Orta Aziýanyň çäginde dokalan matalaryň we haly bölekleriniň bu ýerden hiç biriniň hem tapylmandygy geň zatdyr. Orta asyr arap taryhçysy Harşahi Sogdyn «zandaneçi» atly ýüpek matalaryň Ýewropa we Aziýa ýurtlaryna getirilip (import edilip), olaryň wajyp söwda birligi bolandygy barada belleýär.
Gündogar dokma önümleriniň köpsanly Kawkaz arheologiýa tapyndylary irki orta asyrlara degişli bolup, olar özboluşly tehniki alamatlary özünde jemleýärler.Olaryň iň ähimiýetlileri aşakdakylar: dokmsapagynyň bolmagydyr we hiç wagt durkuny ýitirmeýän syklygydyr. Ýüpek matalaryň hem dokalyş usullarynyň talaplary haly dokmaçylygynyň talabyna ýakyndyr. Haly we ýüpek mata dokmaçylygynda dokmanyň syklygy gazanylýar.Bu bolsa, diňe bir erşiň we argajyň gürlügini däl-de, eýsem ýüpüň ýogyn-inçeligini hem öz içine alýar. Irki orta asyrlarda Türkmenistanyň çäklerindäki dokmaçylyk iki pudaga bölünipdir. Olar «halk dokmaçylygy» we «şäher (döwlet) dokmaçylygy» diýlip atlandyrylypdyr. Merw, Sarahs, Bawert (Abiwerd), Köneürgenç, Nusaý we beýleki şäherlerde dokalan matalar şäher dokmaçylygynyň önümleri hasaplanypdyVI-XVI asyrlarda Ýewropa ýurtlaryny we Hytaýy birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň ugry Türkmenistanyň çäklerinde Köneürgenç, Merw, Nusaý, Änew, Abiwerd şäherlerinden geçipdir. Beýik Ýüpek ýoly arkaly ýüpek matalary Ýewropa ýurtlaryna, Müsüre satylypdyr. Beýik Ýüpek ýolunyň ýedi sany esasy ugrundan ХV asyra çenli üç sany ugry galýar. Dokalan matalar «muslyn», «kundajy», «tirazy» diýlip atlandyrylypdyr. Bu matalaryň atlary arap ýurtlarynda duş gelip, olaryň hemmesi Marydan Müsüre getirilýän matalar bolupdyr. Matalar diňe bir reňkli bolman, eýsem olaryň ýüzlerini nagyşlar we ýazgylar, ak, gök reňkli zolaklar bezäpdir. Matalaryň düşegi birsyhly gyzyl reňk öwüşginli hem bolupdyr. Demirgazyk Türkmenistanda «mulham» ýüpek matalaryny öndüripdirler.
Günbatar Türkmenistanda, Sarahs şäherinde sary reňkli matalar dokalypdyr.Orta asyr matalary «žakkard» usulynda ýerine ýetirilýär. Matanyň düşeginiň üstüni güberçek şekilli nagyşlar bezeýär. Türkmeniň milli matalary şol bir wagtda halkyň gözellik talaplaryny berjaý edip, onuň dünýägaraýşynyň şöhlelenmesi bolup durýar. Türkmenleriň geýim tikilýän milli matalary milletiň daşky görnüşi, tebigatyň reňki we tomsuň yssy howasy bilen hem baglydyr.Şeýlelikde, türkmen milli mata dokmaçylygy jemgyýetiň ýaşaýyş-durmuşynyň dürli taraplaryny açmaga mümkinçilik berýän senetçilikdir. Hatda söweş günlerinde hem ýigitler mele reňkli çäkmeni we silkme telpekleri geýmegi saýlapdyrlar.
Türkmen jemgyýetinde keteni, begres, daraýy, gyrmyzy donluk, çäkmenlik matalaryň dokalmagy beýik kämil derejä ýetipdir. XX-XXI asyryň ösen dokma senagaty hem geçmişdäki milli geýimleriň ýerligine meňzeş matalary öndürmegi dowam edýär.
Saporow Begenç
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 104-nji toparynyň talyby

RU












