“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip atlandyrylýan ýylymyzda biziň ýurdumyzda dünýä boýunça parahatçylygy goramagyň nusgasy hökmünde öz beýanyny tapdy. Çünki gelejekki nesillere parahatçylygyň gymmatyny bildirmek üçin her gün , her bir pursat uly nesilleriň şeýle-de milli mirasymyzy goraýjylaryň bu ugur boýunça işler
alyp barmasy örän wajypdyr. Şol mynasybetli biziň hem Türkmenistanyň Şekillendiriş muzeýinde gelejekki nesillere öz gazananlarymyzy üstünlikli saklamak we halkyň milli mirasyna sarpa goýmagy öwretmek üçin gelýän ýaş nesillerde täsirli söhbetleri galdyrmak üçin hünärmenler uly işler alyp barýarlar. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýi Ýurdumyzyň Gadymy sungatyny, ilkinji türkmen şekillendiriş sungatynyň ägirtlerini döreden gymmatly eserlerini, häzirki zaman türkmen şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň gaýtalanmajak täsin sungatyny halk köpçüligine görkezmek üçin niýetlenen esasy sungat ojaklarynyň biridir. Eserleriň her birinden ýurdumyzyň gadymy topraklardan Aşgabadyň birnäçe kilometr gündogarynda beýik baýryň üstünde gadymy topraklardan galan galyndylarydyr, şol topraklaryň şekillerini dolulygyna açyp görkezýän portallar bolsa, bu ugur boýunça edilýän ylmy açyşlaryň hem netijesidir. Her bir taryhy ýeri gözüň göreji ýaly saklamak, olardan tapylan tapyndylary muzeý tekjelerinde ýerleşdirmek we ol ugur boýunça iş älyp barmak bolsa, bu muzeý hünärmenleriniň ýaş nesillerimize öz topragymyzyň taryhyny öwretmekde uly sapak
boljakdygyna şaýatlyk edýär. Seýit Jemaleddin metjidiniň nagyş suratlary irki döwür keramika nagyşlary, şeýle hem haly sungatynyň nagyşlary bilen häsiýetlenýär. Ýadygärligiň esasy gymmatlylygy türkmen halkynyň ata -babalaryndan miras galan çeperçilik äheňi açyk
duýulýar. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip atlandyrylýan ýylymyzda türkmen halkynyň ylham alýan şahyrlardyr, ýazyjylar täze- täze eserler döretse, suratkeşler milli buýsançlarymyzy, nyşanlarymyzy öz işlerinde şöhlelendirip, üstünlikli durmuşymyzy
nakgaş işlerine geçirýärler. Munuň özi halkymyzda hem buýsanç duýgularyny oýarýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan netijeler hem öz mynasyp orunlaryny tapýarlar.Muzeýiň Garaşsyzlyk bölüminde Garaşsyzlyk zamanasynda türkmen suratkeşleriniň döreden eserleri hem-de biziň halypa suratkeşlerimiziň döreden eserlerinden Garaşsyzlygymyzy arzuw eden nusgawy şahyrlarymyzyň keşpleri bilen
jemlenýär. Bu ýerde görnükli taryhy şahsyýetleriň keşplerini, gadymy türkmen halkynyň durmuşyndaky has möhüm wakalary şöhlelendirýän ajaýyp eserler bar. Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň Türkmenistanyň suratkeşleri biziň şu günlerimizi doly we hemme taraplaýyn suratlandyrmakda sungatyň täzeden- täze mümkinçilikleriniň işjeň
gözlegini alyp barýarlar. Muzeýiň birinji gatynda Garaşsyzlyk ýyllarynda uly döredijilik ýoluny geçen suratkeşler halkyň ajaýyp dünýäsini, ata Watanymyzyň ösüşlerini beýan edýän eserleri görkezilýär. Şeýle-de muzeýmizde sergi zallar hem-de ýurdumyzyň
halypa suratkeşleriniň döreden eserlerini ýerleşdirilen tekjeler, häzirki zaman suratkeşleriniň işleri muzeýi öňküsinden hem baýlaşdryýar. Türkmenistanyň halk suratkeşleri Aýhan Hajyýewiň “Milli gymmatlyklary döredijiler” atly üç eserden ybarat toplumy, “Bahar”,
“Magtymguly”, Y.Gylyjowyň „Mätäji“, Ý. Adamowanyň „Täze aýdym“, Ý.Annanurowyň „Mämmetweli Keminäniň“ potreti, “Türkmen klassyk şahyry Seýdiniň portretinde” portreti, Ýarly Baýramowyň “Oguz han türkmen”, atly dekoratiw şekilde ýerine ýetiren eseri, Babageldi Owganowyň “Muhammet Togrulbeg türkmeniň Bagdatda dabaraly
garşylanyşy”ýaly işlerde bolsa, paýhasly wesýetlerini, milli we umumy adamzat gymmatlyklaryny özünde jemläp, adamy we onuň bagtyýarlygyny häzirki döwürde sanly bilim hem- de tehnologiýalar babatynda döredilýän mümkinçilikleriň çägi artýar. Türkmen halky bu günler dürli şatlykly wakalaryň, hemişeki bolşy ýaly, ýeňişleriň hem – de
buýsandyryjy habarlaryň şaýady bolýar. Dünýäniň çar künjünden gelýän jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýän bu muzeý nijeme ýyllaryň dowamynda halkymyza we jahankeşdelere hyzmat etmek bilen gelejekde hem türkmen halkynyň şöhratly taryhy geçmişiniň nesillere dowam galdyryljakdygynyň subutnamasy hökmünde sessiz diwarlarda täze bir heňi gaýtalap duran ýaly. Muzeý ekspozisiýasynda Günbatar Ýewropanyň sungatyna degişli bolan XIV- XIX asyr italýan, fransuz, nemes, golland, iňlis, ispan, rus hem-de gündogar halklarynyň suratkeşleriniň we heýkeltaraşlarynyň eserleri we sünnälenip ýasalan
farfor önümleri ýerleşdirilendir. Muzeý ýygyndylarynyň goraglylygy üpjün edilip, wagtyň geçmegi bilen rejeleýşe mätäç bolan muzeý esbaplaryny bejermek, abatlamak we
arassalamak işleri hem talaba laýyk alnyp barylýar. Muzeý gymmatlyklaryny wagyz etmek hem-de ýaşlara sungatyň syrlaryny öwretmek maksady bilen talyplara okuw-tejribe sapaklary we eserleriň göçürme işlerini ýerine ýetirmekde halypa-şägirtlik işleri ýola goýlan. Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýiniň ylmy işgärleri we gaznaçylary sergi geçirmek boýunça uly işleri alyp barýarlar. Muzeý gaznahanalarynda ýerleşýän eserlerinden her ýylda onlarça sergiler gurnalýar, onuň hemişelik ekspozisiýasy täzelenip durýar.Ýurdumyzda ýerleşýän iň ýokary derejeli muzeýleriň biri bolan Türkmenistanyň
Şekillendiriş muzeýiniň taryhy diwarlary özleriniň “sessiz dili” bilen asyrlaryň jümmüşine alyp gidýär. Ol ýerde taryhdan şu güne gelýän inçe ýodalar bar. Ol ýodalardan öz ruhy halyň bilen gelýärsiň-de beýik bir geçmişiň penjiresinden jyklap geçen ýaly, geçmişde galan aýak yzlara geň galyp bakýarsyň. Bu bolsa, ynsan kalbynda öz geçmişiniň gymmatyny duýmak duýgusyny döredýär. Döwrüň ösüşlerini wasp edýän suratkeşleriň eserleriniň sergilerini guramak möhüm bolup durýar. Şol işleriň ähmiýeti döwrebap sungatyň meselelerine berilýän üns, onuň häsiýetli aýratynlyklaryny öwrenmekden ybaratdyr. Şunuň ýaly sergilerden soň, eserleriň käbiri muzeýiň gazna birligi bolup galýarlar, geljekki nesillere ýetirmek üçin döwrümiziň ruhy baýlyklaryndan ybarat ýygyndysynyň üstüni ýetirýärler. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip atlandyrylýan ýylymyzda muzeýiň girelgesinde türkmeniň taryhynda öçmejek yz galdyran şahsyýetleriň nakgaş eserlerine geçirilen keşpleri we taryhy, milliligi beýan edýän eserler toplumy bilen başlanýar. Ekpozisiýada Türkmenistanyň gadymy döwürleriň, irki we orta asyrlyň şekillendiriş sungatynyň taryhy gatlaryndan söhbet edýän gymmatly ýeke-täk nusgadaky muzeý gymmatlyklarynyň toplumy, ilkinji suratkeşleriň döreden, türkmen durmuşy we sungaty barada giň maglumatlary berýän täsin eserleriniň ýygyndylary, taryhda türkmen
halkynyň sungat eserleriniň ähli ugurlary boýunça ýagny nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk önümleri, amaly – haşam sungatynyň zergärçilik, keramika, haly gobelenler ýaly ajaýyp eserler görkezilendir. Elbetde portal bolsa her bir gelen myhmanyň ünsüni özüne çekýär. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip atlandyrylýan
ýylymyzda öz taryhymyzy gorap saklamakda edilýän işleriň çägi ýok. Änew metjidinde ýerleşdrilen Ajdarha şekilleri hem dünýäniň jahankeşdelerini hem- de ylym adamlaryny haýrana goýýar. Ajdarha şekilleri aslynda taryhda birnäçe ýerlerde duş gelmegi gadymy
döwürlerde ajdarhalaryň keşbiniň ynsan durmuşynda aýratyn ornunyň bolandygyndan, belli bir totem bolandygyndan, belli bir ynançlara şekil bolandygyndan bolmagy ähtimal. Metjidiň ýüz bezeginiň aýratynlygy täsin aždarhalaryň şekilleri bilen bezelipdir. Her bir işiň sünnäli
şekillerinde ussatlaryň ezber el yzlaryny görýärsiň. Ol yzlarda geçmişiň nagyşlary bar. Ol yzlarda gelejek ki nesillere parahatçylygyň gadyryny bilmek duýgusyny öwrediji bir äheň bar. Şeýlelikde bu ýyl, ýagny “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip atlandyrylýan ýylymyzda taryhyýadygärliklerimizi gorap saklamakda hem-de oalry
gözüň göreji ýaly saklamak ukybyny ýaşlara öwretmekde uly işleriň alnyp barylmasy bilen birlikde, esasy gymmatlylygy türkmen halkynyň ata -babalaryndan miras galan çeperçilik äheňi açyk duýulýar. Munuň özi aýyň, günüň nyşanyny bermek bilen tebigy hadysalar bilen birlikde ýaşan adamzadyň geçmiş taryhynda örän köp hadysalaryň medeniýetinde , şol sanda Orta Aziýa halklarynyň ählisinde diýen ýaly gabat gelýändigini bellemek gerek. Muzeýiň Garaşsyzlyk bölüminde Garaşsyzlyk zamanasynda türkmen suratkeşleriniň döreden eserleri hem- de biziň halypa suratkeşlerimiziň döreden eserlerinden
Garaşsyzlygymyzy arzuw eden nusgawy şahyrlarymyzyň keşpleri bilen jemlenýär. Bu ýerde görnükli taryhy şahsyýetleriň keşplerini, gadymy türkmen halkynyň durmuşyndaky has möhüm wakalary şöhlelendirýän ajaýyp eserler bar. Köp asyrlyk ösüşiniň dowamynda, şol ýurtlaryň halklary ajaýyp nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşlyk we amaly-haşam
sungatynyň eserlerini döredipdirler. Gündogar ýurtlarynyň medeniýetiniň ösüşinde Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm orny bardyr. Şu ýagdaýyň özi Gündogar halklarynyň sungatyndaky meňzeşliklerini we olaryň arasyndaky jebis baglanyşyklaryny hem-de her biriniň göz-
görtele tapawutlandyryjy milli aýratynlyklaryny düşündirýär. Häzirkizaman türkmen suratkeşleri hemişe döredijilik gözleglerinde. Olar eser beýanynyň täze ýollaryny tapýarlar, professional ussatlygy kämilleşdirýärler. Dünýä sungatynyň gazananlaryny öz döredijiliginde
eserleriniñ üsti bilen görkezip, türkmen suratkeşleri milli sungatyň ösüş tejribesinden peýdalanýarlar, beýle ýagdaý bolsa, ajaýyp eserleriň döremegine, ýurduň ruhy gymmatlyklarynyň baýlaşmagyna ýardam berýär. Türkmenistan we türkmen milletiniň 5 müň ýyl çemesi medeni taryhy bu gün ylym dünýsinde aýdyňlaşdy. Güneşli Türkmenistanymyz ençeme medeniýetiň ojagy we türkmen milleti bolsa, bu medeniýetleriň
hakyky hem kanunalaýyk mirasdüşeridir.Belent girelgesinde inli, depesi çowly arkasy bolan metjidiň gapysy howlynyň içine tarap açylýar eken. Metjidiň nagyş suratlary irki döwür keramika nagyşlary, şeýle hem haly sungatynyň nagyşlary bilen häsiýetlenýär. Ýadygärligiň esasy gymmatlylygy türkmen halkynyň ata-babalaryndan miras galan çeperçilik äheňi açyk duýulýar. Garaşszylyk ýyllarynda bina edilen bu muzeý biziň geçmiş taryhymyzyň janly kitabydyr diýsek, ýalňyş bolmaz. Bu ýerde zähmet çekýän hünärmenleriň işleri hem şu muzeýde halkara derejesinde bellenilýän Bitaraplyk baýramymyzyň şanly 30 ýyllyk
dabarasy esasynda sergi gurnamaga taýýarlyklar görýärler. Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň Türkmenistanyň suratkeşleri biziň şu günlerimizi doly we hemme taraplaýyn suratlandyrmakda sungatyň täzeden-täze mümkinçilikleriniň işjeň gözlegini alyp barýarlar. Muzeýiň birinji gatynda Garaşsyzlyk ýyllarynda uly döredijilik ýoluny geçen
suratkeşler halkyň ajaýyp dünýäsini, ata Watanymyzyň ösüşlerini beýan edýän eserleri görkezilýär. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip atlandyrylýan ýylymyzda Türkmenistan üçin wajyp ähmiýete eýedir Gahryman Arkadagymyz bilen , Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilen öňe äkitjek baýdagynyň, ýolunyň, ýörelgesiniň kökleridir. Ol kökler türkmeniň sarsmaz ruhunyň köküdir. Goý şeýle kökler müňýyllyklara barýan ak ýola uzasyn! Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem- de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň görkezen ak ýoly bilen diňe parahatçylygy dünýä ýaýmak miýesser etsin.Milli mirasymyza sarpa bolsa, biziň ýüreklerimiziň açarydyr. Halkymyzyň taryhy yzlaryny öwrenmekde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip atlandyrylýan ýylymyzda uly işleri amala aşyran muzeý işgärlerimiz Bitaraplygymyzyň milli
baýramyna mynasyp zähmet sowgatlary bilen barýarlar. Baýramlar baýramlara ulaşsyn!

Dünýägözel Hakiýewa
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky
Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Mahabatlandyryş neşir edijilik
bölüminiň dizaýner – grafik baş hünärmeni