Dünýä hojalygynyň emele gelmegi dünýä bazarynyň kemala gelmegi bilen baglanyşyklydyr. Dünýä hojalygy dünýä bazary bilen tapawutlydyr. Dünýä hojalygy milli ykdysadyýetleriň jemini öz içine alýar. Dünýä bazary milli hojalyklaryň eksport bölegini öz içine alýar. Milli, sebitleýin, dünýä bazary düşünjeleri tapawutlandyrmaly. Milli bazar ýurduň içerki sarp edip bilijilik ukybydyr. Sebitleýin bazar bir sebitiň ýa-da bir integrasiýanyň bazaryna düşünilýär. Dünýä bazary tutuş dünýä hojalygynyň bazarydyr ýa-da dünýä ilatynyň sarp edip bilijilik ukybydyr.

Dünýä bazary nähili emele gelipdir? Onuň emele gelmegi halkara söwdasy bilen baglanyşyklydyr. Dünýä bazarynyň emele gelmeginiň nazaryýet esasyny şeýle düşündirmek bolar.

Halkara söwdasy gözbaşyny gadym döwürlerden alyp gaýdýar. Halkara alyş- çalyş gul eýeçilik we feodalizm gurluşynda-da alnyp barylýardy. Ýöne, halkara söwdasyna öndürilen önümleriň az bölegi gatnaşdyrylypdyr. Bu önümlere gymmat bahaly matalar, sütükler, gymmat bahaly minerallar we geň-enaýy zatlar degişlidir. Kapitalistik jemgyýetçilik-ykdysady gurluşyna çenli hojalyk natural häsiýetli bolupdyr. Önümler belli bir hojalyklarda, uly bolmadyk territoriýalarda öndürilipdir we sarp edilipdir.

Dünýäde, aýratynam Günbatar Ýewropada iri senagatyň çalt ösmegi iri senagat şäherleriň döremegine getirdi. Şäher ilatynyň ösmegi oba hojalygynda zähmet çekýänleriň senagata çekilmegi bilen baglanyşyklydyr. Bu ýurtlarda oba hojalygy ilaty azyk bilen üpjün edip bilmese-de, adamlaryň şähere göçmegi has çaltlaşdy. Munuň sebäbini şäheriň sosial-medeni ýagdaýynyň obanyňkydan has ýokary bolmagy bilen düşündirip bolar.

Döwletleriň senagatlaşmagy oba hojalygyna-da öz täsirini ýetirdi. Oba hojalygynyñ mehanizmleşdirilmegi oba hojalyk önüminiň öndürilişine öz täsirini ýetirdi. Emma, oba hojalygyň ösüşini senagat bilen deňeşdireniňde pesdir. Sonuň üçin günbatar ýurtlary azyk önümleri bilen özüni doly ekläp bilmeýär. Şeýle-de yssy klimatda ýetişýän önümlere bolan isleg has ýokarlanýar. Ol önümlere kakao, çaý, kofe, subtropik önümler degişlidir.

Ösen döwletleriň oba hojalygynyň tehniki taýdan öwrülişigi Beýik Watançylyk urşundan soň başlandy. Öwrülişigiň netijesinde oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, zähmet öndürilijigini ýokarlandyrmak başartdy. Günbatar Ýewropa ýurtlarynda öz-özüňi üpjün etmek syýasaty ýöredilip başlandy. Häzirki wagtda hem ösen ýurtlar azyk önümleriniň ep-esli bölegini import edýärler.

Dünýä bazary hemişe bir durkunda durmaýar. Ol halkara bäsleşigiň netijesinde üýtgäp durýar. Häzirki zaman dünýä bazarynyň aýratynlyklary dünýä bazarynyň gutarnykly emele gelmegi bilen baglanyşyklydyr. Halkara zähmet bölünişigi esasynda önümçiligiň ýöriteleşmesiniň çuňlaşmagy bolup geçỳär. Netijede döwletleriň arasynda haryt alyş-çalşygy barha ösüp, milli bazarlaryň biribiri bilen berk baglanyşygy emele gelýär.

   Gunça ATABALLYÝEWA

  S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 4-nji ýyl talyby