Fransiýa (Marsel). Heýkeller ilkinji gezek 2013-nji ýylda Marsel şäheri Ýewropanyň Medeniýet Paýtagty bolanda sergilendi we şondan soň dünýäniň dürli şäherlerinde (Ženewa, Nýu-Ýork, London, Wenesia we b.) sergilendi we käbirleri hemişelik ýerleşdirildi.

​Heÿkeltaraş Brýuno Katalano (Bruno Catalano) atly fransuz heýkeltaraşy. Ol 1960-njy ýylda Marokkoda doguldy we ýaşlykda maşgalasy bilen Marsel şäherine göçüp gelipdir. Onuň durmuşyndaky bu göç hadysasy eserleriniň esasy temasyny emele getirýär.

​ “Les Voyageurs” (Gezerler) bronzadan ýasalan bir heýkel seriýasydyr. Her bir heýkel, işçiler, syýahatçylar ýa-da adaty adamlar ýaly görünýän adamlary şekillendirýär.

​Heýkelleriň iň aýratyn tarapy, olaryň göwräniň uly böleginiň ýok bolmagy (käwagt orta böleginiň) we diňe kellesiniň, aýaklarynyň we arkasyndaky bir sany çemodanyň galmagydyr. Ýokarky we aşaky bölekler köplenç diňe çemodan (waliz) arkaly birleşdirilýär we şol çemodan heýkeliň deňagramlylygyny saklamaga kömek edýär.

​Heÿkeltaraš bu heýkelleriň manysyny şeýle düşündirýär:

​Heýkeller, göçüp-gonan adamlary (emigrantlary) aňladýar. Göçýän adamlar, täze ýere gitmek üçin özlerinden bir bölegi (ýatlamalaryny, asyl ýurduny, medeniýetini) yzda goýmaga mejbur bolýarlar. Göwredäki boşluk, göçüň sebäp bolan duýgusal ýitgisini, dolduryp bolmaýan boşlugyny we “köki goparylanlygy” görkezýär.

​Şol bir wagtda, heýkeller çemodany göterýärler we öňe, gowy gelejege tarap ýöreýän ýaly görünýärler. Bu, olaryň ýitgilerine garamazdan, umydy we ýoly dowam etdirmek islegini nygtaýar.

​ Heýkeller surrealistik (hakykatdan daşlaşan) stilde bolup, tomaşaçynyň bu boşlugy öz pikirleri bilen doldurmagyna we öz “ýitiren” bölegini tapmagyna mümkinçilik döredýär. Şeýle hem, bu boşluk heýkeliň içinden yşygyň we asmanyň görünmegine ýol açyp, Gezerleriň özleriniň “dünýädäki adam” däl-de, “dünýäniň adamy” ýaly erkin we sergezdan ruhuny görkezýär.

​”Les Voyageurs” heýkelleri, tehniki taýdan kynçylygy we çuňňur ynsanperwer manysy bilen bütin dünýäde meşhurlyk gazanan we köçede sergilenýän iň täsirli sungat eserleriniň biridir.

Daýanjow Nurnazar
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 113-nji toparynyň talyby