Ýüpegiň taryhy Hytaýdan başlanýar. Onuň ady hem biziň aňymyza Hytaýyň ady bilen ornaşypdyr, ýöne şeýle pursada üns bereliň. Awstriýaly Rebel 1927-nji ýylda ýüpegiň taryhy Hindistanda başlandy diýen pikirini jemläp, tassyklama hökmünde çap etdi, ýöne Hindistanda ýabany (düme) ýüpek biziň eýýamymyzdan öň bolan. Ýabany ýüpek düýpgöter başga zat – ol öndürilýän ýüpek. Ýabany ýüpegi (oňa «tussak», «tusser», «tusor», «muga» ýa-da «ýeri» hem diýilýär) Hindistanda ýygnamak gerekli, möhüm iş bolupdyr.

Maglumatlara görä, Assamanyň, Wiharanyň, Madiýa Pradeşiň we Orissiniň tokaýlarynda adamlar kebelegiň 6-dan hem köpräk görnüşinden pile ýygnapdyrlar.Olaryň berýän reňk öwüşginleri ak reňkden (Assat) tä sary we goňur reňke çenli öwüşginli reňkler bolupdyr. Kebelekleriň iň giňden ýaýran görnüşi ýalpyldawuk sary ýüpek berýän antheralardyr. Ýüpegiň bu görnüşi Gündogar Hindistanda köp asyrlaryň dowamynda bejergi etmek üçin ulanylypdyr. Biziň eýýamymyzyň II asyryna degişli Gadymy Palmira şäherinden hindi kebeleginiň bir görnüşi bolan tussakdan alnan ýüpek matanyň bölekleri tapyldyKülter-külter ýollar öz adyny gadymy we orta asyrlar jemgyýetiniň ýokarky gatlaklaryna örän belli bolan harytdan – ýüpekden alýardylar. Ol uly ýollara alyp gitmäge örän amatly bolan, özem öýme ýaly ýeňiljek, berk we mymyjak mata. Onuň Watany bolan Hytaýda, Han döwründe (miladydan öňki III asyr – miladynynyň III asyry) bu üýtgeşik mata goňşy döwletlerde gymmat saýylýardy. Biziň eýýamymyzyň I asyrynda ýüpek mata söwdasy üçin ýörite bazarlar bolupdyr. Gadymy dünýä zamanasynda we orta asyrlarda ýüpek mata daşary ýurt hökümdarlary üçin gymmatly sowgat bolup hyzmat edipdir. Onuň ýaly sowgatlar örän köp bolupdyr.Irki orta asyrlar döwri tut ýüpek gurçugynyň (grenanyň) medeni taryhynyň Ýewropa ýurtlaryna aralaşmagy bilen baglydyr. Bu taryh Eýranyň üstünden guryýer arkaly geçýän ýol bilen gös-göni bagly bolupdyr. Ähtimal, imperator Ýustinian hem ýüpek gurçuklary, olaryň tut ýapraklary bilen iýmitlenýänligi we ýüpek çig malyny öndürýändigi hakynda şu ýol bilen gatnaýan iki hristian monahdan eşidendir.

VI asyryň ikinji ýarymynda Prokopiý Kesariskiý öz ylmy işi bolan «Ýustinianyň parslar, wandallar we gotlar bilen söweşleriniň taryhy» atly kitabynda şol  monahlaryň köp wagtlaryny hindi taýpalarynyň ýaşaýan ýeriniň demirgazygynda ýerleşýän Serindeý diýlip atlandyrylýan ýurtda ýaşap geçendikleri hakynda hem–de olaryň şol ýerde rimliler ne öz duşmanlary bolup duran parslardan, ne-de haýsydyr bir başga halkdan ýüpek satyn almaz ýaly, wizantiýalylaryň topragynda ýüpegi öndürmegiň çylşyrymly ugurlaryny öwrenipdirler diýip ýazýar.

Seýitgulyýewa Maýa

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 104-nji toparynyň talyby