir kiçijik ýadygärlige öwrüldi. Emma ol hatlaryň saralan suduryny salmaga elbukjamyň bardygyna men begendim. Ol hatlar hakyky ýerinde durjak, seniň okamadyk hatlaryň maňa berilen elbukjada öz ýerini tapar. Bu esasy zat. Barmaklarmyň arasy bilen tutup barýan elbukjamy mähelläniň içinden bagjyklaryny sallap ýöräp barşyma çyn söýginiň ýadygärligini äkidip barýan ýaly, haýaljak ýöräp, kalbymda yz goýan söýginiň suduryny göterip ýörap barýärdym. … Bilmedim nireden ýöräp barýardym, bilmedim haýsy köçeden, haýsy baglaň içinden. Ýöne geçmişden bu güne gelen nesibesiniň nijeme ýyllardan soň, öz çyn eýesine gowuşmagy ýaly bir gymmat zat bolup bilermi, ynsan ogly üçin? Bu elbukja men juda köp ýyllar garaşdym, meniň bu elbukja-nesibäme mynasyp bolmak üçin ýazan eserlerim maňa juda uly şöhrat getirdi. Bagyşla söýgi! Bagyşla elbukjam, maňa garaşyp, bir sandygyň burçunda kyrk ýyl duran elbukjam, bagyşlaň meni öz eýesine okamak üçin iýbermedik hatlarym. Şunça ýyllardan soň çekilen nesibe, meni bagyşla. Bagyşla ýarynyň toýuny görmäge baran, şol kiçijik hem inçejik barmakly, gözleri umman ýaly gahrymanym. Meni bagyşla! Sen ol günler juda, juda gögelediň! Seniň bagtyň üçin , seniň ol elbukjany öz wagtynda almagyň üçin hiç kim göreşmedi. Sen hiç kimi onuň üçin günükärlermediňem! Ýöne seret, göreşmeseňem, garaşmasaň hem nesibäň saňa şunça ýyllardan soň dolanyp geldi. Bu “Ynsanyň nesibesini hiç kim alyp bilmez!”- diýmekdir, bilseň! Barmaklarym titreýärdi. Olaryň arasyndan akyp ýatan elbukjanyň ýüpek bagjyklary gadymyýetiň sal- sal keşbi kibi, derwüş hyrkasynyň etegi kibi dökülip barýardy. Olaryň inçe nagyşlaryndan mähelläniň içine gül dökülýärdi, göýäki… Barmakalrym titreýärdi. Bir mahallar nähiljekdi, olar bir mahallar keşde keşärdi, eýjejikdi, akjady, näzijekdi… Ujuna sünjülen iňňäniň ajysyna ynjardy, tisginerdi. Ol barmaklar ejabyň iň gözel nusgasy bolan saçlarymyň arasynda gezeninde bagty arzuwlap, nijeme gezekler iş bukjasyny sypamak isländirler. Ol barmaklar juda owadandy, uzynda, näzikdi. Emma bu gün olar el bukjasyny saklap durkalar juda- juda gödek görünýär. Gör olar haýsy çarkandakdan geldiler? Gör olar nijeme gezekler iňňeler çümen uçlarynyň yzasyny içlerinde gözýaşlary kibi gizlin sakladylar. Hiç kime bildirmejek bolup, nijeme içlerini çeken gezegi barmaklar düýrlenip, daraýy donuň ýeňinden yzyna girendir, ak sülükler kibi… Häzir ähli zatlar aýlanýar: menem , barmaklarym hem, el bukjasy –nesibäm hem… Men oňa belki şamar daraklarymy salyp, siziň otagyňyzda bir burçda goýardym… Belki – de hiç bahar ýeli degmedik saçlarmyň içi bilen barmaklarymy ýüzdürip, siziň penjiräňizden ýola garap, saňa garaşardym,gijelerine… “Meniň hiç zatdan habarsyz dünýäm, sen bu wagt bagtdan serhoşmuň?” -diýip, sorag bersem, näme ejap bolardymy? …Toýuň şowhuny gulagyňy deşip barýardy. Entegem geli- gidip duran myhmanlar bardy, ýek- tük… Gaýdýanlar hem köpdi… Ol şowhunyň içinden bir ýerlerden seniň maňa bakmaýanyňy bilýänem bolsam, basymrak ýöräp, hemişeki bolşum kibi, seni ilkinji gezek öz otagymda görenimdäki ýaly, häzir dünýäniň bir künjüne edil çüýlenen ýaly durdum! Daş – töweregimdäki mähelläniň sesi gulaklarymyň deňinden uçup geçip gidýärdi hamana! … Şonda – da men kitaphanamyň öňünde durdum, kiçijik otag kitaphanasynyň. Sen geleniňde. Girdiň! – Hihhh, seň näme işiň bar bu taýda..? Umumy ýaşaýyş jaýynyň otaglary ol döwürler kiçiräjikdi. Duýdansyz girip, gapynyň agzynda kürtdürip durduň – da maňa seslendiň: – Bilýän men hemme zady… Men… Men ýalňyşdym…Meni bagyşla, ejem göwnemedi, “okuwly gyz gerek däl” diýdi… – Toba, git bu ýerden, seniň näme işiň bar bu taýda? Men saňa seretmäge- de ejap etdim. Ol döwürler başgady… – Meň bir işim bar, meň işim sen! Seretsene bäriňe? – Basymrak git, seni gözlärler, sen indi başga adam, sen indi meni unut! – Sen meni undup bilersiňmi? – Sen gitsene! – Men seň bilen gitjek bu ýerden… – Näme? Bolaýypdyr. Biz dört bolup tirkeşip gitsek… Dälirediňmi? Gulagyň bir eşidýärmi, diýýän zatlaryňy? Saňa ogluň, gelniň garaşýar diýýän, gitsene! … Saňa aýtmaly zadym bar?! – Indi giç, aýdylsa – da giç, aýdylmasa – da… Hiç bir güýç geçeni yzyna gaýtaryp bilýän däldir… Men okuwym bilen bolmaly. Siz okuwy “halamaýrsyňyz” ahbetin… Men bolsa, okuwsyz, bilimsiz ýaşap bilmeýän. Howam meň okuw, howam , düşünýärmiň, hoo-wa—a-a- m…aglap goýberdim… (Gujagymda toý şowhuny bilen dabara garylyp gidýär- de bir ýerlerden ses gelýär: – Geçeni gaýtaryp bolýan däldi! Ýigit: – Bilýän! – Bilseň beýdip dikilgazyk bolup durmazdyň, gapymda. Men bu gapyň öňünde durmagyňy islämmok. Aşak boýnuňy salladyň – da içimdäki pikiri sen aýtdyň: – “Gitmegiňi hem islämmok” diýsene! – Git, bu kitaplara seret, okamaly, ertir synag bar… Okuw meniň üçin ähli zatdan wajyp… – Kitaplaryňy ýanyňa al, biz bile gideli… – Kitaplar hiç ýere gitmeýärler, olara diňe gelip bolýar… Sen uludan demiňi aldyň. “Dilçileri sözde ýeňip bolmajagyny” bilýän ýaly, ýylgyrdyň! Ikimiziň gürrüňimiz uzaga çekmedi… Seni çagyrdylar. Sen barybir maňa aýtjagyňy aýdyp gitdiň: – Men saňa ömrüm ötünçä garaşaryn! Yzyňdan gapyny şeýlebir ýapypdym, şonda. Öz- özüme, hem saňa, hem öz näzijek dünýäme, hem şygra, hem sungata, hem geçmişe, hem elbukja, hem hemmelere gapyny ýapypdym , göýäki. Umumy ýaşaýyş jaýynyň ähli diwarlary sarsyp gitdi, megerem. Şol gün gyzlaryň kitaphana gidendikleri hem gowy zat. Hiç kim meniň hasratymy bilmedi. Ýeke – täk bilen zat elbukjadyr megerem, seň ejeň sanadygynda şunça ýyl maňa garaşan, elbukja. Ol hiç kime nesip etmän, “maňa garaşypdyr” diýmek… … Häzir şeýlebir gygyrasym geldi, emma içimdäki ses ýene – de ejaba çenli, ejabyň iň soňky nokadyna çenli gygyrmagyma rugsat bermeýärdi. – “Ejap” diýmek? Diýmek bu süýji duýgularyň jemi bolmaly… Ejabyň nokady… Men elbukjany sypamaga – da dözmedim. Ynsan ýüregindäki duýgularyň çuňlugynda ýitip giden ýodalaryň yzy barybir galýan bolara çemli, şeýdip men seni özümden eý görüpdim, ahbetin? Jigiň maňa: Seň “bir gözeliň yşgyna ýesir düşendigiňi” aýdanynda, men seniň bagtly bolmagyňy isläpdim. Şol sebäpli hem seniň bagtly ýüzüňi görmek üçin toýa barypdym. Üýşüp bardyk şonda… Joralarymyzyň ählisi bardy, eýsem – de ejeleri hem- de gyz jigileri hem bardy. Gidemizde gitdigem otlyda gyzykly boldy, köpçülik bolup gitmegimiz. Emma gaýdyşyn seniň gamgyn ýüzüňi görüp gaýtmak, megerem meniň üçin iň agyr gün şol gündi… … Toý gününiň agşamsy , toýdan yzymyza gaýdan günümizdi, meni derde goýan zat. Ondan öň men seniň bagtly boljagyňa ynanýardym. Sen biziň talyplyk ýyllarymyzda hemişe bizi- boýdaşym ikimizi otla mündirip, ugradyp goýberýärdiň,size myhmançylyga baranymda. Tä ki otly gözüňden gidýänçä seredip durmagam seniň edähediňdigini men bilmeýändir öýdýärmiň?Iň soňky gezek size seň toýuňa baranymyzda seniň gamgyn keşbiňi görüp gaýtmak maňa kyn düşdi. Şonda – da toý şowhunlydy, gijede, küşt depilýärdi, altyn gabak atylýardy. Ol toýda ýekeje adam gam çekýärdi, elbukjasyna garaşan adam. Ol toýy geçirmek gaty kyn bolupdy, ol adama. Emma başardy, öz söýgüsini öz eli bilen “bagtly etmäge” baran adamyň ýüregi nähilikä? Häzir şol ädimi ädip biljek däl ! Megerem ýaşlygyň ýüregi berk bolýan bolara çemli? Kim biler? … Häzir men toýdan galan myhmanlar bilen tans edýärin. Göýäki “gujagymdan, elimden bir zadymy gaçyraýmaýyn” diýip, saklaýan duýgym hem meni öz erkime goýmaýar, elbukjam-nesibämmm… … ELIMDE bukjam, we men! Müňlerçe we ýüzlerçe adamlaryň içinde eli bukjaly men durun, şoool kiçijik gyz! Howa şo-o-o-o-l gyz , öz bagtyny özi gözlän, öz bagtyny tapsa – da hiç kim pitiwa etmedik, kimdir birine aýdyp, öz bagtyňy gazanmalydygyny aklyna – da getirmedik gyz, ah gyzjagaz! Hem ol pyrlanýar daşymdan hem men oň daşynda hozanak! Men we ýene men – ikimiziň aramyzdaky parh öz bagtyny gaýra goýan gyzjagaz we perzendiniň bagtly bolmagy üçin hiç zady gaýgyrmadyk ENE! Ikimiz hem pyrlanýarys, ikimiz hem aýlanýarys! Göýäki biz bilen ýyldyzlar hem aýlanýar. Ilki gyzjagaz çykýar gamgyn gözlerini bir nokada dikip, soňra ene… Ikimiz dört el bilen elbukjany-nesibämizi saklaýarys, gyzjagaz gaçyrjak bolsa, berdaşly barmaklary bilen ene saklaýar. Ene tolgunyp gaçyrjak bolsa, näzijek barmaklary bilen öz bagtynyň nirä gidendigine düşünmedik gyzjagaz bukjany ellerine gaýym alýar… Häzir elbukjanyň bagty bir gursakly iki ynsanyň kalbyny göge uçurýar… Şol köňül sende şu wagt bolsady. Sen nähili uçardyň? Sen gödek elleriňde saklap duran el bukjaňy näzik ýüregiň bilen bagryňa basyp, aglaýardyň,ene! Öz nesibäň “niç ýere gitmejekdigini, hiç kime miýesser etmejekdigini” belki – de ikimizem bilýäris, gahrymanym? Belki şol günlerem bilýändiris, iň bolman syzýandyrys? Içimde bir ses diňe gözýaşlaryň içi bilen uzaklara seredýärdi… Myhmanlaryň meni: “bagtlydyr öýdýän” nazarlarynyň içinde geçip gidýän sada, ýönekeý, öz bagtyny özi saýlasa- da “ýetmelidir” hem öýtmedik bir kiçijik ýönekeý, “okuwly” gyzyň bolup durşuna häzir kim düşüner , diýsene?! Uzakdan seretseň, el bukjasyny bagryna basyp duran, perzendiniň bagty ugrunda göreşen enäniň bolup durşy geňdi. Adamlaryň ählisi onuň daşynda ellerini birleşdirip, onuň perzendiniň bagtyna guwanşyna ýylgyryp bakýardylar. (Küşt depilýärdi) Ellerindäki bukjany bagryna berk basýardy, göýäki biri alaýjak ýylydy. Belki – de ol öz bagtynyň bu bukjanyň içinde g:urap, kyrk ýyl bäri bir sandykda gizlin ýatandygyny hiç kim bilýänem däldir? Onuň içinden geçen duýgularyň “g:urap” gidendigine kim ynansyn? Munça “gözleri nemlendiren” söýginiň taryhyna diň saljak, oňa şaýat boljak diňleýjileriň bir günden bir gün ol duşuşyga , elbukjaly waka şaýat boljakdygyny kim bilsin? – Bermändirmi hiç kime? Men zordan ýuwdunyp, soradym! – Bermändir! Sen onuň mukaddes saklanandygyna ynanýardyň! Hiç kime bermändir! – Şo gije bermelidimi? – Şo gije bermelidi… Ikimiz diňe üm bilen düşünişýärdik. Men ýuwdundym. Ikimize gürlemek barmydy , şundan soň? Ýokdy ahbetin, ýokdy! – Eýsem men kim, bu bukja nire?(Men bir “bilim” diýip, bagtyny uçuran gyzjagazdym) Ellerimdäki iş bukjany berk gysýardym, göýäki biri ony elimden aljak bolýan ýaly, menem bermejek bolýan ýalydym… Şeýlebir gysganýardym, şeýlebir gysýardym. Bu duýgy juda deldi maňa. Kiçijik ellerine berk gysyp duran el bukjasyny hamana kimdir biri häzir alaýjak ýaly, beýik ýürekli ene durdy. Ol öz perzendiniň bagtyny goramak üçin durmaly ýerinde durdy. Söýginiň öňünde onuň borjy bardy. Ol öz söýgüsini gorap bilmedi, ýöne ol öz söýgisiniň ýadygärligini häzir elbukjasynyň içine salyp, öz perzendiniň bagtyny gorap dur! Bu şowhunly märekäniň içindäki adamlaryň, toýa gelen myhmanlaryň hiç biri onuň ýüregindäki şol harasatdan hiç mahal habarly bolmadyklary ýaly, hiç wagt habarly bolup bilmejeklerni bilýänem däldirler. Ene elindäki kiçijik elbukja bilen öz ýeke – täk perzendiniň uly bagtyny gorap durdy. Ol onuň wepa nyşanydy ahbetin! Onuň elinde mukaddesligiň ýeke – täk ýaragy bardy, wepalylyk! Yşgyň ýadygärligi bolmaly dal, yşgyň perzentleri bolmaly. “Yşgyň ýadygärligi bolsa- da ol perzentleriň bagtyny gorajak ýarag bolmaly” diýýär ene! Ene hiç zat diýmeýärdi, aslynda. Ol diňe pyşyrdaýar: “Bu meniňkimi?” – Howa, seniňki!Nesibäň! Berk sakla, ýitirme! Gijem bolsa, seniňki şol! – Meňkimi? Ýene soraýar hem gözleriniň bagtyýar ýaşyny sylýar. – Howa , gys bagryňa ene, perzentleriň bagtyny hiç kime berme! Olar bir – biriniň yşgyndan söýgi perzentlerini dünýä iýndirsinler! Goý olar bir – birege goşa gumry ýaly gyslyşyp, bagtly bolmany öwrensinler. Olar ellerine söýginiň “gury” bukjasyny almasynlar! Olar öz bagtlaryny gülletsinler! Perzentleri dünýä iýnsin. Ene diňe bagtyýar gözlerinden bagt gözýaşlaryny dökýärdi. Aglaýardy ene! Ol goşa bagta çydap bilmän aglaýardy. Onuň gursagynda yşgyň mirasy gaýnaýardy. Geçmişe bolan mukaddes duýgy bilen gelejege bolan beýik sögi iki gollaryny ganatlandyrýardy. Ene geçmiş bilen gelejegiň arasynda durdy. Ynsanyň wezipesem şondan ybarat ahbetin, beýik filosof Fridrih Nisşäniň aýdyşy ýaly- YNSAN GEÇMIŞDEN GELEJEGE BIR TANAP KÖPRÜDIR! Enäniň keşbi şol köprüdi, häzir! … Müňlerçe adamlaryň içinde ene ýeke durdy. Onuň ýekeligi bilen perzendiniň bagtly bolmagyna garşy durjak bu dünýede ýeke güýç barmy? Eneleriň öňünde durjak güýç ýokdur. Ol güýji diňe eneler syzyp bilerler. Başga kimse bu güýjiň bardygyny belki bilýän hem däldir. Belki ene bolany üçin perzende şol bagty berýändir. Kim biler? … Eneden daşlaşýan göz uzaklara gaýtdy. Ene entegem elinde kyrk ýyldan soň özüne berilen elbukjasyny-nesibesini gysyp durdy. Göýäki ol: Öz bagtyndan bir gysym topragy gysyp duran ýaly, barmaklaryny döwäýjek bolýardy. – Şu meňkimi? Diňe gymyldaýan dodaklar bir zatlar pyşyrdaýardy… – Howa, seňki… (Bir ýerlerden ses gelýärdi) Ol bukja saňa tabşyrylmadyk bukja, ol bukja saňa kyrk ýyla gowrak wagt bäri şo – o- l enäniň sandygynda garaşyp ýatan bukja. Ol bukja saňa – da berilmedi şonda, toýda. Ýöne berilmeli adamsyna hem berilmedi, bir sebäp bilen. Näme üçin berilmedi, ony hem diňe nesibe bilýär, görsene nesibäni? Şol bukja zar wagty näme üçindir, hiç kimiň şol bukjanyň eýesi “şu gyzjagazdygyny” Ykbalyň gulagyna hiç kim pyşyrdamadyka? Ýa – da nesibe diýilýänimikä, şu? Kim biler. Durmuş gaty çylşyrymly. Görsene, özüne şol mätäç wagty berilmedik bukja öz ýeke perzendiniň toýunda nesibe bolup dolandy. Nesibäniň şunça ýyl garaşýandygyna kim ynanar diýsene?! Juda täsin! Ellerindäki bukja berk ýapyşyp durşuna egnine atylýan pombarhat köýneklikleriň ählisini syryp- syryp aýyrdy- da bir gyrada goýdy. Elindäki bukjany welin şol gödek barmaklarynyň arasyna berk gysymlap, toý mähellesiniň içine siňip barýardy, ene. Onuň gözlerindäki bagt uçgunjyklary şunça ýyllap, kalbynda gizläp saklan ejabynyň keşbidi. Ol ejabyň gözelligi, süýjüligi, ol ejabyň mukaddesligi elbukjadady, hamana! Nesibäniň öz eýesini tapýandygyna şu giň dünýede hiç şübhäniz bolmasyn!

Oguljennet Bäşimowa