Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy, diňe bir daşary syýasatda däl, eýsem, ýurduň içerki we döwlet gurluşyndaky esasy ýörelgeleri kesgitlemekde-de möhüm orun tutýar. Bu içerki ýörelgeler Bitaraplygyň parahatçylyk we durnuklylyk ideýalaryny dowam etdirýär.
Türkmenistanyň döwlet gurluşy Bitaraplyk filosofiýasy bilen berk baglanyşykly bolup, bu ýörelgeler Konstitusiýadan başlap, kanunçylyk we ykdysadyýet ýaly ähli ulgamlarda öz beýanyny tapýar.Bitaraplygyň içerki ýörelgeleri Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilendir. Konstitusiýa ýurduň hemişelik Bitaraplyk statusyny we onuň parahatçylyk söýüjilik syýasatyny kanun taýdan beýan edýär.
Konstitusion derejede Türkmenistan “Bitaraplyk, parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak” ýörelgelerine ygrarlylygyny yglan edýär. Bu, döwletiň ähli edaralarynyň we raýatlarynyň içerki hem-de daşarky hereketlerinde esasy ugur bolup hyzmat edýär.Bitaraplyk statusy Türkmenistanyň harby doktrinasynyň hem diňe goranyş häsiýetli bolmagyny üpjün edýär.
Ýurduň harby syýasaty diňe goranyş maksatlaryna gönükdirilendir. Türkmenistan başga döwletlere hüjüm etmek ýa-da ýaragly çaknyşyklara gatnaşmak ýörelgesini kabul etmeýär. Döwlet gurluşy boýunça ýurt BMG tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk statusyna laýyklykda, islendik harby-syýasy bloklara we bileleşiklere goşulmakdan doly saklanýar.Bitaraplyk içerki ykdysady syýasatyň açyklygyny we durnuklylygyny hem şertlendirýär.
Bitaraplyk ýurtda ýokary howpsuzlygy we syýasy durnuklylygy üpjün edýär, bu bolsa daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin amatly şert döredýär. Döwlet ykdysadyýeti diňe içerki sarp edijilikden başga, sebit we halkara söwda gatnaşyklaryna işjeň gatnaşmaga (Energiýa we ulag ugurlarynda) gönükdirilendir.Bitaraplygyň içerki syýasaty, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, ynsanperwerlik we adalatlylyk ýörelgelerine esaslanýan sosial durnuklylygy saklamaga gönükdirilendir.Bitaraplyk, döwlet gurluşynyň aýrylmaz bölegi hökmünde, medeni we ynsanperwer ulgamda-da öz beýanyny tapýar.
Türkmenistan içeri we daşary ýurtlardaky medeni alyş-çalyşlary, ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy goldaýar. Bitaraplyk medeni diplomatiýanyň esasy ugry bolup durÿar. Bitaraplygyň esasy ruhy – bu her bir raýata, milletine we dinine garamazdan hormat goýmakdyr. Bu, ýurduň içerki milli agzybirligini we tolerantlygyny (dözümliligini) saklamagyň esasy şertidir.
Türkmenistanyň kanunçylyk ulgamy halkara hukugyň esasy kadalaryna, şol sanda BMG-niň Konwensiýalaryna we Kararlaryna ygrarlylygyny saklaýar. Bu ýörelge döwlet gurluşynda kanunyň hökmürowanlygyny we halkara hukugyň kadalarynyň berjaý edilmegini üpjün edýär.
Netijede, Bitaraplyk statusy Türkmenistan üçin diňe bir “daşary syýasat meýdany” däl, eýsem, ýurduň içinden döräp, daşyna ýaýraýan parahatçylyk we ynanyşmak filosofiýasydyr. Bu filosofiýa döwlet gurluşynyň her bir basgançagynda raýatlara, halkara hyzmatdaşlara we dünýä jemgyýetçiligine açyklygy, durnuklylygy we parahatçylygy wada berýär.
Mätiýewa Aýlar
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 108-nji toparynyň talyby

RU












