Eger oba hojalyk önümçiliginde bazarlamanyň has düýpli meselelerini agzap geçsek, onda ișiň bu çygrynda guramaçylyk düzüminiň ösüș we kämilleșdiriliș soraglaryna seretmek gerek.

Agrosenagat önümçiliginde bazarlamanyň aýratynlygy önümi öndürijileriň hem ony ulanyjylaryň hembähbitlerini kanagatlandyrar ýaly dolandyrmagyň düzümini döretmekden durýar. Bu ugurda dünýäde uly tejribe toplanylandyr. Ol ilkinji nobatda ösüșiň gidișiniň we emele gelmäniň modelini taýýarlamany, kömek pul bermek gurlușyny we meýil syýasatyny ișläp düzmegi döwlet tarapyndan sazlama ulgamyna degișli.

Ykdysadyýetiň bu böleginde oba hojalyk ministrligi iri baș ugur ýa-da iri bazarlama bilenmesgullanýar, ýagny agrosenagat toplumynyň ulgamynyň hereketiniň gelejekdäki ulňüsini ișläp düzmek üçin içerki we dașarky sebäpleriň täsirindäki arabaglanyșygy ösdürmegiň meýlini üznüksiz öwrenýär. Bazaryň ýagdaýyna baglylykda, pudaklarda, pudagyň böleklerinde bazarlamanyň baș ugruny ișläp taýýarlamagyň, umumylașdyrmagyň we soňky ișläp düzmesiniň gurlușyny ýerleșdirmek üçin bazarlama gulluklaryna we merkezlerine ýokardaky maglumatlar gelýärler. ABȘ-da we Kanadada döwlet hereket edýän kanunlara laýyklykda, șereketiň önüminisatyn alșy amala așyryp, onuň bilen șertnama baglașýar. Onda önümi öndürmegiň we satyn almagyň șertlerine, onuň hiline we mukdaryna, satyn alyș bahanyň derejesine we ýokarlandyrylan hilli önümler üçin goșmaça töleglere degișli hemme pursatlar șertleșilýärler. Șol bir wagtyň özünde haýsy-da bolsa bir tarapyň ylalașygy ýerine ýetirmedik ýagdaýynda jezalandyrylyș çäreleri-de kesgitlenilýär.

Ýewropa ýurtlarynda agrar șereketlere bütewi gurlușyň düzüm bölegi hökmünde garap, olaryň ișini höweslendirýän syýasaty alyp barýarlar.

Mysal üçin, fermerleriň birleșmesi salgyt ýeňilliklerini, pul kömegini azyk harytlarynyň birnäçesiniň dașary ýurtlara çykarylmagyna ýekemenlik hukugyny berýärler. Șereketleriň ișleriniň dürli taraplaryna pul kömegini bermekligi bir umumy gaznadan amala așyrýarlar. Dünýä bileleșiginiň köp ýurtlarynda șahsyýetleriň käbir toparlaryna we aýry guramalara șereketleriň maýasyny döretmeklige gatnașmaga rugsat berýän kanunlar kabul edildi. Olar serișdelerini paý görnüșinde goșup bilýärler.

Maliýeleșdirmegiň bu görnüși șereket kanunlary maýa goýumlaryna paýnama üçin düșýän girdeji tölemegi göz öňünde tutmaýan ýurtlarda az ulanylyp, șereketlere goșulan serișdelere paýnama üçin düșýän girdejini tölemek rugsat berlen ýerlerde has ýaýbaňlanandyr.

Oba hojalyk șereketleri özleriniň gaznalaryny artdyrmak üçin paý maýasyndan dașary beýleki içeri çeșmeleri-de ulanýarlar. Olara ätiýaçlyk gory, maýalașdyrylan peýda, șereketleri olaryň agzalarynyň gündelik hasapnamasynyň hasabyna hakujy bilen üpjün etmek, șahadatnamalar, girmek hukugynyň tölegleri girýärler. Eger bular hem az bolsa, ýörite borç guramalaryndan karzlar, banklaryň karzlary, döwletden alnan kömek pullary we karzlar ýaly maliýeleșdirmäniň çeșmeleri ulanylýarlar. Șeýlelikde, önümi alyjylara gözügen bazarlamanyň çäginde bazar ykdysadyýeti esasynda dürli görnüșdäki fermer hojalyklary we fermerleriň birleșmeleri duran oba hojalygyny döwlet tarapyndan sazlașdyrmagyň degerli gurlușy ișlenilip düzülipdir diýen netijäni çykaryp bolýar.

ABȘ-da we Kanadada sereketiň iň soňky görnüșleriniň biri bolup uzak möhletleýin emläk kärendeçiligi durýar. Bu șereketler bilelikdäki tehnikany, hökmany hyzmaty goșmak bilen bilelikde kärendesine bermek bilen mesgullanýan bir bütewi birleșmeler bolup durýarlar.

Olaryň maksady özleriniň we beýleki șereketleriň fermerlerini iň häzirki zaman, gymmat bahaly tehnika bilen özgelere garanyňda pes bahada, ýagny onuň kärendesiniň gymmatynda üpjin etmek bolup durýar.

  Aýtäç ORAZMYRADOWA 

  Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we Informatika institutynyň Maglumat Tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň Hasaplaýyş torlarynyň programma üpjünçilikleri hünäriniň 1-nji ýyl talyby