Türkmeniň amaly-haşam sungaty halkyň milli çeperçilik döredijiliginiň güýjüni we ruhy baýlygyny görkezýär hem-de halky köpçülikleýin işläp bilýän suratkeş hökmünde öňe çykarýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amaly-haşam sungaty jemgyýetde çeperçilik garaýyşlaryň dowam etmegine we halkyň gözellige bolan söýgüsini ösdürmäge uly mümkinçilik berýär.Dürli dini garaýyşlar hem özüniň nyşanlyk mazmunlary bilen baglanyşykly zatlaryň sungata geçmegine ýardam edýär. Ilkidurmuş jemgyýetinde ilkinji demirçi ussalar we surat çekip bilen adamlar jadygöý hasaplanypdyr. Islendik ussanyň – suratkeşiň we beýlekileriň, ilki bilen, hünärmen bolmagy zerurdyr. Öz döreden eserlerine gol çekmek däbi irki orta asyrlar döwrüniň jemgyýetinde dörän däpdir.
Bezegçilik sungatynyň nagyş baýlygy geometrik çyzuw görnüşleri, ösümlik (flora), haýwanat (fauna) dünýäsini, adam bedeniniň agzalaryny, daş-töwerekdäki zatlaryň sudurlarynyň mazmunlaryny ýa-da olaryň böleklerini ulanýar. Suratkeş saýlan mazmunly şekilleriniň çyzykly nagyşlaryny bellibir bezegçilik ulgamyna laýyklykda alýar we bezeg üçin niýetlenen giňişlikde olaryň berýän täsirine görä paýlaýar hem-de ýerleşdirýärBezeg sungatynda gündelik durmuş bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan aýry-aýry zatlaryň we binagärlik bezegini döretmekde dürli usullaryň görnüşleri ulanylýar. Bezeg sungatynyň esasy wezipesi aýratyn bir giňişligi peýdaly we owadan zatlardan düzmekdir. Bu gözellik we owadanlyk alamatlary aýap saklamak möhümdir. Bezegiň düzüminde tugralary öwrenýän taryhy ylmyň (geraldikanyň) we nyşanlyk manysyna eýe bolan bölekleriň bolmagy mümkindir. Bezeg sungatynyň önümleri şa köşkleriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň bezegidir. Olar dabaraly baýramçylyklara niýetlenilen we gündelik durmuşda ulanylýan önümlerdir. Halklaryň bir ýerden başga bir ýere göçüp gitmek zerurlygy, olaryň syýasy aragatnaşyklary, ykdysady öňegidişlikler tutuş bir taryh bolup, ol hereketler edebiýat we sungat eserlerinde aýdyň şöhlelenýär.
Bezeg sungatynyň bir görnüşiniň beýleki görnüşe täsiri bolýar. Bu, ilkinji nobatda, binagärlik, zergärçilik, dokmaçylyk, kitap miniatýura sungat eserlerine degişlidir. Bezeg eserleriniň gymmaty olaryň gözelliginiň we görnüşiniň bitewüliginde jemlenýär. Halk sungaty ýa-da türkmenleriň amaly-haşam sungaty täsin we özboluşlydyr. Asyrlaryň dowamynda bu ajaýyp sungatyň döremegine hem–de kemala gelmegine taryhy, durmuş we ykdysady şertler, göçme we oturymly ýaşaýyş şertleri täsir edipdir. Türkmenleriň dürli ýaşaýyş medeniýetine mahsus bolan amaly sungatyň önümlerinde, ylaýta-da, egin-eşiklerde we olaryň bejergi bezeginde, şaý-seplerde, haly dokmaçylygynda, keramikada ýüze çykýan özboluşlylyklar türkmen amaly-haşam sungatynyň öz köküni irki döwürlerden alyp gaýdýandygyny görkezýär. Şonuň üçin hem bu sungaty öwrenmek uly ähmiýetlidir. Türkmenleriň halylary we milli nagyş-gölleri bütin dünýäde meşhurlyk gazandy, çünki olar reňkleriniň, köpdürli nagyşlarynyň sazlaşygy we baýlygy boýunça beýik çeperçilik ussatlygy görkezýärler.
Hanowa Altyn
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 104-nji toparynyň talyby

RU












