Senagat — islendik döwletiň ykdysadyýetiniň esasy daýanç sütünleriniň biridir. Ol çig maly gaýtadan işlemek, täze harytlary öndürmek we ilatyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak bilen milli ykdysadyýetiň durnukly ösmegine uly goşant goşýar. Türkmenistan hem soňky ýyllarda öz senagat pudagyny diwersifikasiýa etmek (köp ugurly etmek) we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrunda uly işleri alyp barýar.
Türkmenistanyň senagat toplumy esasan aşakdaky pudaklardan ybaratdyr:
Nebitgaz we Himiýa Senagaty:
Ýurduň iň esasy we geljegi uly pudagy.
Tebigy gazyň we nebitiň çykarylmagy, gaýtadan işlenilmegi esasy orny eýeleýär.
Soňky döwürde gazhimiýa toplumlarynyň (meselem, Gyýanlydaky polimer zawodynyň) gurulmagy bilen plastik önümler, polipropilen we beýleki himiýa önümleri öndürilip, dünýä bazarlaryna eksport edilýär.Şeýle-de kükürt kislotasy we fosfor dökünleri ýaly oba hojalygy üçin zerur bolan himiýa önümleriniň önümçiligi ösdürilýär.
Gurluşyk Senagaty we Gurluşyk Materiallary:
Ýurtda giň gerimde dowam edýän gurluşyk işleri sebäpli bu pudagyň ähmiýeti artýar.
Sement zawodlarynyň kuwwatlyklary yzygiderli artdyrylýar.
”Türkmen aýna önümleri” kombinaty ýaly iri kärhanalar döwrebap aýna we aýna süýümi önümlerini öndürýär. Türkmenistan pagta öndüriji ýurt bolany üçin, dokma senagaty hem strategik ähmiýete eýedir.Häzirki wagtda diňe çig mal eksport etmekden daşlaşylyp, ýokary hilli ýüplük, dürli görnüşli matalar (panbarhat, nah matalar) we taýýar egin-eşikler öndürilýär.Dokma önümleri içerki bazary üpjün etmek bilen bir hatarda, daşary ýurtlara-da eksport edilýär.
Ilaty öz önümleri bilen üpjün etmek we daşardan getirilýän harytlaryň ornuny tutmak esasy maksatdyr.”Buýan” oba senagat toplumy ýaly kärhanalarda tebigy çig mallardan (buýan köki) dermanlyk serbetler we melhemlik çaýlar öndürilýär.Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň köpüsini ýerli çig maldan özümizde öndürmek.Halkara ülňülere laýyk gelýän harytlary öndürip, dünýä bazarlaryna çykarmak.
Senagat kärhanalarynda zyňyndy galyndylary, hapalanan suwlary arassalamak we gaýtadan ulanmak boýunça ylmy-tehniki çözgütleri ornaşdyrmak.
Netijede, Türkmenistanyň senagat pudagy durnukly ösüş ýoluna düşüp, diňe bir ykdysadyýetiň bäsleşige ukyplylygyny däl, eýsem, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga hem ýardam edýär.
Muhammedowa Nurjemal
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 101-nji toparynyň talyby

RU












