Ykdysadyýeti ösdürmekde häzirki zamanda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmegiň ähmiýeti uludyr. Ösen ýurtlarda: ABŞ, Ýaponiýa ýaly ýurtlarda kiçi we orta telekeçilik görnüşindäki kärhanalar jemi içerki önümiň 70-80%-e golaýyny berýär. Häzirki zamanyň tehnologiýasynyň ösen derejesi robotlary we awtomatlary ulanmaga, orta we kiçi kärhanalarda-da uly önümçiligi ýola goýmaga mümkinçilik berýär, bu ylaýta-da halkyň köp sarp edýän harytlaryny öndürýän pudaklarda ähmiýetlidir. Bizde kiçi telekeçilik, esasan, söwda pudagynda giň gerim alandyr. Kiçi telekeçilik bazar konýunkturasynyň üýtgeýän şertlerine ullakan ýitgi çekmezden uýgunlaşagan bolýar. Uly kärhanalarda tehnologiýany üýtgetmek köp maliýe serişdelerini talap edýär, kiçi kärhanalar gysga möhletde we az serişde bilen önümçiligi üýtgedip gurup bilýärler. Biziň pikirimizçe, ilki bilen biziň ýurdumyzda kiçi kärhanalar toparyna haýsy kategoriýadakylar girmelidigi, işçileriň sany näçe bolmalydygy anyklanmaly. Öň salgytlardan kiçi kärhanalara ýeňillik berilse, önümçilikde işgärleriň sany elli adama çenli diýilýärdi.
Kiçi kärhanalara – hususy eýeçilikdäkilere salgytlaryň möçberi azaldyldy. Kiçi we orta ululykdaky kärhanalary Salgyt gulluklary tarapyndan barlamaklyk üç ýyldan bir gezek amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan maksatnamalary netijesinde, milli pulumyz bolan manadyň hümmetiniň berkemegi, onuň denominasiýasynyň geçirilmegi, şeýle-de hususy telekeçiligiň mydama döwlet tarapyndan goldanylmagy aýgytly çäreleriň biri boldy. Kiçi we orta kärhanalaryň döwlet tarapyndan goldanylmagy ykdysadyýetimiziň mundan beýläkde ýokarlanmagyna özüniň oňaýly täsirini ýetirýär.
Güljan GÖKOWA
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Zootehniýa taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby

RU












