Türkmen halky diňe bir gadymy döwürlerde we orta asyrlarda däl, eýsem dagynyk ýaşan döwürlerinde-de öz durmuşlaryny netijeli gurmagy başarypdyr. Ilatyň ýaryndan gowragy oturymly, galany bolsa çarwa bolanlar. Ykdysadyýetiň esasy ugurlary bolup ekerançylyk we maldarçylyk çykyş edipdir. Çomur (oturymly) ilat ekerançylyk we çarwa (maldar) ilat maldarçylyk bilen meşgul bolupdyrlar. Bu ýagdaý ýurtdaky türkmen taýpalarynyň ählisine häsiýetli bolan.

Çomrularyň oba hojalyk durmuşy iki ýagdaý bilen baglydyr. Birinjisi, ekerançylygyň ygal ýagdaýy bilen baglylygy. Eger ýyl ygally gelse, olar bugdaýyň we arpanyň bol hasylyny alypdyrlar. Eger ýyl gurak gelse, olaryň alýan hasyly az bolupdyr. Çomur hojalyklarynyň ikinjisine derýalaryň ýakasyndaky ýerler degişlidir.Bu ýerlerde ekerançylyk derýalaryň suwuna we suwaryş ulgamlarynyň ýagdaýlaryna baglydyr. Biziň pederlerimiz Amyderýa, Tejen, Murgap, Etrek derýalarynyň ýakalarynda, şeýle hem Köpetdagyň gündogar etegindäki köpsanly çeşmeleriň ugurlarynda mekan tutupdyrlar.

Türkmenleriň durmuşynda maldarçylyk hem uly orun tutupdyr. Olar öz sürülerini ýaz, tomus we güýz aýlarynda otluk örülerde, ýazlaglarda bakypdyrlar lar gylýal, iri şahly mal, dowar we düýe bakypdyrlar, özi hem köp görnüşli mal önümlerini köp mukdarda öndüripdirler. .

Hazar deňziniň kenarynda ýaşaýan türkmenler balykçylyk bilen meşgul bTürkmenler oba hojalyk we maldarçylyk önümlerinden hem-de balykçylykdan başga-da senetçiligiň dürli görnüşleri bilen meşgul bolupdyrlar. Öý hojalyk işlerinde ulanmak üçin gerek zatlaryň hemmesini diýen ýaly olaryň özleri öndüripdirler.

Türkmenleriň iň köp öndürýän önümleri ýaşalýan öý bolupdyr. Şonuň ýaly-da olar haly, palas, horjun, torba, çuwal dokapdyrlar, at esbaplaryny, eýer, gaňňa, howut, juwaz, meşik ýaşapdyrlar, eşik, ýorgan-düşek tikipdirler. Olaryň daşary çykaryp alyş-çalyş edýän harytlary: at keçesi, ýona, halylar, agyr çäkmenlik (köşek ýüňünden örän ýuka dokalan mata), goýun ýüňünden we geçi sütüginden örülýän eşikler, dolaklar, gülli joraplar, at esbaplary, ajaýyp haly horjunlary, eýlenen garaköli baganalary, eýlenen tilki derileri we beýlekilerdir.

Biziň ata-babalarymyzyň önümçiligiň ähli ugurlarynda diýseň ussatlylyk, nepislilik tejribesi bolupdyr. Şeýle häsiýetleri özünde taplap bilen halk, görşümiz ýaly, öz çylşyrymly, gala-gopgunly, dagynyk ýaşan ýyllarynda hem döredijilige, ýaşaýşa ukybyny saklap bilipdir. Bu ukybyň şol döwürde gazanylyşy ozalky orta asyrlardan tapawutlanýar. Biziň halkymyzyň ekerançylyk we maldarçylyk hojalygyny ýöretmek tejribesiniň köp ugurlaryna tebigy rasionallyk häsiýetli bolan. Onuň düýp çeşmesi halkymyzyň öz toplan önümçilik we durmuş tejribesine aýawly garanlygy bilen bagly. Bu hem milli aňyň özboluşlylygy bilen kesgitlenilýär. Bu döwürde biziň milli aňymyzyň döredijilik ukyplary köp derejede önümçilik bilen baglydyr.

Maksatow Aýbek

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 102-nji toparynyň talyby