Soňky ýyllarda türkmenistanyň ýangyç energetika

ulgamynda diňe bir ykdysady taýdan möhüm ähmiýetli däl, eýsem, sebitiň we dünýäniň energetika howpsuzlygynyň berkidilmeginde uly orun eýeleýän iri taslamalar amala aşyryldy. Munuň üçin ygtybarly, durnukly energiýa üpjünçiligi, energiýa çeşmeleriniň diwersi fi kasiýalaşdyrylmagy, parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň azaldylmagy,

gaýtadan dikeldilýän energetikanyň ösdürilmegi hem-de energiýa netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy zerurdyr. Türkmenistanyň tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna girýän kuwwatly energetika döwleti bolup durýandygyny bellemek gerek. Ýurdumyzda iri nebitgaz kompaniýalary we abraýly maliýe düzümleri bilen işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak arkaly göni energiýa hyzmatdaşlygynyň gerimini düýpli giňeldýär.

şunda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, milli ýangyç-energetika toplumyna iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary, innowasion tehnologiýalary we sanly ulgamlary işjeň ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berilýär. Mälim bolşy ýaly, gaz senagaty ýurdumyzyň senagat önümçiliginiň möçberiniň ýarysyndan gowragyny eýeleýär. Häzirki wagtda gaz pudagynda uglewodorod serişdelerini ýüze çykarmak, agtarmak, ulanmak, daşamak we saklamakdan başlap, ony gaýtadan işlemäge we sarp edijilere ýetirmäge çenli önümçiligiň ähli tapgyrlarynda öňdebaryjy tehnologiýalary

ulanmak arkaly täze ýataklary gözlemek, baha bermek we senagat taýdan özleşdirmek

boýunça işler alnyp barylýar. Uly möçberli Türkmenistan – Owganystan – Pakistan

– Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi taslamasy sebit hem-de dünýä energetika howpsuzlygy babatda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ägirt uly tebigy gaz

gorlary bar we «brownstein» häzirki wagtda gurulýan gaz geçirijisi arkaly ow ganystanyň, pa kistanyň we Hindistanyň üsti bilen eksport edilmegine ýardam bermek bilen, bu gymmatly energiýa serişdesini ýerlemäge çalyşýar. TOPH gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmegi birnäçe sebäbe görä möhümdir. Birinjiden, ol ow ganystana tebigy gazyň iberilmegini üpjün etmek bilen, owgan halkyna ynsanperwer goldaw berer. Ikinjiden, bu energetika pudagyndan başga-da infrastrukturanyň hem mundan beýläk ösmegi üçin mümkinçilikleri açar. şeýlelikde, diňe bir tTürkmenistanyň däl, eýsem, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň hem ykdysady ösüşi üçin mümkinçilikleri döreder. Tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan häzirki wagtda bu tebigy baýlygyny durnukly ösüşiň hereketlendiriji güýjüne öwürýär. ýurdumyz diňe bir çig mal eksporty bilen çäklenmän, köpugurly, ýoka ry

goşulan bahaly we ekologiýa taýdan arassa energetika ekoulgamyny döretmäge gönükdirilen syýasaty durmuşa geçirýär. Bu strategiýanyň çäklerinde ýurdumyz daşary

ýurtly hyzmatdaşlary bilen eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek

hem-de döwrebap energetika we himiýa klasterlerini döretmek boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýar.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara Nebit we Gaz uniwersitetiniñ Geologiýa fakultetiniñ 2nji ýyllyk talyby:

Babanyýazowa Mahym 

Gurbanow Orazgeldi