Germaniýanyň günorta-günbatarynda, Şwabiýa Ýura daglarynyň üstündäki 855\ m belentlikde buýsanç bilen ýerleşýän Hohenzollern köşgi (Burg Hohenzollern), diňe bir ajaýyp bina däl-de, eýsem, Prussiýa Korollaryny we Germaniýa Imperatorlaryny çykaran Hohenzollern Dinastiýasynyň esasy köki we simwoly bolup durýar.Bu köşk “üçünji we iň owadany” diýlip atlandyrylýar.
Hohenzollern köşgüniň taryhy takmynan 1000 ýyllykdyr, emma bu köşk hakykatda bu dagyň üstünde gurlan üçünji we iň soňky binadyr:
Birinji Köşk (XI asyr): Ilkinji gurluşyň döreýiş senesi anyk däl, ýöne ol Şwabiýa Köşkleriniň täji diýlip atlandyrylypdyr. Ol 1423-nji ýyldaky on aýlyk gabawdan soň doly ýumrulýar.
Ikinji Köşk (XV asyr): Gabawdan 31 ýyl soň, has uly we berk gurluş galdyrylypdyr. Ol Otuz ýyllyk urşuň dowamynda esasy harby nokat bolup hyzmat edipdir, ýöne soňra öz ähmiýetini ýitirip, 18-nji asyryň ahyrynda harabaçylyga öwrülipdir.
Üçünji Köşk (Häzirki): Häzirki görüp biljek täsin gurluş 1850–1867-nji ýyllar aralygynda Prussiýanyň Koroly Fridrih Wilgelm IV-iň görkezmesi boýunça neo-Gotik stilinde gurlupdyr.
Häzirki köşgüň gurluşygy, taryhy zerurlykdan däl-de, Korol Fridrih Wilgelm IV-iň öz maşgalasynyň gadymy köklerine bolan romantik söýgüsiniň netijesidir. Köşk ýaşaýyş jaýy hökmünde däl-de, Hohenzollern Dinastiýasynyň taryhy ýadygärligi we sungat obýekti hökmünde niýetlenipdi.Onuň şeýle bir täsirli we ertekilerdäki ýaly bolmagy, Fridrih Wilgelm IV-iň orta asyrlara bolan höwesiniň aýdyň beýanydyr.
Hohenzollern köşgüniň içindäki Hazyna Otagynda Hohenzollern maşgalasynyň taryhyna degişli gymmatly kolleksiýalar saklanýar:
Fridrih Ulyň Forma Eşigi: Prussiýanyň iň meşhur hökümdarlarynyň biri bolan Fridrih Ulyň (Friedrich der Große) adaty harby formasy.
Prussiýanyň Täji: Bu, Germaniýa imperatory we Prussiýanyň koroly tarapyndan ulanylan ajaýyp taryhy tacyň nusgasydyr.
Köşgüň daşky dizaýny romantik bolsa-da, onuň gurluşynda harby arhitekturanyň iň gowy taraplary ulanyldy. Köşgüň esasy girelgesine eltýän burum-burum, spiral görnüşli daş ýol, harby taýdan ýörite dizaýn edilip, duşmanyň galkynmasyny kynlaşdyrmak üçin niýetlenipdir.Dünýäniň köp köşkleri döwlet eýeçiligine geçende, Hohenzollern köşgi henizem Hohenzollern maşgalasynyň iki şahasyna degişli şahsy eýeçilikdir (Brandenburg-Prussiýa şahasy we Şwabiýa şahasy). Bu, onuň taryhy dowamlylygyny görkezýär.Hohenzollern köşgi diňe bir Germaniýanyň iň owadan däl, eýsem, iň köp zyýarat edilýän köşkleriniň biridir. Ol dik dagyň üstünde ýerleşişi bilen myhmanlaryň göz öňünde romantik we dramatik bir duýgy döredýär.
Oralowa Gözel
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 103-nji toparynyň talyby

RU












